ÝÖRJEN-ÝÖRJEN BOL, BALA!
«ROWAÇ ÝOLLY BALALAR» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Käteler kalbyňy üýtgeşik bir duýgy eýeleýär. Akylyň ymykly goýalyşyp, kämilligiň dury güzerinden goşawuçlap ganýarkaň, özüňi baýlyk-begligiň-de, şan-şöhratyň-da, ýaşlaryň küýseýşi ýaly täze geýim-gejimdir gymmat bahaly atyryň-da gyzyklandyrmaýandygyna gözüň ýetip durandyr. Ýöne müň bir öwüşginli durmuşyň özüňe degişli we senden sowarak bolan aladalaryndanmy ýa-da perzentleriň baradaky arzuwlaryň entek diňe hyýallaryňa hemdemliginden... bilmersiň.
Gitdigiçe ýukalyp barýan ýüregiň, il-güne haýryny ýetirmek isleýän höwesleriň üýtgeşik bir, gaty üýtgeşik — gözellik, kirsiz-kimirsiz söhbetdeşlik, buýtar-suýtarsyz jogap küýsär. Şol pursat yzyndan kowalap gelýän doganyna ýetdirmän gujagyňa dolan naşyja ynsany mähir bilen bagryňa basanyň-da welin, dünýäň egsilmez şatlykdan dolar. Ulujaňy hem öýkeletmejek bolup, ugruny taparsyň. Gulajygyna çalaja pyşyrdap: «Sen meniň akyllyjamsyň, gyz jigiň bilen deň bolsaň ulalmarsyň. Sen ataň, kakaň ýaly güýçli bolmalysyň!» diýip köşeşdirersiň. Olaryň kokap duran gül ysy, ýöntemje ynanjaňlygy, tämiz gülküleri hälki ýiti küýsegiň edil emi-ýomy bolaýar. Onsoň çagalyk dünýäsiniň altyn ýumagyny çözlärsiň-de, edil keşde çekişiň ýaly kalbyňa gaýap ugrarsyň... Ynsan durmuşyna bagt kuýaşyny çaýýan balalaryň dünýä inen pursadyndan başlap, her günde, her sagatda her bir bagtyýar maşgala eçilýän şatlygy, agylary we gülküleri bilen heýjana salşy birmebir göz öňüňden geçer. Olaryň sagdyn ösmegine, bedeniniň bekemegine, ilhalar häsiýetleriniň kämilleşmegine ägirt uly täsirini ýetirýän milli çaga oýunlary baradaky pikirlere täzeden berlersiň-de, ýazgylaryňy dowam edersiň.
Halkymyzyň «ýöremek» sözüne aýratyn üns berişi hoşuňa geler şu pursat. Sebäbi ýörän — «Gyrmyldan gyr aşar» diýipdir ata-babalar. Täze bir zadyň başyny başlanyňda: «Nähili, işiň ýöreýärmi?!» diýilýändir ilçilikde. Üstünlikleriň syry gözlenende: «Diňe öňe ýöre, ýör, öňe!» diýlip maslahat berilýändir. Ine, ýaşyna ýetip barýan çagaly öýden häli-şindi: «Oguljygyň ýa-da gyzjagazyň ýöräp başladymy?» diýip soralmagy hem asyl tutuş durmuşy düzýän işleriň gözbaşy bolsa nätjek! Ýöräp başlamak üçinem biziň perzentlerimiz makalalar toplumymyzyň başynda ýeke-ýekeden suratlandyrylyşy ýaly, birnäçe özgerişleri başdan geçirýär. Ilki garynjygynyň üstüne ýatyp, iki ýana togalanýar. Bagry bilen süýşüp guwandyrýar. Soňra az-kem oturmaga endik edýär. Onuň yzy bilen emedekläp başlaýar. Ýerinden galmaga, özbaşdak durmaga çalyşýar. Aýagynyň üstünde ymykly durup bilýändigine göz ýetirenden soňra welin, ýöremäge höwes edýär. Ýöne şeýle-de bolsa çaga birbada özbaşdak ylgap gidibermeýär. Ilki nämedir bir zatjyga ýapyşyp ýöränini kem görmeýär. Biri-birine ýakynjak duran öý goşlarynyň, gapydaky golaýjak ösüp oturan baglaryň arasynda eljagazlaryny galgadyp ýöräp öwrenýär. Jaýlarymyzyň diwarlary-ha asyl her birimiziň ýöremegimize, maňlaýymyzy diremegimize sebäp bolan seždegähimizdir. Edil şu pursatda — balalaryň ýöremäge başlan müddetinde parasatly halkymyzyň oýlap tapan «Ýörjen-ýörjen» milli oýny olara diýseň uly goltgudyr. Bu oýun oýnalanda çaga bilen gaty araňy açman oturan ýeriňden elleriňi öňe uzadyp: «Gele-gele» sanalýar:
Gelsin-gelsin, mazym gelsin,
Bir algyrja tazym gelsin...
— diýip, çaga ýöremäge höweslendirilýär. Ol ellerini öňe uzadyp, ýöräp başlanda: «Haý berekella, meniň goçum zordur, görgürdir, duýgurdyr, ýörgürdir...» diýip waspy ýetirilýär. Gelip gujagyňa dolansoň, ýaňaklaryndan ogşap, mähirläp, oňa guwanýandygyňy bildirmegiň ähmiýeti bolsa diýseň uludyr. Çaganyň saglygyna, hereketliligine görä käteler ýaltanaýmagy hem bardyr. Şeýle ýagdaýlarda ony gowuja görýän bir zatjygy — süýjümidir köke ýa-da jäjejik bilen höweslendirmek zerur bolýar.
Çaganyň özbaşdak ýöräp başlamagy her bir maşgala şatlyk getirýär. Sebäbi wagtynda ýöremek çaganyň sagdynlygynyň, bedeniniň berkliginiň, dogry iýmitlendirilýändiginiň, ösüşiniň kada laýykdygynyň subutnamasydyr. Şol sebäpli her bir ýaş ene tä çagasy ýaşyna ýetýänçä maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde bolýandyr. Her aýda bir gezek körpäniň agramynyň, boýunyň ölçenmegi, sanjymlarynyň wagtly-wagtynda geçirilmegi hem hut ösüş aýratynlygy bilen baglydyr. Şol sebäpli-de pederlerimiz perzentleriniň ýöremegine aýratyn üns beripdirler. Garry eneleriň agtyklary ýöräp başlansoň ýerine ýetirýän «Ädim çörek» dessurynyň hem baý many-mazmuny bar. Bu dessur ýerine ýetirilende çaganyň aýaklarynyň arasyndan geçer ýaly süýtlüje kökejik bişirilip, deň-duş çagajyklary bir ýere ýygnalýar. Balalar tegelenişip oturansoň, çagany kybla tarapa bakdyryp, «Gele-gele» sanalyp ýöredilýär. Onuň ädimjikleriniň arasyndan üç sany külçejigi tigirläp goýberýärler. Töwerekden: «Gutly bolsun, ädimleriňiz batly bolsun!», «Ýol bolsun!», «Ýoly ak bolsun!» diýen ýaly ýakymly arzuwlar aýdylýar. Gadym döwürlerden bäri eli çeper gelinler çagajygynyň ilkinjije ädimini oňlap, kiçijik halyçajyk hem dokapdyrlar. Oňa garry eneler «Ädim haly» diýip at beripdirler. Halyça gadam basan çaga ýagşy doga-dilegler edilip, arzuw-islegler aýdylypdyr. Şeýdip müň bir höwes bilen ýola salnan balanyň şanyna şatlyga beslenmek halkymyzyň iň gowy toý dessurlarynyň biri bolup galypdyr. «Ädim çörek» dessuryna gatnaşmaga, ýola düşen balajygy gutlamaga baran myhmanlara hormat hökmünde süýtli külçe we süýtli aş paýlanypdyr. Yzyndan çagalaryň ekabyrragyna goşgudyr matal aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnatmak arkaly dabaranyň gyzygy has artdyrylypdyr. Myhmançylykdaky ýaş eneleriň biri-biri bilen ýakyndan gürrüňdeş bolmagynyň, özara pikir alyşmagynyň netijesinde çagalaryň her biriniň ýerine ýetirýänje hereketleri, edýänje işleri, oýun-gülküleri gözden geçirilipdir. Olary terbiýelemegiň milli ýol-ýörelgeleri ýatlanypdyr. Şeýle agzybir gatnaşyklaryň pugtalanmagynda, her bir maşgalada ilhalar perzentleriň ösüp ýetişmeginde milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti diýseň uludyr.
Ýörjen-ýörjen ýör, çaga,
Bagt menziline bar, çaga.
Arkadagyň döwründe,
Nesibäňi gör, çaga!
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
30.05.2020ý.