Il içinde şeýle bir gürrüň hem bar.
Ogluny gözli-başly etmäge hyýallanan adam obanyň ýaşulusynyň ýanyna baryp, gudaçylyk üçin kimiň gapysyny kakmagy maslahat berýändigini sorapdyr. Goja köpügören, köp pikirlenip oturman:
— Daň säher bilen kimiň öýünden darak sesi çyksa, şol maşgala habaryňyzy aýdaýyň — diýipdir.
Darak sesi türkmen üçin mukam mysalydyr. Halynyň nagyşlary bolsa saza goşulan jümleleridir. Türkmen öýi at toýnagynyň dükürdisi, haly daragynyň bady bilen dem alýar. Toýnagyň dükürdisini, darak sesini diňläp, ondan many çykarmak türkmen durmuşynda adaty ýagdaýdyr. Ol köňlüň şatlyk-gaýgysyny, begenjini, howsalasyny aňladýar.
* * *
Haly — halkymyzyň gözellik dessany. Ol dessanyň dili şahyrana dil, ýüregiňi heýjana salýan dil. Haly — daşarky dünýä telwasly göwnüň mukamy. Adam syrly dünýä, ony açyp bolmaýar, ýöne sungat ony açmagyň syrlaryny hemişe gözleýär. Adam — uly dünýädäki kindiwanja dünýä. Indi şol kindiwanlyk bilen ägirt uly dünýäniň — bitewüligiň arasyndaky açary bolup milli sungatymyz döredilipdir. Türkmen halysy şol açardyr. Ol ynsan göwnüniň açarydyr. Ol ynsan dünýäsine baka ýoldur. Ondan asyrlyk dessanyň manysyny ýorup bolýar.
Halyda halkymyň ykbaly ýazylandyr!
Haly atalarymyzyň keramat saýan beýikligidir.
Haly türkmeniň ömrylla synmajak bitewülik aýdymydyr.
Eger-de milli filosofiýanyň simfoniýasy döredilmeli bolsa, türkmen üçin ol türkmeniň müň öwüşginli halysydyr.
“Nesil” gazeti,
02.06.2020ý.