AS­SA­DAN ÄDIP BAR­ÝAR URUŞ WE­TE­RAN­LA­RY...

1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň gu­ta­ra­ny­na 75 ýyl dolýar. Bu wagt aralygy taryh üçin gysga bolsa-da, adamzat üçin azym-küjüm wagt däl. Onsoň şu ýerden çen tutsaň, urşuň ýangynly ýyllaryny gözi bilen görenleriň sanynyň azdygy düşnüklidir. Ýöne näme üçindir, geçen urşuň hakyda­sy ha­kyn­da ýa­şu­ly žur­na­list­le­riň biri bilen gürleşmeklik göwnüme jaý boldy durdy. Ilki ýadyma düşenem Allaýar Çüriýew. Gürrüňimize başlamankak Allaýar aga maňa bir oçerki görkezmek üçin haýsydyr bir kitabyň sahypalaryny agdaryşdyrýardy. Men bolsa «Uruş weteranlary» aýdymynyň sözlerini içimden gaýtalap durşuma:

...Assadan ädip barýar,

Ýetmişden gädip barýar.

Wah, nätjek, gidip barýar,

Uruş weteranlary...

— di­ýip, ala-bö­le şu se­tir­le­ri daşymdan aýdaýmanmy.

Allaýar aga kitapdan ýüzüni galdyrman:

— Sen-ä ýö­ne soň­ky ben­di­ni aý­dyp otu­ry­ber­diň, inim! — diý­di

Soňam gözündäki äýnegini aýryp, öňünde duran stola goýdy-da:

— Ýö­ne bir za­dam bar. Aýdymyň şol setirleri hasam täsirli bolupdyr diýenler köp boldy. Bu aýdymyň goşgusy, ýalňyşmasam, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň aýaklarynda ýazylan bolmaly. Müň dokuz ýüz segsen bäşinji ýyl ýa-da segsen altynjy ýyl. Men o wagtlar «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdim. Bir gün redaksiýa Öwezgeldi Tekäýew geldi. Ilkinji gezek şonda tanyşdyk. Ol: «Allaýar, men filarmoniýada özbaşyma ansambl döretdim. Şoňa repertuar gerek. Täze aýdymlarym bilen welaýatlara, etraplara gastrola gitjek» diýdi. Şeý diýip, menden goşgy sorady. Hawa, aýdyma ýaraýjak goşgulary. Men şonda aýdym üçin dört-bäş goşgy berdim. Şondan soňam birküç aý geçendir ýa geçen däldir. Öwezgeldi Teke geläýdi: «Allaýar, arada Daşhowuzda gastrolda boldum. «Uruş weteranlary» goşgyňy aýdym etdim. Şol aýdymy baran ýerimizde aýtdyk. Weteranlaryň aglanyny hem gördüm. Gelip, «Sag bol, oglum» diýdiler» diýip gürrüň beripdi.

Onsoň ykbal çekip, men Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasyna işe bardym. Şol wagtlar guramanyň başlygy Oraz Nepesow­dy. Özem ur­şa gat­na­şan. Žurnalist adam. Oraz aga bilen biz öň redaksiýada işleşipdik. Gaty ökde terjimeçidi. Şunam belleseň artykmaçlyk etmez. Oraz aga her ýyl Ýeňiş baýramyny Ýanbaşda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde işlän Halbaý Ýomutbaýew, Juma Orazow, Kakaly Mommy, Meret Allaýar, Kakaly Işangulyýew bilen bellär ekenler. Oraz aga şeýle duşuşyklaryň birinde: «Ýanbaş çeşmesiniň ýanynda kasam etdik» diýip maňa gürrüňem beripdi. «Iň soňky galanymyz şu ýere gelip ýatlamaly» diýip. Iň soňunda Oraz aga galdy. Edilen soňky kasamam ýerine ýetirildi.

Weteranlar guramasynda işlän döwürlerim boýdan-başa urşa gatnaşan adamlar bilen duşuşdym. Gören horluklaryny aýdyp, kän zat gürrüň berdiler. Geldi aga bardy. Bäşimow. Aga Garajaýew bilen bile işleşdik. Weteranlar guramasynyň orunbasarydy. Nurberdi Guşlyýew bardy. Birküç ýyllykda ýogaldy. Uruş Brestden başlandy. Şondan urşuň soňuna çenli gatnaşan adam.

Urşuň yzynda galan aýallaram öz ýarlaryna wepaly bolup kän garaşdylar. Bir aýal bardy. Aşgabatda ýaşaýardy öz-ä. Bir gije öýünde bolupdyrmy, bolmanmy adamsy urşa gidipdir. Ady ýadyma düşenok-da şu wagt. Ýa bolmasa bir daýza gelerdi. Ady Maral bolmaly. Adamsyny urşa ugradypdyr. «Şu wagt görkez diýseler, adamymy tanap biljek däl diýýärdi». Onsoň geçen urşuň yzasyny özüň pikir ediber...

Soň men Aýdogdy Tahyryň Kaka etrabynyň Hywat obasynda ýaşaýan maşgalasy bilen duşuşdym. Aýdogdy Tahyrowyň ugradan hatlaram bar eken. Hatlarynam gördüm, okadym. Häzir bu hatlar meniň şahsy arhiwimde saklanýar. Soň Aýdogdy Tahyryň bir ogly Staraýa Russa gidip ýaşapdyr. Kakasynyň wepat bolan ýerine.

Mihail Matusowskiý diýip rus şahyry bardy. Iň gowy aýdymlaryň awtory ol. Onuň 1943-nji ýyl­da ýazan türk­men ýigidi Aýdogdy Tahyrow, onuň dosty Sawuşkin hakynda «Aýdym» atly poemasy bar. Muny türkmen diline terjime edenem Berdi Kerbabaýew. Men şondan soň Mihail Matusowskä: «Hormatly şahyr! Siz şol döwürde biziň ildeşimiz hakda ajaýyp eser ýazypsyňyz. Bu eseri nähili, haýsy ýagdaýda döretdiňiz? Siz onuň edermenligi hakynda nireden eşitdiňiz?» diýip, hat ýazdym. Birki aýdan soň Matusowskiden jogap geläýdi. Gelen hatda şahyr Aýdogdy Tahyrowyň gahrymançylygy hakynda «Front» gazetinden okandygyny aýdypdyr, başga-da birnäçe zatlar hakynda ýazypdyr.

Belli rus ýazyjysy Mihail Alekseýewiň geçen uruş hakynda oçerkleri bardyr. Şolaryň içinde «Ata Nyýazow» diýibem bir oçerki bar. Alekseýew şol oçerkinde Ata Nyýazow atly türkmen ýigidiniň gürrüňini edýär. Alekseýew öz oçerkiniň gahrymanyna uruş meýdanynda gabat gelipdir, onuň edermenligine haýran galan eken. Ata Nyýazowy häsiýetlendirip oçerk gaty gowy ýazylypdyr. Şuny aýtmak bilen men gürrüňi şuňa getirjek bolýan. Ýazyjy Ata Nyýazam barda. Frontda ýogalan. Şol hakynda oçerk ýazmak üçin material ýygnap ýördüm. Ogly bardy Marat Nyýazow diýip. Olimpiýa çempiony. O wagtlar ýaşuly adamdy. Kakasy hakynda gürrüň berdi. Şonda Marat: «Men, ýazyjy Mihail Alekseýewe hat ýazdym. Şol siziň oçerkiňizdäki esger meniň kakam bolmaly. Aýdyşyňyz ýaly, kakam dutaram çalýardy. Siz ol gahrymanyňyza dutar çaldyrýaňyz. Kakam wäşi. Sizem wäşi adam hakynda gürrüň edýäňiz. Şoň ýaly, gabat gelýän ýerleri bar eken. Oçerkiňizdäki gahrymanyňyzyň dosty Hodorowskiý diýýäňiz. Meň kakamyň hem şeýle dosty bardy». Ýazyjy meniň hatyma jogap ýazyp: «Marat, Ata Nyýazow, gynansak-da, siziň kakaňyz däl. Ol başga Ata Nyýazow. Ol şu wagt Çärjewde ýaşaýar. Men onuň bilen uruşdan soň, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda rus edebiýatynyň, sungatynyň Türkmenistandaky günleri geçirilende duşuşdym». Soň men belli rus ýazyjysynyň şol gahrymanynyň soňky ykbaly bilen gyzyklanyp oçerk ýazdym.

Biz geçen asyryň segseninji ýyllarynyň aýaklarynda ýazyjy Çary Aşyr barada dokumental film düşürdik. O filmi seň özüňem gördüň-ä. Şol uruşda özüni halas eden ermeni gyzy hakda hem gürrüň gidýändir. Ana, şol goşgyny Çary aga 1946-njy ýyl­da ke­sel­ha­na­da ýatyrka ýandepderçesinden alyp, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň redaksiýasyna tabşyran Aman Kekil eken. Muny maňa ýazyjynyň özi gürrüň berdi.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hakynda biz kompozitor Ata Esadow we beýleki kompozitorlar bilen birnäçe aýdymam ýazypdyk. Olardan «Ýigrimi million mähriban», «Uruş bolmadyk bolsa» ýalylary mysal getirse bolar. Belli rus şahyry W.Mihanowskiý, Ý.Poroýkow ýaly şahyrlar tarapyndanam uruş hakyndaky birnäçe goşgularym rus okyjylaryna ýetirildi. Uruş gutarandan 20 ýyl soň, Stalingradda iberilmäge ýetişmedik esger hatlarynyň ýüzlerçesi tapylypdyr. Soňra şol hatlar degişli adreslerine gowşurylypdyr. Menem şu wakany eşidip, tolgunyp, «Ýigrimi ýyldan soň...» diýip, goşgy ýazypdym. Bu goşgam 1984-nji ýyl­da Bü­tin­so­ýuz «Smena» žur­na­lyn­da Mar­şal Çuý­kowyň makalasynyň gapdalyna rus dilinde berildi...

Biziň gürrüňimiz bu zatlar bilen gutarmady. Soňabaka Allaýar aganyň şähdi açylyp, edebiýat hakynda, döredijilik hakynda, muňa ykbalyny baglan adamlar hakda ençeme täsirli gürrüňleri berdi. Bu gyzykly hem täsin gürrüňler biziň göz öňünde tutan ýazgymyzyň mazmunyndan daşlaşýar. Şol sebäplem ýene bir gezek...

Sähetmyrat KAKYŞOW,

“Nesil” gazeti,

05.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR