TÜRK­MEN HA­LY­SY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ar­zy­sy bar­ha art­ýar. Il-günüň kal­by­na de­ňelýän ne­pis we owa­dan ha­ly­la­ry­myz me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň iň aja­ýyp sun­gat ese­ri hök­mün­de bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­men ha­ly­sy — mu­nuň özi hal­ky­my­zyň mil­li ta­ry­hy­nyň sa­ka­sy, göz­li çeş­me­si­dir.

Türk­men gelin-gyzlarynyň uz bar­mak­la­ry­nyň gud­ra­tyndan dö­re­ýän ha­ly önüm­le­ri türk­me­niň dur­mu­şy­ny be­ze­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den «Agyr ha­ly­ny ka­kyp bol­maz, ow­nuk daşyn dö­küp bol­maz» ma­ta­lyn­dan as­man gi­ňiş­li­gi­niň äpet ha­la, onuň ýyl­dyz­la­rynyň bol­sa ha­ly göl­le­ri­ne meň­ze­dil­me­gi bu aja­ýyp sun­ga­tyň mu­kad­des­li­ginden ha­bar ber­ýär.

Was­py des­sa­na myna­syp türk­men ha­ly­la­ry müň­ler­çe ýyl­la­ryň dowa­myn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş yk­ba­ly­ny özü­ne siň­di­rip­dir. Onuň her bir nag­şyn­da, gö­lün­de enä­niň gy­zy­na ün­de­wi, edep­li gy­zyň ene-atasy­na, ger­çek aga­sy­na sar­pa­sy, sö­wer ýa­ry­na we­pa­sy jan­lan­ýar. Ha­ly do­ka­lan­da in­çe çit­mek, te­kiz gyr­mak us­sat­lyk ha­sap­lan­ýar. Müň­ler­çe çi­tim­le­riň, öý­düm­ler­dir gy­rym­la­ryň mu­kam­la­ra ça­lym ed­ýän da­rak kakma­la­ryň esa­syn­da dö­rän bu gym­mat­ly se­net­de pe­der­le­ri­mi­ziň dur­muş ha­ky­kat­la­ry, ro­wa­ýa­ty wa­ka­lar jan­lan­ýar.

Hä­zir­ki «älem», «ýeň­se», «go­çak» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan na­gyş­lar çar­wa­çylyk we eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan ga­dy­my ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mad­dy me­de­ni­ýe­tin­de, sun­ga­tyn­da uly orun ta­pyp­dyr. «Ta­zy­guý­ruk», «çar­hy­pe­lek», «sa­ry­go­lak», «ata­nak», «şel­pe­li göl­çe», «go­çak» ýa­ly na­gyş­lar müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da gö­zel­li­gi­ni ýi­tir­män, şu gün­le­ri­mi­ze ýe­ten meş­hur ha­ly­la­ry­myzy be­ze­ýär­ler. Se­kiz­burç­luk türk­men ha­ly­la­ry­na we gyz-ge­lin­le­riň eşik­le­ri­niň na­gyş­la­ry­na sa­lyn­ýar. Ola­ry «göl­le­riň», «çem­çe­göl­le­riň» umu­my su­du­ryn­da, «se­kiz­keş­de­le­riň», «se­kiz­go­çak­la­ryň», «sag­dak­la­ryň» we beý­le­ki na­gyş­la­ryň şe­ki­lin­de gör­mek bol­ýar. Oguz han atamy­zyň döw­rün­den göz­baş alyp gaýd­ýan se­kiz­burç­luk bu gün Ga­raş­syz, he­mişe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy­nyň da­şy­ny be­ze­ýän şe­ki­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy­na gi­rizi­len se­kiz­burç­luk ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ga­lan mi­ras­dyr.

Türk­men ha­ly­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly yl­my bar­lag­la­ry alyp bar­ýan tür­ki­ýe­li pro­fes­sor Di­ýar­be­kir­li na­gyş­la­ry­nyň çe­per­li­gi we gal­dyr­ýan tä­sir­le­ri­niň çuňlu­gy ba­bat­da ha­ly­la­ry­my­zy türk­men hal­ky­nyň ama­ly sun­ga­ty­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji ha­tar­da goý­ýar. «Hut ha­ly­lar­da we ha­ly önümle­rin­de halk be­zeg­çi­lik sun­ga­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry özü­niň has aý­dyň hem çe­per be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr» di­ýip, alym nyg­tap bel­le­ýär. Hal­kyň ru­hy me­de­niýe­ti­ni, onuň gö­zel­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly dü­şün­je­le­ri­ni özün­de jem­län ha­ly­lar ne­pis­li­gi bi­len aky­ly­ňy haý­ran ed­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň howan­dar­ly­gyn­da ha­ly­çy­lyk se­ne­di has-da ös­dü­ril­di. Bu gün­ki gün türk­men ge­lingyz­la­ry ga­dy­my, mil­li ha­ly se­ne­di­mi­ziň täzeden-täze nus­ga­la­ry­ny dö­red­ýärler. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ar­şyň ne­pis­li­gi» at­ly ki­ta­byn­da bel­leýşi ýa­ly: «Ha­ly — hal­ky­my­zyň ga­dy­my hem mü­di­mi, owal-ahyr yg­rar­ly sun­gaty­dyr». Beý­le sun­gat bol­sa el­my­da­ma sar­pa­lan­ma­ga, ta­ry­py­ny be­lent tut­ma­ga my­na­syp­dyr.

Öň­ki dö­wür­ler­de bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de-de da­şa­ry ýurt­lu­lar türk­men ha­ly­la­ry­ny örän sar­pa­la­ýar­lar. Mil­li ha­ly sun­ga­ty­myz bu gün­ki gün da­şa­ry ýurt­lar­da we öz ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re gat­naş­dy­ryl­ýar. Türkmen ha­ly­la­ry hal­ka­ra ser­gi­le­rin­de da­şary ýurt­ly ha­ly­şy­nas­la­ryň söý­gü­si­ne, ýo­ka­ry ba­hasy­na my­na­syp bol­ýar. Ulu­ly­gy bo­ýun­ça dünýä­de iň äpet ha­ly hökmün­de «Al­tyn asyr» atly türk­men ha­ly­sy­nyň Ginne­siň re­kord­lar ki­taby­na, türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KOnyň Adamzadyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sanawyna girizilmegi äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar üçin ju­da ýa­kym­ly­dyr we buý­sanç­ly­dyr.

Me­de­ni­ýe­tiň we sunga­tyň iň ga­dy­my ojakla­ry­nyň bi­ri bo­lan Türkme­nis­tan — gö­zel ha­lyla­ryň Wa­ta­ny. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men hal­ky­na şan-şöhrat geti­ren ha­ly sun­ga­ty­na, ony çe­per el­le­ri bi­len dö­red­ýän türk­men gelin-gyzlaryna uly sar­pa goý­ýar, ök­de ha­lyçy­la­ry Şa ser­paý­la­ry bi­len sy­lag­laýar, hor­mat­ly at­la­ry dak­ýar. Aja­ýyp we ga­dy­my se­ne­di­mi­ze bo­lan be­lent sar­pa­sy üçin ha­ly­çy­la­ry­my­zyň mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­ly­gy tü­ke­nik­siz­dir. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, aja­ýyp ha­lyla­ry­my­zyň asyl­ky şöh­ra­ty­ny dün­ýä doldu­ran mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zy, şeý­le hem üýt­ge­şik gö­zel­li­gi dö­red­ýän ha­ly­çy gelin-gyzlarymyzy, äh­li wa­tan­daş­la­rymy­zy maý aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de bel­le­nil­ýän Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ramy bi­len gut­la­ýa­ryn!

Dur­sun­je­mal SA­RY­ÝE­WA,

TMÝG-niň Dä­new et­rap Ge­ňe­şi­niň Gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

“Türkmen dünýäsi” gazeti,

28.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR