Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikler hakyndaky kitaplarynyň esasy maksady, ilkinji nobatda, halkyň, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent we uzak ýaşamagyny gazanmaklyga gönükdirilendir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabyndaky: «Bu kitap tötänleýin «Türkmenistan — melhemler mekany» diýlip atlandyrylmady. Ol öz söýgüli halkyma hemişe berk jan saglyk, abadançylyk we bagtly durmuş arzuwyndan ybaratdyr» diýen buýsançly sözleri hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Watan söýgüsiniň ylhamy bilen ýazan eserleri türkmen tebigatynyň bagy-bossanlygy, ösümlik dünýäsiniň melhemlik täsiri hakyndaky maglumatlar arkaly tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygy döretmegiň çagyryşyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň gözelligini, berekedini, dürli ösümliklerini we olaryň ähmiýetli aýratynlyklaryny ylmy nukdaýnazardan ýüze çykarmak arkaly onuň yrýa zadynyň ýokdugy hakyndaky hakykaty äleme ýaýýan kitaplary il-ulsuň gündelik durmuşynda saglygy gorap saklamak üçin halkyň ýüzlenýän ýankitabyna öwrüldi.
AK SAZAGYŇ ARSLANY
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak üçin iş saparyny amala aşyranda, türkmen sährasynda ösüp ýetişýän sazagyň halk lukmançylygyndaky orny barada gymmatly maglumatlar berdi. Sazagyň pürüniň, külüniň, tüssesiniň adamyň saglygyny goramakdaky bejerijilik häsiýetinden söz açyp: «...Çaga bir zatdan gorkan ýagdaýynda oňa sazagyň külüni suwa garyp içirilendigini, sazak pürüniň suw bilen garylyp, çagalara içirilende, içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrmaga ýardam edýändigini, sazak tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda täsiriniň uludygyny» belledi.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň sazak ösümligi bilen bagly düşünjeleri ir döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Bu ösümlik «Gorkut ata» şadessanynda:
Ak gaýanyň gaplaňynyň erkeginde bir köküm bar
Ortaç gyrda siziň keýikleri duruzmaýa,
Ak sazagyň arslanynda bir köküm bar...
diýen ýaly setirlerde orun alypdyr.
«Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» sazak sözüniň iki hili manysynyň bardygy bellenilýär. Olaryň biri Garagum sähralygynda, çägeliklerde bitýän, gurakçylyga çydamly pürli agaç ady, beýlekisi bolsa oglanlara dakylýan at manysyndadyr.
Maglumatlara görä, sazagyň bir görnüşine «ak sazak» diýipdirler, gyşyň soňky aýlarynda öwüsýän sowuk şemaly bolsa sazakýaran diýip atlandyrypdyrlar. Ymgyr çölüň bezegi bolup oturan gara sazaga bolsa ojar diýilýär.
«Tüsse-de ojardan çykar», «Hünäriň puly — ojaryň küli» diýen ýaly türkmen halk nakyllarynda ojaryň häsiýetli aýratynlygy nygtalypdyr. Onuň berkligi, durumlylygy, ýanyp bolanyndan soň hem esli wagtlap köräp durýandygy, öçmän saklanýandygy nygtalypdyr. Mäne baba ojar ösümligine mahsus häsiýeti şeýle setirlerde beýan edipdir:
Özüňde ýok derdi görkezjek bolma,
Ýat welaýat içre erk aljak bolma.
Jöwher ussa görkezme aş pyçagy,
Ojarly meýdanda çerkezjik bolma...
DAGDAN GETIR OMÇANY
Myrat Çaryýew tarapyndan çapa taýýarlanylan «Türkmen halk nakyllary» atly kitapda: «Omça — sazagyň, ojaryň ýogyn ýeri, düýbi. Käbir ýerlerde ojar odunyna hem omça diýilýär» diýlip bellenilýär. Alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde»: «Omça — daragtyň şahalaryndan beýleki ýogyn, togalak sütüniniň, düýbüniň, töňňesiniň ady bolan bu söz «togalak», «ýumry» manysyndaky om kökünden we -ça goşulmasyndan durýar» diýip belläpdir. Muňa mysal hökmünde türkmen halk döredijiligindäki:
Dagdan geti:r omçany,
Malyna berer zamçany,
Bakan malyn semredip,
Iýer ýagly omaçany —
diýen setirlere ýüzlenip bileris.
«Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» hem omçanyň ýokardaky manysy birnäçe ýerde: «Ojakdaky omçalar köreşip ugranda, çopan gara kündügi közüň içine süsdürip oturtdy» diýen ýaly mysallarda gabat gelýär.
Omça bilen bagly «Çybyklaýyn egilmedik, omçalaýyn döwülmez», «Ýetim gözi çemçede, odunçyňky omçada», «Gyz kepbeden çykar, tüsse — omçadan» diýen ýaly atalar sözleri hem bar.
TÜRKMENIŇ BEREN TUTMAÇ SUWY
Beýik söz ussady Jelaleddin Rumy «Mesnewisinde»: «Türkmeniň gapysynda bir köpek bolsa ýüzüni we başyny eýesiniň gapysyna goýar. Öýüň çagalary onuň guýrugyny çeker, çagalaryň elinde ol rahatdyr. Emma bir ýat adam geçse, erkek arslan kimin oňa topular. ...Dosta gül, duşman bilen tiken ýalydyr. Türkmeniň beren tutmaç suwy bilen ol bu şekilde wepaly we goraýjy bolýandyr» diýip belläpdir. Ýüzlenen mysalymyzdaky tutmaç sözi türkmen milli tagamymyz bolan unaşyň orta asyrlarda atlandyrylyşydyr.
Meşhur dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») atly sözlüginde berilýän maglumata görä, tutmaç türki halklaryna mahsus tagamdyr. Alym bu tagamyň lezzetliligi we ýokumlylygy barada belläpdir hem-de bedeni kuwwatlandyrýandygyny, ýüzüňe gülgün reňk çaýýandygyny, uzak wagtlap dok saklaýandygyny nygtapdyr.
XIII asyrda ýaşan türkmen alymy Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda: «Unaş (tutmaç). Gyzgyn, çygly täsiri bolan bu serişde üsgülewigi we bokurdak mäzleriniň çişmesini bejerýär. Haýal siňýändigine garamazdan, örän ýokumly. Unaşyň iki görnüşi bar: Eger ol uzynlygyna kesilen bolsa, oňa tutmaç diýilýär. Eger tegelek kesilip, içine et dykylan bolsa, oňa börek diýilýär» diýip belläpdir.
Alym Faruk Sumer «Oguzlar — türkmenler» atly kitabynda «tutmajyň» gadymy türkmen tagamydygyny nygtapdyr. Onuň bellemegine görä: «...Bu nahary oguzlar bilýärdi. Tutmaç Anadoly seljuklarynda we osmanly saraýynda iýlen naharlaryň biridir. ...Bu nahar oguzlar we beýleki türki taýpalar tarapyndan Ýakyn Gündogar ýurtlaryna getirilipdir... Hatda naharyň ady parsça, arapça belli sözlüklere-de giripdir».
R.Ilmämmedow Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» we XIV asyrda ýazylan Abu Haýýanyň «Kitabul-idrak li lisanil-etrak» atly eserlerine salgylanmak arkaly tutmaç sözüniň gadymy türki sözüdigi hakyndaky maglumatlaryny okyjylara ýetirdi we XV asyrda tutmajyň iň söýlen we meşhur naharlaryň biri hökmünde şirazly Abu Yshaky Hallajyň «Diwan-e etime» atly eserinde agzalandygy, hatda ol ýerde tutmaç bilen bagly ýörite bir goşgynyň hem bardygy barada belledi.
Orta asyrlar taryhçysy Ibn Esir «Kämil taryh» atly kitabynda berýän maglumatyna görä, aýratyn lezzeti bilen tapawutlanan tutmajyň Seljuk türkmenleriniň döwründe han-begleriň söýen tagamlarynyň biridir. Soltan Togrul beg Nyşapury eýeläp, şähere gireninden soň oňa löwzine (içine badam maňzy garylyp bişirilýän işlekli) bişirip beripdirler. Ol muny iýip görüp: «Sarymsagy ýetenok (kemter) diýäýmeseň, bu örän oňat tutmaç ekeni» diýmegi hem aýdylanlary tassyklaýar.
Tutmaç hakynda hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilen Jelaleddin Hydyryň «Dertlere derman» atly kitabynda hem agzalýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahymmämmet Kürenow tarapyndan çapa taýýarlanylan bu kitapda halkymyzyň geçmişde döreden ajaýyp ruhy gymmatlyklary bilen bir hatarda, tutmaç-unaş hem öz beýanyny tapýar.
«Tutmaç hem unaş ýaly. Mundan başga beýleki unaşlar hem şuňa meňzeşdir» diýip, özüniň «Dertlere derman» atly kitabynda belläp geçen awtor: «Unaş sowuk, çygly tebigatly bolup, orta häsiýete ýakyndyr. Bu tagam gyzgyn sebäpli dörän kesellere we gyzgyn mizaçly (temperamentli) adamlara köp peýdalydyr. Ol sowuklana we sowuk mizaçly adamlara-da zyýan etmeýär. Üsgülewüge has peýdalydyr» diýip belläpdir.
«Men bu kitabyň siziň hakyky we hoşniýetli maslahatçyňyza öwrüljekdigine, jomart türkmen tebigatynyň ynsanlaryň bähbidine, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda olaryň saglygyny, ýaşlygyny hem-de gözelligini saklamaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn» diýip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyndaky gymmatly maglumatlary arkaly halkyny sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýoly bilen öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
16.05.2020ý.