HER GIJÄNI GADYR BIL

Ýaňy ýalydy, döwrüň bagtyýarlygyna beslenip, dilleri dür saçýan balajyklaryň şaňňyja sesleri bilen «Ýaremezan» aýdyp ýörenleri. Eýýäm, tüweleme, jany sag, başy dik, bagry bitinlere Oraza aýynyň ýigrimi bäş güni geçäýipdir. Aýlaryň ýagşysy hasaplanýan Remezanyň ýigrimi altysy musulmanlar, agyz bekleýänler hem-de edilen ýagşy doga-dilegleriň bitmegine elmydama berk ynanýanlar üçin aýratyn bir haýyrly, ybadatly, arzyly gün hasaplanýar. Sebäbi bu gün Beýik Biribaryň ýerdäki wekili Hezreti Muhammediň hadyslarynda aýdylyşy ýaly, «Agzy orazalylaryň dogasynyň kabul bolýan» güni — «Gadyr gijesidir». Oraza başlany bäri şu güne garaşyp jöwlan urýanlaryň, höwes edýänleriň diliniň senasyna öwrülen «gadyr» sözi agzalanda, elmydama türkmen maşgalasyna mahsus ýönekeýje bir durmuş parçasy, söhbedi göz öňümizde janlanyp, gulaklarymyzy «gyjyklaýar». Bütin ömrüniň 50 ýylyny bileje, agzybir ýaşan garryja äraýalyň arasynda şeýle gürrüň bolupdyr. Dokuz çagany bir öz aýlyjagy bilen iýdirip-içirip, kemala getiren maşgalabaşy aram-aram kempirine süýjüje igenerdi: «Meniň şu öýde hiç gadyrym ýok» diýip. Şonça perzendi dünýä berip, goja dünýäniň özi ýaly köp görgüleri başdan geçirse-de, ýanýoldaşyna, perzentlerine bolan zenan hamraklygy bilen ähli şowsuzlyklary ýeňip geçip, indi-indi şu döwletli-döwranlara ýeten ene-de aýallygyny edäýýärmiş-dä. «Oglanlaryň atasy, ynha, geljek ýyl göklemän (ýaz), men size niýetläp şeýle bir ullakan «Gadyr agajyny» oturdaryn. Onuň ýapraklaryndan, baldaklaryndan, miwelerinden gadyr akyp durar» diýip. Şeýle günleriň birinde goja syrkawlap, düşege baglanypdyr. Alty oglan alty ýerden aýlyk-günlük getirse-de, teý çykyşdyryp bilmeýän zenan soňra hakyky ýüregindäkini gürläpdir: «Wah, oglanlaryň atasy, rysgal-bereket sizde ekeni. Çaltrak bir galaweriň, sökelligiňizden saýlanaweriň. Gadymkylaryň aýdyşy ýaly, bir ata on ogluny baksa-da, onusy birigip bir atany ekläp-saklap bilmejegi çyn ekeni» diýipdir. Şol wagt atasynyň öwredişi ýaly, öýe halal gazanç getirip, bitmedigini bitirip, ýetmedigini ýetirip oturan ýigitleriň arasynda enäniň sözüne ynjany hem tapylypdyr. Ýöne özleri maşgalaly bolansoň weli, «agramy aşykça, kölegesi köşekçe» bolan hoş sözüň gudratyna haýran galypdyr. Garry atasynyň täze geýim-eşik, halal pul, täzeje öý goşlarydyr ulag bilen kanagat tapmadyk göwnüniň enesiniň aýdan ýekeje jümlesi bilen ynjalanyna haýran galypdyr. Ana, maşgala gatnaşyklarynyň, dost-ýarlaryň arasyndaky, ýolbaşçy bilen işgärleriniň, mugallym bilen okuwçynyň, lukman bilen näsagyň we ýene-ýeneleriň arasyndaky şol syrlyja jümlede hem «ynsan göwnüniň gadyry» jemlenýär. Bu söz öz ýakym-ýaraşygy, mähir-mylakaty, ylahy syry bilen jigerleriň üstüne biten biperwaýlyk otlaryny goparyp, näzik, atyr ysly gülleri ekýär. Bir sebäbe görä arasyna sowuklyk düşüp, soň-soňlar hiç tarapdanam ýylylyk ýetmänsoň, «Demirgazyk buzly ummana» öwrülen ynsan gatnaşyklaryny «eredýär». Maşgala gatnaşyklaryny Jeýhun derýasyna öwrüp, mele topragyny gülzarlyga dönderýär. Şol sebäpli-de parasatly halkymyz häli-şindi gadyr bilen baglanyşykly sözleri: «Pylanynyň gadyry başga», «Gadyr gaýyn bilen gelinde», «Gadyryňy bilýän adam» diýen ýaly jümleleri ulanýandyr. Gadyry bilinýän adamy bir synlap görüň! Onuň dünýäsi, ýürek telwasy başgadyr. Ol öz başaran ýagty işlerine öz ýanyndan hoş bolup, ýene-de gowulyklara ulaşýar. Şeýlelikde, onuň biri müň bolar. Rysgaly açylyp, bagty daş ýarar. Onsoň şeýle adam saňa garyndaşlyk gatnaşygy taýdan ýat bolsa-da, ýüreginiň ýakynlygy üçin «Gadyr gijesinde» eden doga-dilegleriň arasynda onuň adyny häli-şindi pyşyrdapjyk aýdarsyň-da, maşgalasyna, çagalaryna, ýedi puştuna saglyk, bagtyýarlyk dilärsiň.

«Gadyr gijesine» her bir maşgala diýen ýaly ýörite taýýarlyk görýär. Dürli-dümen milli tagamlar bişirilip, desterhanlary naz-nygmatlardan doldurarlar. Goňşy-golama, dogan-garyndaşa içi nygmatly okara, hatda sowgat-serpaý iberýänlerem bar. Ikibir, üçbir ýagşy gatnaşykdaky maşgalalaryň bir saçagyň başyna jemlenip, bu «Müň aýdan haýyrly bolan gijäni» bilelikde, agzybir geçirýänleri hem bar. Ýöne «Müň siz-bizlikden bir jyz-pyzlyk» diýlişi ýaly, «Gadyr gijesiniň» berekedi ýagşy doga-dileglerde jemlenýär. Ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygy, mähriban Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň agzybirligi we saglygy Beýik Biribardan dileg edilýär. Dünýä ýüzünde dowam edýän ýokanç sökellikden, belabeter, howp-hatardan halkymyzyň aman bolmagy arzuwlanýar.

Oraza aýynda agyz bekläp başarmasada, ýagdaýyna görä sadaka paýlap, il-güne ýagşylyk eden her bir adam «Gadyr gijesinde» öz-özüne hasabat berýär. Sebäbi şu güne çenli ýaşulularyň aýtmagyna görä, türkmen ojaklarynda kokun kesilip, çapady, pişme ýaly milli süýjüliklerimiz bişirilip paýlanýar, agyz açdyrylýar, baş pitre çykarylýar, malyňdan, baş saglygyňdan sadaka berilýär. Muhammet Pygamberimiz öz hadyslarynda sadakadyr namaz barada şeýle diýipdir: «Namaz şeýtanyň ýüzüni garaldar we sadaka bermek onuň bilini oňurar». Namazy her bir musulman adam öz haýry, sünneti, borjy hökmünde okaýar. Edil elmydama galdawlyk bilen hereket etmek, ýöremek, ylgamak, sport bilen meşgullanmak ýaly, namaz okamak arkaly musulman halklary herekete beslenýär. Dünýä lukmanlarynyň belleýşi ýaly, namaz okaýan adam nerw ulgamynyň sökelliklerinden goragly bolýar. Türkmen welilerimiziň biri namaz barada şeýle diýipdir: «Ynsan namazlyga çykanda, Allatagala bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Näme dilegiň, arzuw-islegiň bolsa Allatagalanyň göni özüne aýtmaga mümkinçilik döreýär». Halkymyzyň aýdyşy ýaly, elmydama «Ýekäniň ýarany Hudaý». Garry enelerimiz käwagt ýaramaz bir düýş görüp, çagalaryň jan saglygyndan ynjalmasa-da derrew ertesi çörek, süýji-köke paýlaýar. Şeýtmek bilen onuň kalbyna rahatlyk aralaşýar. Sebäbi «Sadaka müň bir belany sowarmyş». Halkymyzyň milli ýörelgelerini giň mümkinçiliklere besleýän hormatly Prezidentimiziň welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky metjitlerde halkymyzyň baş saglygyna, agzybirligine, ýurt parahatçylygyna sadaka bermegi tutuş halkymyzy, aýratyn-da, ýaşuly nesilleri hoşwagtlyga besledi.

Ýurt Baştutanymyzdan, eziz Diýarymyzdan, il-günden müňde-bir razy mähriban halkymyz şu gün, nesip bolsa, agzybirlik bilen «Gadyr gijesine» oturarlar. Ilkagşam asly halal ojaklarda taýýarlanan duz-tagamlardan doly okaralar goňşy öýlere, ýakyndaky garyndaşlara iberiler. Muňa enelerimiz «Gadyr hödür» ýa-da «Gadyr paý» diýýärler. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, şu gün gadyr tagamy bilen agzyňy açmagyň sogaby uludyr. Bu keramatly gijäniň ýene-de bir lezzetli we täsirli däpleriniň biri Hydyr ata garaşmakdyr. Türkmeniň kalbyna öz haýyr-sahawaty, kerem-keramaty, jomart-sahylygy bilen ornaşan Hydyr ata gabat geleniňde, näme dileseň-de, Hak dergähinde kabul bolarmyş. Onuň başam barmagynyň hem süňki bolmazmyş. Türkmen ýaşulularynyň, erkek kişileriniň biri-biri bilen diýseň gadyrly, elleşip salamlaşmagynyň sebäbi hem şoňa görämiş. Hydyr ata gapyňdan iň ýakyn dostuň, goňşyň, myhmanyň hökmünde gelip hem bilýärmiş diýen ynanja görä, kalby ýagşy niýetli ilimizde bu gijede diňe gowy söhbetler kylnyp, myhmansöýerlik dessurlary aňrybaş derejä ýetýär. «Gadyr gijesiniň» ýene-de bir aýratynlygy şu gijede asman melekleri dünýä ýüzüne aýlanyp, Zemine düşleýärmişler. Ýagtylygy, ýakymy, ýalkymy juda söýýän perişdeler haýsy öýüň çyragy ýanyp duran bolsa, şol ýerde ýük ýazdyrarmyş. Il gürrüňlerine görä, perişdeler öýüňe düşlän halatynda nähili ýagşy doga-dilegler edýän bolsaň, şol hasyl bolarmyş. Kalby baharly türkmeniň bolsa elmydama, ilkinji nobatda, baş arzuw-islegi il-günüň berk jan saglygy, uzak ömürliligi, rysgal-berekedi we at-abraýydyr. Gadyr gijesinde eden doga-dilegleriňiz, okan aýat-töwirleriňiz, beren sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!

Her ýyl «Gadyr gijesi» mynasybetli hormatly Prezidentimiziň bendilikde oturanlary azatlyga çykarmak baradaky Permana gol çekmegi ulus-ili tüýs ýürekden begendirýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini ösdürmeginiň netijesinde bu gün ýüzlerçe maşgalalary bagt Güneşi çoýar.

Rowaýata görä, bu gijede diňe bir özüňe däl, eýsem, hossarlyk aladasy, elinden gelen ýagşy işi, ýakyn kömegi bilen kalbyňa «gadyr gülabyny» sepen ynsanlara eden ýagşy dilegleriň has çalt ýerine ýetermiş. Şeýle doga-dilegler öz yhsan-ygtykady bilen töweregine atyr ysyny şol saçar durarmyş, saçar durarmyş...

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

19.05.2020ý.

Öňki makala

PIKIR HOŞALARY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR