Özüniň nähili ýanýandygyny aýtmaga mejaly bar bolsa, ol ölügsi otda ýanýandyr.
* * *
Iň uly baýlyk — adamlaryň gatnaşygydyr.
* * *
Mähirlilik we sadalyk — belentligiň sakasy, mylaýymlyk we mylakatlylyk — adamyň bezegi, utanç-haýa onuň iňňän owadan, bezemen eşigidir.
* * *
Betbagtyň ýanynda bagtly bolup görünmek utanç ýaly bolup duýulýar.
* * *
Münüp barýan ýabyň çarkandak ýolda büdräp başlasa, ony gamçylaman, ýoluny uzagrakdan görer ýaly başyny dikräk tutmaly.
* * *
Eger saňa syr ynanýan bolsalar, sen ony doga gaplan ýaly etgin.
* * *
Özüňem ony ile jar etmeg-ä beýlede dursun, gaýtam, ony bilýändigiňem aňdyrmagyn.
* * *
Hakyky gözellik hiç bir kelç-külçüň ýok ýerinde akyllary haýran edýändir.
* * *
Ozal başynda berk binýat tutulmasa, berk bina gurmaga synanyşmak peýdasyzdyr.
* * *
Gözbaşy arassa akabalar hemişe-de şol durşuny saklaýandyr, elmydama gereklidir.
* * *
Ykbalyň gülüp bakýan wagty özüňi mynasyp alyp barmak — onuň senden ýüz öwren wagtyndakydan kynrakdyr.
Taýýarlan Akgül BAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň uly laboranty.
“Nesil” gazeti,
02.07.2020ý.