Ol özi hakda gürlemezdi. Başga biriniňem söz açanyny, ylaýta-da, öwgüli sözleri aýdanyny halamazdy. Söhbede başlan badyna: «Men bir golak adam, ýeke el bilen gydyrdanyp ýörün. Gazete ýazmakçy bolsaňyz, mekdebimizde iş bitirýän kärdeşlerimiz kän. Şolar gürrüň edilmäge-de, iş tejribesi öwrenilmäge-de mynasyp» diýer-de, bar gürrüňi öz üstünden sowdum eder. Hakykata göni seretmeli bolsa, onuň hut özünde aýdara-diýere, söz açara zat kändi.
Döşüni orden-medallaryň 10-sy bezeýärdi. Beýle hormat-sylaglaryň aňyrsynda ynsanyň döredijilikli ykbaly hem-de gahrymançylykly mertebesi ýatyr. Sylag-hormatlar onuň tutuş manyly ömrüni bezeýär. Ol özi hakynda gürrüň açylmagyny näler göwnemedik bolsa-da, soňky gezek duşuşanymyzda, bütinleý başgaça boldy.
Bu waka mundan 30 ýyl ozal — 1990-njy ýylyň awgust aýynda bolupdy. Şol sapar men Etrek etrap mugallymlarynyň awgust maslahatyna gatnaşypdym. Şol maslahatda biziň gahrymanymyz hem bardy. Ol mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmaga degişli öz iş tejribesi barada çykyş edipdi. Şonda mugallym mekdepde hünär synagynyň geçirilişinden nägilelik bildirip, ony kämilleşdirmek hakdaky pikirlerini-de beýan edipdi. Mugallymlaryň maslahatyndan soň, biz onuň bilen arkaýynlykda — çaý başynda söhbetdeş bolduk. Şonda onuň, aýdylyşy ýaly, «geçisi daga ýaýrap», wakalar sandygynyň «gulpuny açypdy».
Sopy Garajaýew 1919-njy ýylyň dekabr aýynda häzirki Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol maşgalada üç doganyň körpesidi. Alty ýaşyndaka, ejesi aradan çykyp, kakasynyň eklenjinde galýar. Sopy tä 13 ýaşyna barýança öýde edep-terbiýe alýar. Maşgala agzalarynyň makullamagy netijesinde etrap merkezindäki internata okuwa girýär. Internat başlangyç sowat hem bilim berýän dört ýyllyk mekdepdi. Sopy özi ýaly oglanlar bilen bilelikde dört ýylyň dowamynda okuw derslerinden daşary aýdym-saz hem bedenterbiýe gurnaklaryna-da gatnaşýar. Ol saz gurallaryny çalmagy hem öwrenýär. Mekdebiň köpçülik işlerine gatnaşmaga-da wagt tapýar, okuwçylar toparynyň başlygy, ýaşajyk ýetginjeklere-de ýolbaşçylyk edýär, internatyň diwar gazetini çykarmak hem oňa ynanylypdy. Internatyň gyzykly, şowhunly, täsirli, täsin durmuşy «hä» diýmänkäň geçip gitdi. Okuwy diňe oňat bahalar bilen tamamlap, köpçülik işlerine-de işeňňir gatnaşandygy üçin ol balalaýka saz guraly bilen sylaglanýar. 1936-njy ýylyň awgustynda Sopy Garajaýewi öz obasyndaky başlangyç mekdebe mugallym edip belleýärler. Ine, şeýdip onuň ykbalynda täze durmuş başlanýar.
Mekdepdäki işinden daşary ol obanyň ýaşlar guramasynyň hem kätibidi. Başda agzalaryň sany bary-ýogy üç ýetginjek eken. Şol üçleriň tagallasy bilen basym olaryň sany 100-e ýetipdir. Munuň özi olaryň ýaşlaryň arasynda medeni-köpçülik, syýasy-terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirmeginiň göze görnüp duran netijesidi. —Soňra Gyzylbaýyr obasyna degişli kolhozlaryň her birinde ilkinji ýaşlar guramasyny döretmäge girişdik. Jemi 105 agzanyň 48-si gelin-gyzlardy. Olaryň barysyda obanyň hojalyk işlerine hem-de mekdep durmuşyna işjeň gatnaşardylar — diýip, mugallym birsalym dymyp, bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly pikire batdy. — Hä, indi men saňa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hakda gürrüň bereýin — diýip, ol howlukman, her bir wakany janlandyryp, gyzykly edip gürrüň berdi. Menem şol gürrüňleri ýandepderçäme belleşdirip alypdyryn.
Sopy mugallymyň durmuş kerweninde gyzgalaňly işler ýaňy bat alyp başlapdy. Ýaş ýigit gije-gündiz joşgunly hem hyjuwly işler bilen gümrady. Emma... nälet siňen uruş başlanypdy. Eli ýarag tutan adam Watan goragyna aýaga galmaly boldy. Sopy mugallym hem obadaşlary: öňdebaryjy ýaşlar, okuwçylar, mekdep mugallymlary bilen hoşlaşdy.
— Biz üç dogandyk. Iň uly agam Mämi 1942-nji ýylyň 20-nji fewralynda, ondan kiçisi Baýram 5-nji martda fronta alnypdy, meni bolsa il-gün 9-njy martda ýola saldy. Şeýdip söweş meýdanyna sary ýola düşdük — diýip, ol başdan geçiren wakalaryny birme-bir ýatlap ugrady. Olar şol gidişine Aşgabadyň eteginde ýerleşen Bekrewedäki 45-nji dag-atyjylyk polkuna baryp düşýärler. Şol ýerdäki polk mekdebinde üç aýlyk harby taýýarlyk geçenlerinden soň, olary 17-nji iýunda bir eşalon edip, Russiýanyň Gorkiý oblastyna ugradýarlar. Ol ýerde-de diwiziýanyň 15 günlük harby-taýýarlyk okuwynda bolýarlar. Şonda olaryň ählijesine kiçi serkerdelik çini — «seržant» diýen harby at berilýär. Bu at iň kiçi harby bölümçä ýolbaşçy bolmagy aňladýardy. Şol ýerde-de baranlardan birnäçe diwiziýa düzülýär. Sopy 93-nji diwiziýanyň 51-nji atyjylyk polkunyň 1-nji batalýonyna düşýär. Her bölümçä 12 esger berkidilýär. Bularyň polky iýul aýynyň başynda Kalinin oblastyna tarap fronta sary ugradylýar. Ol ýerdenem Ržew şäheriniň günbatarynda ýerleşýän kiçiräk Belyý şäheriniň alkymyndaky goranyşlaryň birine barmaly eken. Ýöremeli ýeriň ýolsuz-ýodasyz gür tokaýlyk, onuň içi bolsa batgalyk. Gündiz agaç kesip, batgalygyň üstüne agaç düşäp, gijesine şol «ýoldan» ýöräp, dört gije-gündizde bellenen ýere baryp ýetýärler. «Iň öňdäki goranyşy pugta gorap saklamaly!». Ine, olara berlen buýruk şeýledi.
Duşman gije diýmän, gündiz diýmän, üznüksiz hüjüm edýärdi. Diwiziýanyň esgerleri şol hüjümleri yzyna serpikdirip, berlen tabşyrygy abraý bilen berjaý edýärler. Duşmanyň maksady iň öňdäki şu goranyşy böwüsmekdi, emma bu olara başartmaýardy. Sopy Garajaýew şonda söweşjeň bölümiň ýaşlar guramasynyň kätibi eken. Gije-gündiz duşman okunyň üstlerine «ýagyp» durandygyna garamazdan, hut şol kynçylykly ýagdaýda-da höwesek ýaşlardan bäşisini agzalyga kabul edip, olara «wagtlaýyn bilet» diýip at berilýän şahsyýetnama gowşurýar. Ýaşlar guramasyna täze goşulan esgerlerden rus ýigidi Sergeý Wasilýew, ukrain ýigidi Antonenko, gazak ýigidi Tölekbaý dagy janlaryny aýaman, gahrymanlarça söweşip, hökümet sylaglaryna mynasyp bolupdyrlar.
«Uruş» diýeniň uruş bolýar-da. Onda her jüre garaşylýan hem garaşylmaýan wakalar bolýar. Bir saparam, ynha, şeýle waka bolupdyr. Polkuň üçünji batalýonynyň ýerleşen ýerinde polk boýunça ilkinji partiýa hem ýaşlar guramalarynyň kätipleriniň umumy ýygnagy bolup, onda duşmana garşy esasy hüjüme geçilýänçä, iň öňdäki goranyşy berkden-berk gorap saklamak hem-de yz çalmak arkaly duşmanyň tylyny öwrenmek meselesine garalypdyr. Ýygnak gije sagat 22-de gutaryp, her kim öz «öýli-öýüne» — söweş nokadyna ugramakçy bolup durka, faşistleriň bir bölegi gös-göni bularyň üstüne hüjüm edýär. Ýygnaga gatnaşanlaryň bary 3-nji batalýonyň esgerleri bilen garşylyklaýyn hüjüme geçýärler. Ilki ýakyn aralykdan başlanan atyşygyň soňy duşman esgerleri bilen ýüzbe-ýüz naýzalaşyk urşuna öwrülýär. Söweş sagat ýarymdanam uzaga çekýär. Ahyry çozuş eden duşman yzyna gaçýar. Ertesi duşmanyň ofiserdir esgerleriniň 47-siniň ýesir alnandygy mälim bolýar. Iki goranyşyň aralygynda bolan soňky garşylyklaýyn söweşleriň birinde Sopy Garajaýewiň sag golunyň bileginiň iç tarapyndan hem-de sag aýagynyň aşagragyndan gyltyzrak, ýeňil ýara düşüpdir, ýöne bu ýaralar zerarly Sopy öz bölümçesiniň edermen hem ýürekdeş esgerlerinden aýra düşmeli bolmandyr. Mugallym ýigidiň iň soňky sapar gatnaşan söweşinde welin, ol uruş meýdanyny-da, mähirli esgerlerini-de ymykly taşlamaly bolýar.
Waka 1942-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda bolup geçýär. Şol gezek duşman gijäniň gylla ýarynda hüjüme geçýär. Ikitaraplaýyn güýçli atyşyk daňa çenli dowam edipdir. Şonda Sopy mugallyma juda agyr ýara düşýär, ony meýdan gospitalyndan beýleki ýaralylar bilen bilelikde Kalinin şäherine ugradýarlar. Ol ýerde 6 gün ýatyryp, Moskwanyň üsti bilen Udmurdystanyň paýtagty Ižewskiniň gospitalyna getirýärler. Bu gospitalda Sopy tä 1944-nji ýylyň 3-nji martyna çenli ýatmaly bolýar. 17 aýyň dowamynda ony üç ýola operasiýa edýärler. Şeýlelikde, Sopy Garajaýew 1944-nji ýylyň mart aýynda öz dogduk mekany bolan Gyzylbaýyr obasyna bir eli bilen gaýdyp gelýär. Gelibem, ýene öz söýgüli kärine — mugallymçylyga girişýär.
Sopy Garajaýew tä ömrüniň soňky günlerine deňiç ykbalyny mekdep bilen baglaýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gidip, «iki ýyllap arakesme boldy» diýäýmeseň, ol tegelek 55 ýyllap bir mekdepden girip çykýar. Obadaky ilki ýediýyllyk, soňra orta mekdebe öwrülen bilim edarasyna 12 ýyllap ýolbaşçylyk edýär. Sopy mugallym ilkinji alan başlangyç bilimi bilen kanagat etmeýär. 1946-njy ýylda Aşgabatdaky häzirki Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebini, 1954-nji ýylda bolsa Çärjew şäherindäki häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny gaýybana okap gutarýar.
Sopy Garajaýew söweşde bitiren hyzmatlary üçin hökümet tarapyndan bir orden hem ýedi sany medal bilen sylaglanyldy. Şolaryň arasynda «Watançylyk urşy» ordeniniň 1-nji derejesi, «Söweş edermenligi üçin», «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylany üçin», «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermençilikli zähmeti üçin» medallary we beýleki medallary bar.
Şeýle at-abraýa, hormat sylaga eýe bolan Sopy mugallym 1991-nji ýylyň 8-nji awgustynda aramyzdan gitdi. Ýöne onuň Watan üçin görkezen edermenligi, pedagogik iş usullary, ynsanperwerlik şahsy göreldesi, nusga alarlykly manyly ömri okadan okuwçylarynyň, bile işleşen mugallymlarynyň, obadaşlarynyň, ony tanaýanlaryň hemmesiniň hakydasynda saklanýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda Etrek etrabyndaky 4-nji orta mekdepde — onuň ömrüni bagyş eden mekdebinde uruş hem zähmet weterany Sopy Garajaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenip geçildi.
Hawa, iş bitirenler, ylaýta-da, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda iş bitirenler ýatlanar durar, ýatlanar durar, çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Beýik Watançylyk urşunda Watanymyzyň azatlygy we erkinligi ugrundaky aldym-berdimli söweşlere gatnaşan türkmenistanly gerçekleriň görkezen taýsyz gaýduwsyzlygy hem gahrymançylygy, tylda zähmet çeken gelin-gyzlarymyzyň edermenligi şu günki nesillerimiz üçin watansöýüjiligiň hem-de merdanalygyň belent nusgasydyr».
Allaguly MOLLAÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti,
07.05.2020ý.