ASSA ÝÖRÄP, SEÝKIN BASAR

«BITARAP DIÝAR: ÝAŞLARYŇ TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN

Tez jerenleriň ýyndamlygy aýaklary, bürgütleriň kert gaýalarda mekan tutunmagy ganatlary bilen bagly. Läheňler derýa sygmaýanlygy üçin ummanlarda, durnalar ýylylygy söýýänligi sebäpli, haýsy ýurda ýaz gelse şol ýerde ýaşaýarlar. Edil şolar ýaly her bir halkyň akyl-paýhasy parasatly aýtgylarynda, nesillerine galdyran öwüt-ündewlerinde jemlenýär. Şu babatda dana arkalarymyz, akyldar pederlerimiz halkymyza mahsus bolan milli edep-terbiýäniň edil daşbasma ýaly ýol-ýörelgelerini bize miras galdyrypdyrlar. Her bir za­dyň — ge­ýin­me­giň, sa­lamlaşmagyň, toýda-märekede oturyp-turmagyň, hassa soramagyň, şaý-sep dakynmagyň... özüne mahsus edep-terbiýesi nesilleriň aňynda kebşirlenipdir. Şolaryň biri hem ýol ýöremegiň edebidir.

Köplenç, halkyň özüne mahsus milli häsiýeti tertip-düzgüni bilen alaçaly ýag ýaly gatyşyp gidýär. Halkymyz başyny belent tutup, buýsançly gezmegi endik edinipdir. Sebäbi edýän işiň halallykdan gözbaş alanda, adam hiç zatdan gypynç etmän dogry gürlemegi, serini belent tutmagy ýol edinýär. Başyňy belent tutup, kaddy-kamatyňy dik saklap ýöremek sagdynlygyň nyşany. Jany-teni sag, wagty hoş, keýpi çag adamlar, ylaýta-da, ýaşlar galdaw, ýadamazak bolýarlar. «Basan ýerinden ot çykyp duran» diýdirýän ýaşlary synlanyňda, olar göýä ýöremän uçýan mysaly görünýär. Dogumdan, gaýratdan ýaňa olaryň aýaklary ýere degmeýär. Gartaşanrak adamlar agrasdan salyhatly ýöreýärler. Olar pähim-parasada eýlenen her bir ädimini ölçäp-çenäp basýana çalymdaş. Şunuň bilen bilelikde paýhasly pederlerimiz ýol ýöränlerinde iň ýönekeýje endiklere hem üns beripdirler. Olar ýoly keramatly närse hasaplapdyrlar. Ýöräp geçen menzillerini arassa saklamagy, ýol ugrunda guýular gazyp, bag nahallaryny oturtmagy sogap saýypdyrlar. Agyr kerwen bilen uzak illere argyşa gidenlerinde hem düşläp, dem-dynç alan ýerlerini tämizläp, ýakan otlaryny öçürip, soňra ýollaryny dowam edipdirler. Ilimizde «Içit bilen geçit guran adama Allaň nazary düşermiş» diýen aýtgy hem ýönelige döremändir. «Egrem bolsa ýol ýagşy» diýen aýtga esaslanan halkymyz yz goýan ýoluna ot bitirmän ýöremegi endik edipdirler. Ýolda ýöräp barýarkalar päsgelçilik döredýän islendik zady bir gyra aýrypdyrlar. Halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgesi atalar sözlerinde, nakyllarda öz mynasyp ornuny tapypdyr. Nesilleriň tutanýerli, janypkeş bolmagy ündew edilip aýdylan «Gyrmyldan gyr aşar», «Ýolda ýoldaş bolmak...» ýaly jümleler oňa aýdyň mysal bolup biler. Irginsizlik bilen ýörelen ýol uzak hem bolsa ahyryna ýetilýär. Belent adamkärçilikli ynsan bilen ýoldaş bolmak işiňi şowladýar. Şeýle adam peýdaly maslahatlary, pespälligi, göwnaçyklygy bilen göwnüňi göterýär. Ýol geçen adamyň durmuş tejribesi özüne ýetikdir. Ol nirede kötellik bar bolsa sapak edinýär. Öz büdrän ýerinde yzyndan gelýän nebereleriniň kösenmezligi üçin düzläp, sargyt edip gidýär. Uzak asyrlaryň dowamynda ež­dat­la­ry­my­zyň her bir za­dyň ýazylmadyk kada-kanuny esasynda perzentlerini terbiýelemegi ýöremegiň öz milli ýörelgelerini berçinläpdir. Erkek kişilere aýaklaryny dogumly basyp, dyzyny epmän, dik ýöremek, göwresini göni saklamak mahsusdyr. Bir kemçiligiň bolmasa aýagyňy süýräp almak, patanaklap ýöremek, ýolda abşarlyp durmak, ýol ugruna haýsydyr bir ownujak zady depmek, sykylyk atmak, köwşüňi apgyrdyna basyp zaýalamak öňde-başda halkyň galypyna sygmandyr.

Gyz-gelinler her bir halkyň buýsanjy, arly-namyslylygynyň mizan ölçegi hasaplanýar. Şol sebäpli-de ilimizde zenan maşgalalaryň edep-terbiýesine aýratyn üns berilýär. «Hyrydar bolsaňyz gyza-geline, // Edebin, ekramyn, oturşyn gö­rüň...» di­ýen akyl­dar Mag­tymguly halkyň süňňüne siňip giden milli pelsepesini setirleriniň üsti bilen beýan edipdir. Halk döredijiligindäki «Towşan turuşly, gaz ýörişli, jeren bakyşly...» ýaly jümleler gyz-gelinleriň her bir hereketine syn edilendiginiň nyşany. Gözellerimiz gül ýaly näzik närse. Olaryň çeper el işleri bilen meşgullanmaklary, içeriniň ak işlerine werziş bolmagy, esasan-da, çaga terbiýesindäki çekýän jogapkärçiligi kaddy-kamatlarynyň owadan, gelşikli, näzik bolmagyna täsir edipdir. Gyz-gelinlerimiziň diňe bir geýýän milli lybaslarynda däl, eýsem, şaý-sepleri dakynyşlarynda hem hereketleriniň dürs çykmagy bilen baglanyşykly sebäpleriň bardygyny alymlar gürrüň berýärler. Zergär pederlerimiziň ýasan kümüş şaý-sepleriniň biri-birine degip, şyňňyrdamagy bilen gyz ýörişi kesgitlenipdir. Seýkin basyp, uz ýöräp gelýän gyzyň çekelikleriniň şelpeleri, adatça, parahat ses edipdir. Gyssanyp ýörelende şakyrdy, jaňňyrdy, düňňürdi köpelipdir. Ilimizde zenan maşgalalaryň garaňky gatlyşansoň, ýany ýoldaşsyz, biwagt-näwagt şaňňyrdap ýörmegi halanmandyr. Zenanlaryň ýöreýşinden hamyladygyny kesgitläp bi­lip­dir­ler. Mu­nuň özi ge­lin­le­riň ýöreýşine hem aýratyn ähmiýet berlendiginden nyşan. Perzendini ýüreginiň parasy hasaplaýan ene çagasyny bagryna basyp, kellejigini egnine tarap öwrüp göterýär. Gartaşanrak eneler agtyklaryny hopba edip, arzylamagy gowy görýärler. Zenanlar elmydama ýola çykanlarynda aýaklaryna ykjam köwüş geýýärler. Uzak ýola rahat, ökjesi laýygrak köwüş geýilýär. Yzy açyk çepekler diňe öýde-içde, goňşy-golama çykylanda geýilýär. Gelin-gyzlara öwüt-ündew edip oturan eneler olaryň assa ýöremegini, seýkin basmagyny sargyt edýärler. Kaddy-kamatyny dik tutup, saýhally ýöremegi gelin-gyzlarda terbiýeleýärler. Şonuň bilen birlikde gyz maşgalanyň aýaklarynyň arasyny giň açyp ýöremeginiň öňde-başda halanmandygyny düşündirýärler.

Ilimiziň ýörelge edinen milli ýoly häzirki günlerde hem ürç edilýär. Ýaşlar bilen geçirilýän duşuşyklarda, wagyz-nesihat çärelerinde gyz-gelinleriň, ýaşlaryň edebine aýratyn üns berilýär. Zenan maşgalany gelşikli, sypaýy, gözel görkezýän milli ýörelgeler ündelýär. Tüweleme, bagtyýarlyk döwrümizde ýöredigiňçe ýöräsiň gelýär. Aýna ýaly köçeler, arassa ýanýodalar, gyralaryny jähekleýän güllerdir gyrymsy ösümlikler göwnüňi açýar. Şaýollaryň üstünden gurlan, töweregi aýnaly geçelgeler, ýerasty ötükler ýol ýöremegi ýeňilleşdirýär. Şeýle köpçülik ýerlerinde ildeşlerimiziň, ylaýta-da, ýaşlaryň ýol ýöremegiň milli medeniýetini birkemsiz ýerine ýetirmegi ýaşuly nesilleri begendirýär. Şeýle döwrebap geçelgeleriň birinde jigisiniň elinden tutup barýan okuwçy oglanjyk bilen her gün gabatlaşýarys. Onuň jigisine aýdýan «Süýjiniň daşyny ýere taşlama!», «Aýagyňy süýräp alma!», «Basymrak ýöre...» diýen ýaly sözlerini eşidip, gulagy milli ýörelgeler baradaky öwütlerden ganan, täze bir düşünjeli, giň gözýetimli, döwrebap nesliň ýetişip gelýändigine begenýäris.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

12.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR