Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda synmaz buýsanjy we şöhraty bolan bedew atlaryny hemişelik alada bilen gurşapdyrlar. Pederlerimiziň bedew atlaryň seýislenip, endigan gadam urmagy, çapuwa taýýar bolmagy hem-de gözelligine gözellik goşmak maksady bilen ýola goýan işleri muny aýdyň görkezýär. Şeýle işleriň hatarynda hünärli gollardan çykan irişme, uýan, eýer, çeki, döşlük, gamçy, maňlaýlyk, göwüsbent, eýer, jylaw, üzeňňi ýaly esbaplary görkezmek bolar.
At esbaplarynyň esasy görnüşleriniň biri-de naldyr. Nallary ýasamak gadymy döwürde ýüze çykypdyr. Ol, esasan, iki maksat üçin — hem-ä atlar gataňsy, daşlyk ýerlerde gadam uranda toýnagyny goramak hem-de dabara-bezmde seýkin basyp ýörände gadamyny dabaralandyrmak üçin ýasalypdyr.
Nal metaldan, bürünçden, kä halatda bolsa mise altyn suwy çaýylyp ýasalypdyr. Onuň dag arçasyny ýakyp alynýan kömrüň howruna demri sepläp ýasalýan görnüşi hem bolupdyr. Ol beýleki nallardan berkligi we görnüşi taýdan has-da tapawutlanypdyr. Ondan ownuk daşlar ýa-da beýleki gaýry zatlar girip bilmändir. Ýylmanaklygy sebäpli ol «aýna nal» adyna eýe bolupdyr.
Alym Gurbanjemal Ylýasowanyň çapa taýýarlan «Türkmen halk yrymlary» atly kitabynda: «Nal asman bilen Zemin arasyndaky baglanyşygy saklaýar» diýlen ynanç bar. Nal göz degmekden gorap saklaýar. «Nal aýagyň aşagynda bolsa-da, bagt depäňde bolsun!» diýen setirler hem çuňňur mana eýe.
Wagtyň geçmegi bilen nal mukaddeslik derejesinde görlüp, adamlar ony gapylarynyň ýokarsyna kakyp goýupdyrlar. Bu dessury häzirki günlerde hem käbir öýlerde görmek bolýar. Aý — nur, ýagtylyk manysyny, at — rysgal, döwlet düşünjesini aňladypdyr. Bu meselede «Atly öýe rysgal ýagar» diýen garaýşa gulluk edilipdir. Umuman alanyňda, derwezäniň, gapynyň ýokarsyna goýulýan dag goçunyň we dag tekesiniň şahy hem-de atyň naly türkmeniň dürli eýýamdaky oňonlarydyr.
Bedew atlaryň nallary söz ussatlarynyň we halk döredijilik eserlerinde beýan edilipdir. Halk paýhasynyň dürdänesi bolan «Görogly» şadessanynda nal hakda şeýle setirler bar:
Gyrat, aýak galdyr, nalyň kakaýyn,
Dyzdan aşagyňa hyna ýakaýyn,
Agşam iýmiň berip, ertir bakaýyn,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir.
Nusgawy edebiýatymyza dürdäne eserleri miras goýan Gurbanaly Magrupy bedew ata kümüşden nal kakdyryp, iýmine seretseň onuň ýüwrükliginiň ýelden, guşdan kem däldigini şeýle beýan edipdir:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew.
Türkmen halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda bedew atlaryň naly bilen baglanyşykly birnäçe setirlere gabat gelmek bolýar. Muňa lälelerdäki şeýle setirler mysal bolup biler:
Didäm atyň naly bar,
Desse ýüpek haly bar,
Bedew atly ýigidiň,
Hersiniň öz ýoly bar.
Dürli ýaşdaky adamlaryň pikirlenişini ösdürmek üçin döredilen tapmaçalarda-da bu hakda dürli pikirler ýöredilýär.
Henewar hena eýledi,
Gör, niçe bent eýledi,
Ýigrimi dört ýyldyzy,
Dört aýa bent eýledi.
(Atyň naly we myhy)
Häzirki döwrümizde bedew atlaryň nallary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bina edilýän ýurdumyzyň atçylyk toplumlarynyň nyşany bolup durýar. Aýlawlaryň pellehanasyndaky altynsow reňkli nal sütüni muny aýdyň tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen Maryda gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumynyň umumy görnüşi hem nal şekilindedir.
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
26.04.2020ý.