KYRKGÜNLÜK ÇYKYPDYR

Ony ýanymdaky gelin daşyndan aýtdy. Men bolsa häliden bäri burnuma urýan ýakymly ysdan bireýýäm «serhoş» bolupdym. Ýaşlygyň, obanyň, ataly-eneli günleriň seleňligi kalbyma dolup, hakykatdan-da, bu kükeýän ysyň kyrkgünlügiňkidigine magat göz ýetirmek üçin, didelerimi uzaklara dikipdim. Ahyr hem arzylysyny tapan gözler üýşmek bolup duran gawunlaryň ýanynda göwrämi-de egledi. Gawun eýesi tüýs daýhan adam ekeni. Ýüzi ýele-güne gaýzygan bolsa-da, nurana gözlerinde zähmetiň ýalkawy, ellerinde yzy görnüp dur. «Alyberiň, gyzym, saýlanyň bäş manatdan». Göwnüň höwes eden zadynyň belli bahasy ýok ahbetin. Çagalara tüýs laýyjak bazar sowgady-da. Begeneni nämä degmeýär. Içki oýlara berilsem-de, ellerim kyrkgünlügiň iň gowularyny saýlaýardy. Daşy keşdelije, ysy janyňy alyp barýan, tegelejik kyrkgünlükleriň. Sebäbi adam belet zadyna diňe bir gözi bilen däl-de, eýsem, mizan terezisi ýaly ellerinde saldarlap görübem, kokap duran hoşboý ysy arkaly-da baha berip bilýär. Kyrkgünlükleri ýeke-ýekeden ysgaýarkam, aňymda ýyldyrym çakan ýaly bolup, öz keşbimiň ýuwaş-ýuwaşdan ejeme öwrülip barýandygyna ynanman bilmedim.

Aslynda, ejem çarwa gyzy bolsada, ak-gök ýetişdirmegiň hem ussadydy. Gawun bişikde ähli zady jana derman hasaplanýan şirinligiň hiç zady yrýa edilmezdi. Aýratyn-da, tohumlyk çigitleri... Onsoň diňe bir öz mellegimizde ýetişdirýänlerimiziň däl, eýsem, sowgat-salamlyk gelen bolsa-da, ýa-da goňşy obalara toý-märekä gidilse-de, delräk tagamly kädiköweräniň, süýji gawunlaryň çigidini hökman sorap alyp gaýdardy. Başarsa daşynyň paçagy bilen bile guradardy. Ine, onsoň ýaz gelip, mart ahyrlaberende ilki ekjek çigitlerini aýratynja gapda ezerdi. Oňa çenli oglanlaryna mylgyrap duran mele ýeri täzeden depdirip, galan-gaçan çaýyr-çöňňeleri çöplederdi. Bizem kiçiler bolup itenekçomanak edişip yzyndadyrys olaryň. Ezilen tohum şinelän dessine joýa çekiler. Onuň içinde durup gämikläp gawun ekmegiňem, çigitli gapdan dört-bäş sanysyny atyp bermegiňem lezzeti başgaçady. Gawun ekmegi ejem hiç kime ynanmazdy. Özi ýaltanman-ýadaman joýalap ekip çykardy. Ýyl ýagynlyrak geläýse dagy, hemmämiz ejeme öýkünüşip, joýalaryň içinde kökenekdik. Kim her gämigiň üstüne ýagyn alyp gitmez ýaly, çöp-çalam goýuşdyrsa, käbirimiz odunhanadan laýyjaklaryny getirip bererdik. Ikigulajyk bolup bir gämikden dört-bäş sany ýa-da ondan azrak gawun çigidi gögerende welin, diýseň begenerdik. Mazaly eýigensoň, olaryň iň berdaşlysy goýlup, ýekeleme geçirilerdi. Şeýdip bir gün «Ynha, kyrkgünlügimiz telpekledi» diýersiň, ýene bir gün «Gol ýaýratdy» diýler-de günler yzly-yzyna geçer gider. Saryja güllerini ýeliň ugruna ykjadyp oturyşyny-da, togalajyk ternejiklerini synlap hem onuň çaltrak bişmegine garaşar ýörersiň. Çagalygyň şüwlümlije oýunlary bilen başagaý bolup ýörşüňe, soň-soňlar birhili ýatdan çykaranyňy hem duýman galarsyň. Ýöne bir gün welin... Wah, şol günüň, şol pursadyň gurbany bolsaň! Şojagaz pursat — käbämiň birden saçagyň başyndan turup, ýumruk ýalyjak bolup mellege tarap ylgaşlap barýan müddetini häzir yzyna dolap bolsady, dünýe malymy, elde barymy gurban ederdim. Şemalyň öwüsginine goşulyp gelen kyrkgünlügiň ysynyň ejemi şol ýagdaýa salanyna soň-soň düşünip galdyk. Günortanyň tüp yssysynda çagalaryny begendirmek telwasy ol görgülini has odukdyran bolmaly. Joýalary ýeke-ýekeden aýlanyp ýörşüne ejem usullyjak bilen biýaralary galdyryşdyryp görerdi. Birden bişmedik gawuny sapagyndan tändiräýmäýin diýen ätiýaç bilen hereket ederdi. Gözlegini tapmansoň aramaram ýerinden galardy-da töweregine ysyrganardy. Duýgular adamy aldamaýar diýleni çyn bolmaly. Ejemiň gawunyň ysy gelýän tarapa joýa aşyp, ýumlugyp barşy häzirlerem göz öňümde dur. Çyn bişen kyrkgünlügi bolsa beýleki gaty gawunlaryňky ýaly sapagyndan üzmegem gerek bolmaz. Ol özbaşyna tänipjik, burugsap ýatandyr. Onuň ysyny duýup, ilkinji gezek ýerden göterene sogap ýazylarmyş diýen gürrüňe bak-a! Türkmeniň ýere bolan mähri, şirin-nabat bag-bakjasyna bolan söýgüsi, halal zadyna aýawly garamak baradaky pelsepesi şunda jemlenýän bolaýmasa. Gawun ýerden göteriler-de, getiriler saçak başyna. Biziň begenýänimizi görübem, çaga ýaly erni bir ýere gelmez. «Hany, ataňyz nirede? Baryň çagyryň, agzybirlik edeliň!» diýer pahyr. Ejemiň häsiýetine belet ulularyň biri eýýäm gapymyzdaky daşguýudan suw çekip durandyr. Sebäbi yssy howada ir-iýmişi sowatman iýmäge käbäm hiç mahal rugsat bermezdi. Üzüm bolsun, erikdir şetdaly... bir salym sowuk suwuň içinde goýup, soň orta çykarylardy. Aňyrdan ardynjyrap gelen kakama söýünji habary bar ýaly, ýylgyrjyrap buşlugyny ýetirer onsoň. «Kyrkgünlük çykypdyr» diýip. Kakam pahyr öýkelegräk bolansoň, ejem jan gadyr-gymmatyny has-da artdyrardy: «Geliň, oglanlaryň atasy, siziň eliňiz gelşip dur, gawun kesmäge» diýerdi. Kiçijik çakgy şundan soň togalajyk kyrkgünlügi hemme kişä deň-derman paýlar. Hatda artanja dilimi myhman haky diýibem goýlar. Birdenkä goňşymyz Miwe daýzanyň ýa-da Täç mamanyň geläýmesi bardyr, eline igini alyp. «Onsoň paçaklary görüp ymsynaýmasyn. Ilkinjije zady näçe köp adam iýse, şonça-da bereket inermiş» diýerdi ejem jan. Yzyndan hem öten-geçenler ýatlanyp, degsin ediler, agzybirlikde el galdyrylar. Göräýmäge, «aňra habar, bärä şüweleň» bolan şol birje dilim gawun hiç zat däl. Ýöne onuň biz — çagalara ýetiren täsiri welin ömürlere barabar ekeni. Her kimiň hakyna kaýyllygyny, ynsaplylygyny, maşgala agzybirligini, goňşy hatyrasyny saklamagyň sapagy ekeni. Şol bir dilim gawun soňra bize behişdi nygmatyň keramatyna düşünmäge, ene topragyň, ata Watanyň gadyryny bilmäge itergi berdi. Hawa, dek şu gije-gündizde kyrkgünlük çykypdyr. Onuň ýakymly ys-a onki süňňüňi bogunma-bogun söküp, elendirip barýar. Özem daşynyň jäheklije keşdesi bilen ömrümiziň iň bagtyýar pursatlary baradaky ýatlamalary bize peşgeş berýär. Sebäbi biziň kalbymyz şol wagt bir dilim kyrkgünlükden dälde, eýsem, ata-enemiziň nury didesinden ganan ekeni.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

23.05.2020ý.

Öňki makala

GÜL WE ŞEMAL (TYMSAL)

Indiki makala

MILLI ÇAGA OÝUNLARY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR