Ertir 1-nji mart. Garaşsyz Watanymyza, Bitaraplygyň mekany Türkmenistana bahar gelýär. Bijanlara jan berýän, ýyly demi, gudratly mähri bilen kalbyňy ýyladýan, ruhuňy belende göterýän, dünýäni özgerdýän bahar paslyna biziň garaýşymyz, biziň gatnaşygymyz bütinleý başgaça. Baharyň ilkinji gününde biziň ýadymyzy täzeläp, guwanjymyzy, buýsanjymyzy belende göterip, türkmen edebiýatynda şygryýet älemini özgerden şahyrymyz Gurbannazar Ezizow kalplara dolýar. Şonuň üçinem bahar Gurbannazar şahyry getirýärmi, Gurbannazar şahyr bahary getirýärmi, anyk kesgitlemek kyn. Çünki olar göbek bagy bilen aýrylmaz baglanyşykly.
BAGLARYM
Üç ýyl ozal bahar çagy,
Ekipdim men dürli bagy.
Bu ýaz , ine, hemmejesi,
Alma, erik hem üljesi,
Akja güllerin açdylar,
Yslaryn her ýan saçdylar.
1956 ý.
ÝAZ ÝAGŞY
Baharyň ýagyşy ýaganda şarlap,
Suwlar ýuwaş şildireşdi go:llarda.
Gün şöhlesi birden çykanda parlap,
Suw damjasy bulduraşdy güllerde.
1956 ý.
Gurbannazar şahyryň ilkinji şygyr synanyşyklarynyň bahar pasly bilen baglanyşykly bolmagy tebigy zat. Çünki ol baharyň perzendi.
Şahyryň gündelik ýazgylaryndaky şu sözler ünsüňi özüne çekýär:
11/6 — 1958
Men düýş gördüm. Düýşümde poeziýa bagynyň içinde aýlanyp ýörkäm, maňa Bagban duşdy we ol mähir bilen döşüme poeziýa gülüni dakdy we meni ýola salyp goýberdi. Şu setirleri okanyňyzda Magtymguly Pyragynyň:
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: «Turgul!» diýdiler
— diýen sözleri ýadyňyza düşendir. Munuň özi iki beýik şahyryň hem döredijiliginiň ylahy gözbaşyny subut edýän hakykatdyr.
Ýazgymyzyň başynda «türkmen edebiýatynda şygryýet älemini özgerden şahyrymyz Gurbannazar Ezizow» diýen kesgitlemäni ulanypdym. Munuň özüne ýetesi esaslary bar.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda özlerini türkmen edebiýatynda edebi nesil hökmünde ykrar etdirmegi başaran Gurbannazar Ezizow hem onuň galamdaşlary edebiýata täzeçe pikir ýöretmek, üýtgeşik beýan etmek, başgaça şygyr görnüşleri hem mazmun agtaryşlary bilen tapawutlandylar.
Şeýlelikde, Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Italmaz Nuryýew rus hem dünýä edebiýatynyň gazananlaryndan peýdalanmaga ilkinji synanyşyklary etdiler. Bu baýlyga tarap gapyny ilkinji açanlar şolar boldy.
Zandyny ene hüwdüsinden alyp gaýdýan, duýgy beýany, öwüt-ündew mazmuny agdyklyk edýän Gündogar edebiýatynyň bir bölegi bolan türkmen şygryýetindäki bu özgerişlikler edebiýatçylar, edebi tankytçylar tarapyndan bada kabul hem edilmedi. Şeýle-de bolsa pikiriň çuňlugyna, giňligine, belentligine esaslanýan, dürli, şol sanda erkin edebi tärleri hem usullary ulanmakdan çekinmeýän rus hem dünýä edebiýatynyň täsiri janly beden bolan türkmen şygryýetine öz täsirini ýetirip başlady.
Elbetde, Gurbannazar hem onuň galamdaşlary ilkinji gözlegler, säwlikler hem garşylyklar netijesinde bu täze döredijilik ýolunda arzuw eden belentliklerine ýetip bilmediler. Emma olaryň äden ilkinji ädimleri hem taryhy açyş, türkmen edebiýatynyň ösüş ýolundaky özgerişlik hökmünde düýpli öwrenilmäge hem ýokary baha berilmegine mynasypdyr.
Açylan täze gapydan içeri girmek, şygryýet meýdanynda täze çygyr açmak, şygryýetde pikir ýöredilişini, çeperçilik beýanyny, goşgy formalaryndaky täzeligi ulanmak we ösdürmek biziň edebi neslimize nesip etdi. Olaryň geçen asyrdaky döredijiligini şol mahaldaky doganlyk halklaryň edebiýatynyň wekilleriniňki bilen deňeşdireniňde, biziň ildeşlerimiziň ýokary derejeleri eýeleýändigini döwür görkezipdi. Şonuň üçinem olaryň kitaplary dürli dillerde çap edildi, özleri ençeme halkara baýraklaryna mynasyp boldular.
Bu üstünlikde Gurbannazar halypanyň hem onuň galamdaşlarynyň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Gurbannazar şahyr ajaýyp poeziýasy bilen öz deň-duşlaryna, aýratynam, ýaşlara görelde bolup, şygyr sungatynda belentlikde çäk döretdi. Göze görünmeýän bu ölçeg agajyndan pesde bolmazlyk üçin nähili yhlas edilendigine özümiz şaýat.
Gurbannazar Ezizowyň türkmen edebiýatynyň geljegi, şahyrlaryň ýaş nesliniň kemala gelmegi üçin eden tagallasy aýratyn alkyşa mynasyp. Onuň öz deň-duşlarynyň döredijiligi, ondaky oňyn, goldanylmaly taraplar bilen birlikde, säwlikleriň hem kemçilikleriň barlygy baradaky makalalary biziň deň-duşlarymyz tarapyndan okuw kitaby ýaly kabul edilerdi.
Şahyryň dörediji ýaşlaryň eserlerini seljerip ýazýan makalalary, edýän çykyşlary biziň kämilleşmegimizde aýratyn ähmiýetli boldy. Gurbannazar şahyr bilen aramyzda 5-6 ýyl ýaş tapawudymyz bar hem bolsa, ol mydama biziň bilen özüni deň-duş, edil öz birimiz ýaly alyp barardy. Men onuň kimdir biriniň döredijiligi barada ýeňsesinden gürrüň edenine gabat gelmedim. Asyl, ol elmydama diňe gowy zatlary görmäge ymtylýardy. Biriniň üstünligine onuň özünden beter begenip bilýärdi. Okumyşlygy, köp bilýänligi bilen bolsa, ol biziň hemmämize göreldedi.
Geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda başlangyç, ýaş şahyrlara Gurbannazar Ezizowdan ýakyn döredijilik adamy ýokdy diýsem ýalňyş bolmazmyka diýýärin. Özem bu ýakynlyk, göz-görtele, göze dürtülip duran hadysa däldi. Umuman, Gurbannazaryň durmuşda, aýratynam, edebiýatda özüni alyp barşy sadadan salykatly, ýokary medeniýetlidi. Dykgaty çekmek üçin hars urup ýa-da saga-sola çabsap ýören däldi. Ol poeziýa kölüniň ýüzünde pažžyldap, şapyr-şupur edip ýören däl-de, kölüň düýbüne çümüp, suwuň durusyny içýän şahyrdy.
Gurbannazar şahyr ýaşlaryň döredijiligini siňňin synlap, seljerip, öz pikirlerini makalalarda yzygiderli beýan eden halypa. Onuň aýdan sözleri, eden bellikleri biziň üçin ýol görkeziji ýyldyz ýalydy.
Gurbannazar Ezizow:
«Şu makalany /«Umydymyz» atly makala/ ýazmaga het edenimiň ilkinji sebäbi — men bu ýaş nesle epesli derejede belet. Olaryň birnäçesi meniň dostlarym, galan birnäçesi ýakyn aragatnaşykdaky adamlarym. Şonuň üçinem aşakda etjek belliklerime-de, öwgüli sözlerime-de, olar diňe akylly-paýhasly çemeleşerler diýip umyt edýän.
Şeýlelik bilen, aşakda gürrüňi ediljek şahyrlar (ine, olaryň sanawy: Ahmet Gurbannepesow, Atamyrat Atabaýew, Orazmyrat Gurdow, Orazguly Annaýew, Atajan Annaberdiýew, Bibi Orazdurdyýewa, Gözel Şagulyýewa, Amandurdy Annadurdyýew, Kakabaý Gurbanmyradow) biziň poeziýamyza näme alyp geldiler? Dogrusyndan gelsek, edil şu gün bu soraga položitel jogap bermekden men-ä saklanýan. Bilemok nämedendigini, ýöne bu ýaş şahyrlar şindi özlerinde gizlenip ýatan potensial mümkinçilikleri dolulygynda açyp bilenoklar. Biziň poeziýamyzyň «ahilles dabany» bolan guraksylyk, beýan etmeklik, kähalatda bolsa şahyranalyga, sadalyga aşa kowalaşyp, albom sahypalaryndan çykmazlyk bu şahyrlaryňam ep-eslisine mahsus».
Her gezek şu makalany täzeden okanymda halypanyň nähili näzik, niçiksi mähirli, çakdanaşa dözümsiz ýüregi gursagynda göterenligine haýran galýaryn. Sebäbi makalanyň başynda döredijiligimize tankydy nazar saljakdygyny, berk bellikler etjekdigini ol ýatladýan ýaly. Makalanyň süňňünde bolsa ol diňe gowy zatlarymyzy görüp, umydynyň juda belentdigini beýan edýär.
Şahyr Annaberdi Agabaýewiň «Ezizowyň emri bilen» atly kitabyny öwran-öwran okanymda hem hemişe minnetdarlyk duýgularyny başdan geçirýärin.
«...Dynç günleriniň birinde köne jygyldykdaky kioskdan bir petde gazet äkelip, Eziz aganyň dalbarynda okap otyrdyk. Gurbannazar elindäki «Ýaş kommunisti» bir ýana atdy-da:
— Häzir ýaş şahyrlaryň içinden şeýle bir «üçlük» gelýär... hatda «dörtlük»... Geljekde görersiň, hersiniň öz orny bolar.
— Kimler-aýt olar?
— Okap ýören adamlaň. Olar hökman öz goşandyny getir.
— Atlaryny aýdyp bolmaýarmy?
— Atabaýew Atamyrat, Annaýew Orazguly, Gurbanmyradow Kakabaý... Rejebow Nobatguly. Men Kerime-de aýtdym şu pikirimi».
Elbetde, men bu hakykaty soň-soňlar, ady agzalan kitap çap bolandan soň öwrendim. Ýöne döredijiligimiziň ilkinji ädimlerinde halypanyň bildiren ynamy bize güýç-gaýrat beripdir, belentliklere dyrmaşmagymyza ýardam edipdir. Eýsem, bu bagtlylykdan alamat dälmi?!
Gurbannazar Ezizow bilen bolan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, iş maslahatlary barada bir-ä däl, birnäçe gazet makalasynda-da doly gürrüň etmek mümkin däl. Şonuň üçin käbir wakalary ýatlamak bilen çäklenäýeliň.
1971-nji ýylda Ýazyjylar birleşiginiň şygryýet bölüminde şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýolbaşçylygynda «Synag» atly kitabymyň golýazmasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halypanyň hem maslahata gatnaşan beýleki ýazyjylaryň ak patasy bilen bu golýazma 1978-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan çap edildi.
Gurbannazar esli wagt görüşmeseň özüni küýsedýän şahsyýetdi. Bir-iki hepde görünmänden soň şahyryň Ýazyjylaryň Pöwrizedäki döredijilik öýündedigini eşitdik. Atamyrat Atabaýew, Amannazar Aşyrow üçimiz ýanymyza azyk-owkat alyp, Pöwrizä tarap ýola düşdük.
Duşuşyga juda begenenligi halypanyň ýüz-gözünden, hereketlerinden duýlup durdy. Oturdyk, söhbet etdik. Şahyr «Görogly» operasynyň librettosynyň üstünde işleýär eken. Ol işiň agyr ilerleýändiginden, žanryň özi üçin ýatlygyndan zeýrenjek ýaly etdi. Bu iş, dogrudanam, tamamlanman galdy.
Gurbannazar şahyryň bagtly pursatlary başdan geçiren gezekleriniň biri bilen ýazgymy jemlemek isleýärin.
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň merkezi edarasynda işleýän döwürlerim Gurbannazar Ezizowa Ýaşlar baýragy berildi. Öňler baýrak alanlar guramanyň binasyna çagyrylyp, olara şahadatnama, nyşan hem pul baýragy gowşurylaýýar eken. Bu gezekki çäräniň has dabaraly, has ýatda galar ýaly bolmagyny isledim.
Sylag gowşurylyş dabarasyny şol döwürdäki Mollanepes adyndaky drama teatrynda geçirmegi, ýaşlara baýraklaryny meşhur dörediji adamlaryň gowşurmagyny göz öňünde tutduk.
Men Gurbannazara baýragy Berdi Kerbabaýewiň gowşurmagyny isledim. Ýaşuly ýarawsyzrak eken. Şeýle-de bolsa onuň öýüne jaň edip hal-ahwalyny soradym, bir çäre geçirýändigimizi habar berip, oňa gatnaşyp biljegi-bilmejegi bilen gyzyklandym. Ol lukmanlaryň özüne öýden çykmazlygyny tabşyrandyklaryny aýtdy. Men çäräniň maksadyny, Gurbannazar Ezizowyň adyny aýdanymda gojanyň sesi terlenen ýaly boldy. «Hä, hä... Ajaýyp zat eken! Oňa gatnaşmasam aýyp bolar. Asyl, ol meniň derdime-de derman bolar...» diýdi. Ulagly baryp alyp gaýtjakdygymy aýdanymda, ol muňa zerurlygyň ýokdugyny aýtdy. Aralyk uzak däl, az-owlak gezelenjiňem bähbide boljaklygyny ýaňzydyp ynandyrdy.
Çäräniň başlanmagyna ýarym sagat galanda häzirki Magtymguly, şol wagtky «Azatlyk» şaýoluny kesip, dagyň başy garly gaýasy ýaly bolup, ýöräp gelýän Berdi Myradowiçi gördüm. Ony garşylap, myhmanlaryň oturan ýerine eltdim.
Ýaşlar baýragynyň nyşany hyrly göbeklijedi, ony penjegiň ýakasyndan geçirip, ilik ýalyjak demir bilen towlap berkitmelidi. Nyşan dakylanda kynçylyk ýüze çykmasyn diýip, men Gurbannazaryň penjeginiň ýakasyny gowy edip deşdim. Nyşanyň göbeginiň rahat geçip-geçmeýänliginem synap gördük.
Şeýle-de bolsa Gurbannazar Ezizowyň hem Berdi Kerbabaýewiň atlary yglan edilip, gezek nyşan dakmaga gelende, goja nyşanyň göbegini deşige gabat getirip dakyp bilmedi. Bu ýagdaý uzagraga çekensoň, ylgap sahna çykdym-da ýaşula kömek etdim. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew bilen türkmen edebiýatynyň ýeten belent derejesiniň alamaty Gurbannazar Ezizowyň gol tutuşyp duran pursatlary heniz-henizlerem göz öňümden gidenok. Dabara gatnaşýanlar ör turup, uzak wagtlap çapak çaldylar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň bahary üýtgeşik bolar. Hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallasy, döreden şertleri netijesinde biz belent şahsyýetlerimiziň sarpasyny saklap, mertebesini has-da beýgeldýäris.
Bahar geler — bahar dünýäni özgerder. Bahar geler — bahar Gurbannazarly geler. Bahar geler — dünýä dursa, bahar geler durar.
Baharda gelen Gurbannazar täze baharlary getirer. Täze baharlary getiren Gurbannazar Ezizow biziň ýadymyzy, aňymyzy hemişe täzelär durar. Dünýä dursa, söýgüli şahyrymyz biziň bilen müdimilik galar.
Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
“Nesil” gazeti,
29.02.2020ý.