Türkmen halkynyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berýändigini aňladýan mysallar näçe diýseň bar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda baý maglumatlaryň üsti bilen gürrüň berilýär. Milli Liderimiz halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda terbiýe babatda nusgalyk ýörelgeleri döredendigini ýatlaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu baradaky sargytlaryny ýatlanymda, mamamyň köp gaýtalan sözleri hakydamda janlandy.
Biz çaga döwrümizde mamamlara ýygy-ýygydan giderdik. Şonda mamam: «Boş sallançagy üwreseň, jigiň gulagy agyrar», «Keçä gaçan çörek owuntyklaryny çöplemeseň, ol hem basylaýsa, gözüň kör bolar», «Tötänden bir ýeriňe bir zat degende aglasaň, daýyň başy kel bolar» diýen jümleler arkaly bizi terbiýä gönükdirýärdi. Şonuň ýaly jümlelere bizem ýüregimiz bilen ynanardyk. Kimiň jigisiniň gulagy agyryp, ejir çekerini ýa-da çörek owuntygyny çöplemän gözüni kör edesi gelýändir öýdýäňiz? Hiç kimiň. Çendan gelip: «Ýegen jan, gurgunmy?» diýip, başyňy sypaýan daýyň kellesini öz eliň bilen kel edip bolarmy?! Bularyň göz bilenem, gulak bilenem hiç-hili baglanyşygynyň ýokdugyna, ony diňe biziň çaga beýnimize, gursagymyza guýmak, ýaramaz endikleriň öňüni almak üçin aýdylýan juda ynandyryjy jümlelerdigine kämil çykanymyzda düşünip galdyk.
Şol döwürlerde jigilerimiziň biri aýakgabymyzy ýa-da beýleki eşiklerimizi geýäýse uly dawa başlamagynyň öňüni almak maksady bilen, mamamyz: «Handanlarda ýeke don, haýsy geýse bolar han” diýenem jümle bardyr» diýerdi. Şeý diýmek bilen mamam doganlaryň arasynda dawanyň bolmazlygyny, agzybirligi berkarar edýän eken.
Görnüşi ýaly, biziň mährem enelerimiz, mamalarymyz nesil terbiýesiniň nusgalyk ýoluny döredipdirler. Aýratyn-da, olaryň batyrlyga, agzybirlige, halal zähmete hem-de arassaçylyga çagyryşlarynyň mekdep bolup hyzmat edendigini köp ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň, eden açyşlarynyň köpüsiniň dünýä nusgalyk bolmagynda hem paýhasly pederlerimiziň nesil terbiýesiniň binýadyny halallykdan, arassa zähmetden tutmagynyň netijesi diýip düşünýäris. ХII asyrda gurlan Soltan Sanjaryň aramgähi häzirem seleňläp otyr. Onuň binagäri sarahsly Muhammet Atsyz bu desgany örän täsin inženerçilik-binagärlik çözgüdi esasynda gurupdyr. Ol dünýäde şeýle taslama boýunça gümmezli gurlan ilkinji bina bolupdyr. Italiýadaky şeýle binagärlik çözgüdi bilen gurlan Santa Mrinaden Fýoreniň gümmezli aramgähi şondan üç asyr geçensoň peýda bolupdyr.
Munuň özi ahalteke bedewleri, alabaý itleri babatda hem şeýle. Dünýä belli professor-ippolog W.O.Witt ahalteke bedewleriniň dünýäde ilkinji arassa ganly tohum atlardygyny nygtaýar. Ahalteke bedewleriniň täsiri arkaly atşynaslyk medeniýetiniň kemala gelendigini tekrarlaýar.
Batyrlygy, gaýduwsyzlygy, çydamlylygy hem-de eýesine, onuň emlägine, mal-garasyna juda wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaý itleri hem türkmen halkynyň dünýä beren deňsiz-taýsyz gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, nusgalyk işler döwrebap derejede dowam etdirilýär. Muny biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglyk merkezleriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan tutuş dünýä ähmiýetli taslamalaryň, Owadandepedäki tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän ilkinji zawodyň mysalynda hem görýäris.
Şeýle belent tutumlaryň binýadynda diňe türkmen halkyna mahsus ýörelgeleriň bardygy ýaşlar üçin uly buýsançdyr.
Gülnar GARÝAGDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
“Nesil” gazeti,
11.03.2020ý.