Ýurdumyzyň muzeýleri pederlerimiziň geçen şöhratly ýol-ýodalary, meşgul bolan kesp-kärleri, al-ýaşyla beslenen milli lybaslary... barada gürrüň berýän äpet kitaba meňzeýär. Haçan-da onuň gapysyndan ätläp, «jiltlerini sahaplap» ugranyňda welin, neneňsi beýik halkyň neslidigiňe buýsanýarsyň.
Şeýle gymmatly, taryhy-medeni baýlyklaryň «örüsiniň» giňeldilip, bir ýere jemlenendigine, aradan ýene-de ençeme asyrlar geçip gitse-de, neberelerimiziň şu tapyndylaryň üsti arkaly geçmişimiz bilen tanyş boljakdygyna göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup, ulanmaga berlen Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri welaýatlarymyzyň merkezinde göýä gadymdan galan köşgi-eýwanlar ýaly, seleňläp otyr. Paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde ýerleşýän gabaraly muzeýlerden başga-da etraplarymyzda, hatda oba-kentlerimizde hem ýaş nesilleriň bähbidine bina edilen şeýle desgalar ýurdumyzyň arhitektura-binagärlik ulgamyny has-da baýlaşdyrýar. Muzeýlerde guralýan sergileriň, geçirilýän dürli çäreleriň bolsa, ýaş nesilleriň watansöýüji, ile-güne ygrarly, zähmetsöýer, halal, dogruçyl... adamlar bolup ýetişmeginde ähmiýeti uludyr.
Ýakynda şeýle täsirli sergileriň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Gökdepe» milli muzeýinde guraldy. Oňa welaýatyň ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaş nesiller gatnaşdylar. «Halkyň milli gymmatlyklary — muzeý gaznalarynyň geljegi» atly sergide oňa gatnaşyjylar taryhdan gürrüň berýän gymmatly tapyndylar barada giň maglumatlar aldylar. Şeýle maglumatlaryň arasynda gadymy Abiwerd galasy hakynda hem giň düşünje alyp bolýar. Sebäbi geçmişiň ençeme syrlaryny özünde jemleýän bu galadan entek-enteklerem gymmatly miraslar tapylýar. Ine, «Gökdepe» muzeýinde «Abiwerd» döwlet taryhy we medeni goraghananyň direktory Ahmet Halmyradowyň beren gürrüňleri hem şular barada boldy. Ol ýaz möwsüminde geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklaryň birnäçesini «Gökdepe» muzeýine tabşyrdy. Gadymy tapyndylaryň düzümine ХII — ХIV asyrlara degişli eýerlenen atyň üstündäki çapyksuwaryň şekilini aňladýan syrçaly keramiki heýkeljik, IХ — ХIV asyrlaryň önümi bolan iç ýüzüne bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň bölegi hem-de ХI — ХIV asyrlara degişli, ýüzüne hyýaly atyň keşbi çekilen küýze bölegi girýär.
28-nji aprelde şeýle baý mazmunly sergileriň biri Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem guraldy. Muzeý işgärleriniň gündelik meýilnamalardan daşary halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmagy öz miwesini berýär. Muzeýde hereket edýän topar şeýle ýörelgä görä, welaýatyň oba-kentlerinden gadymy gymmatlyklaryň birnäçesini topladylar. Taryhy tapyndylaryň muzeýi baýlaşdyrmakda peýdasy uludyr.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem muzeýleri baýlaşdyrmakda agramly işler alnyp barylýar. Bu babatda Medeniýet ministrligi tarapyndan ýerlere ýollanýan mirasy öwrenijileriň hem goşandy uludyr. Etnograf alymlaryň gatnaşmagynda guralýan şeýle ylmy-gözleglere oba ýaşaýjylary hem gatnaşýar. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän Mürzebeg galasyndan tapylan, palçykdan ýasalan atyň heýkeljigi III — V asyrlara degişli. Ony ýerli ýaşaýjylar tapypdyrlar. Taryhy tapyndylar ýaş nesillerimizi terbiýelemekde bahasyz gymmatlykdyr.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
30.04.2020ý.