ADAM WE AHLAK

Jem­gy­ýet adam­lar­dan yba­rat. Adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar, esa­san, ah­la­gyň, huku­gyň, di­niň we ada­tyň ka­da­la­ry bi­len düzgün­leş­di­ril­ýär. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da ada­tyň we di­niň ka­da­la­ry­nyň eriş-ar­gaç ki­min sep­leşip gi­den­dik­le­ri se­bäp­li, ola­ry ta­pa­wutlan­dyr­mak ju­da kyn. Hä­zir­ki dö­würde jem­gy­ýet­çi­lik düz­gün­leş­di­ri­ji­le­ri hök­mün­de ah­la­gyň we hu­ku­gyň kada­la­ry öňe çyk­dy. Ah­lak ka­da­la­ry­nyň düz­gün­leş­dir­ýän gat­na­şyk­la­ry hu­kuk ka­da­la­ry­nyň­ka se­rede­niň­de has giň.

Şu wa­jyp jem­gy­ýetçi­lik äh­mi­ýet­li me­se­le bi­len bag­ly ataly-ogluň ara­syn­da bo­lup ge­çen gür­rüň­deş­li­gi ýaş­la­ry­my­zyň aňy­ny we dün­ýä­ga­raý­şy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ola­ra ýe­tir­mek­çi bol­ýa­rys.

SOWAL: — Ata, synpdaşlarymyzyň arasynda ahlak-hukuk edebi barada çekişme boldy, dürli pikirler aýdyldy, ýöne garaýyşlarymyzy çugdamlap bilmedik. Ýaşuly nesil bilen maslahatlaşmaly diýen netijä geldik. Siziň pikiriňizçe, ahlak-hukuk edebini biri-birinden nähili tapawutlandyrmaly?

JOGAP: — Og­lum, ka­nun­lar­da raýatlaryň hukuklary we borçlary berkidilýär. Her bir raýat kanunlarda bellenilen kadalara laýyklykda özüni alyp barmaly. Şoňa hukuk edebi diýilýär. Kanunyň talaplaryny ber­jaý ed­ýän adam hu­kuk ede­bi­ne eýedir. Bilşimiz ýaly, ahlak kadalarynda adamyň ynsan gatnaşyklarynda we şahsy durmuşynda özüni alyp barşy kesgitlenilýär. Agzalan talapla­ry ber­jaý edi­şi­ňe bag­ly­lyk­da hem seniň ahlak edebiň ýüze çykýar.

SOWAL: — Ata, onda adamyň medeniýeti-de ahlak-hukuk edebine görä kesgitlenýärmi?

JOGAP: — Ha­wa, kö­şe­gim, hut şeýle. Şahsyýetiň ahlak medeniýetinden onuň ahlak sowadyny, şoňa laýyklykda döreýän ahlak aňyýetini, şondan gözbaşyny alyp gaýdýan ahlak edebini görmek bolýar. Bularyň hemmesiniň aňyrsynda halkyň ahlak garaýyşlary we ýörelgeleri saklanyp, onuň binýadynda döwletiň kanunlary bar. Kanunlaryň hili pes ýa-da döwrüň talaplaryndan yza galýan bolsa, onda adamlaryň hukuk medeniýetem kä­mil de­re­je­de bo­lup bil­mez.

SOWAL: — Ata, aýdanlaryňyzdan ugur alnanda, ahlak kadalaryna düşünmegiň öz jogapkärçiligi hem bar ýaly.

JOGAP: — Og­lum, edil hu­kuk ka­da­la­ry bo­zu­lan­da­ky ýa­ly jo­gapkärçilik ahlak kadalarynyň talaplary bozulanda hem döreýär. Dogry, bu ýer­de hiç hi­li mej­bu­ry çä­re­ler ulanylmaýar, sebäbi ahlak kadalarynyň ýerine ýetirilmegi meýletinlige esas­lan­ýar. Ýö­ne jem­gy­ýe­tiň ýaz­garmagy we ahlaksyz adamy özünden çetleşdirmeginiň täsiri hem uludyr. Tej­ri­be­de ah­lak tem­mi­le­ri­niň baş­ga görnüşleri-de ulanylýar (utandyrmak, duýduryş bermek, düzelmek üçin möhlet bellemek, tertibe çagyrmak, terbiýeçilik işlerini geçirmek üçin maşgalasyny, okaýan ýa-da işleýän ýerini habarly etmek we beýlekiler). Bu çäreler aýry-aýrylykda ýa-da toplumlaýyn hem ulanylyp bilner.

SOWAL: — Ata, ahlak temmisi nähili tertipde berilýär?

JOGAP: — Kö­şe­gim, men kä­halatlar agtyklaryma edepsiz hereketleri üçin käýinýän-ä, anha, şol ahlak temmisini bermek-dä. Ýaşulular toýda-mä­re­ke­de, ýol­da-yz­da, beý­le­ki jem­gyýetçilik ýerlerinde edepsizlik görkezen ýaşlara bellik edýändirler, şol hem ahlak temmisini bermegiň bir görnüşi-dä. Düýplüräk ahlaksyz hereketlere günäliniň işleýän, okaýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça ýygnaklarda garalýar we oňa gatnaşýanlaryň sesleriniň köplügi esasynda çäre görülýär. Maksadam diňe bir etmişlini ýazgarmak däl-de, eýsem, ony dogry ýola salmak, ahlak bozulmanyň gaýtalanmagynyň öňüni almak, şeýle hem ýygnaga gatnaşýan adamlara çäräniň terbiýeçilik täsirini ýetirmek bolup durýar.

SOWAL: — Ata, onda diýmek, her bir jemgyýetde päk ahlakly adamlar hukuk edebiniň ösmegine-de oňyn täsirini ýetirýän bolmaly?

JOGAP: — Ha­wa, kö­şe­gim, ga­ty dogry bellediň. Arassa ahlakly ynsan­lar el­my­da­ma ýol gör­ke­zi­ji şamçyrag ýaly bolup, döwlet kanunynada, hukuk edebine-de diýseň ygrarly adamlardyr. Şeýle göreldeli raýatlar uly güý­je öw­rü­lip, jem­gy­ýe­tiň sagdyn, durnukly bolmagyna ýardam edýärler.

SOWAL: — Ata, ahlaksyz hereketleriň öňüni almak barada öň gürrüň edipdiňiz. Bu işleri alyp barýan adamlara we olary diňleýjilere nähili talaplar bildirilýär?

JOGAP: — Ha­wa, og­lum, bu köpugurly iş. Olaryň hemmesi diýen ýaly wagyz-ündewe syrygýar. Bu işleri geçirýän adamlaryň kämil ahlakly, at-abraýly bolmaklary gerek. Onsoňam wagyz-ündew işleriniň neti­je­li­li­gi ola­ry gu­ra­ýan­la­ryň bi­lim-sowadyna, ukypdyr başarnyklaryna-da bag­ly bol­ýar. Ýö­ne diň­leý­ji­niň ýeterlik yhlasy bolmasa, wagyz-ündew işiniň miwesi zaýa bolýandyr. Şahyr K.Gur­ban­ne­pe­sow ju­da jaý­dar belläp geçendir: «Öwretmek beýle bir agyr iş däl­dir, öw­ren­mek — şol juda uly wezipe» diýip. Şonuň üçinem atalar pähiminde: «Okadym diýme, bildim diý» diýilýändir. Adam her bir işde özüne berkden-berk talap bildirmäni başarmaly, şu häsiýeti endi­gi­ne öwür­jek bol­ma­ly. Mak­sa­dy­ňa ýetmek üçin kyn-da bolsa dogry ýoly, ýagny ahlagyň we kanunyň talaplaryna doly gabat gelýän ýoly saýlap almaly.

Hawa, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi, asu­da­ly­gy we äh­li ugur­lar­da­ky ynam­ly ösüş­le­ri köp de­re­je­de hal­kyň ah­lak dün­ýä­ga­raý­şy­na we jem­gy­ýet­de ahlak-hukuk ka­da­la­rynyň saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri­ne bag­ly­dyr. Ge­çi­ri­len sel­jer­me­den ýaş­la­ry­myz öz­le­ri üçin şeý­le sa­pak alyp bi­ler­ler:

— kä­mil ahlak-hukuk ede­bi ýaş­la­rymy­zyň ýo­ka­ry me­de­ni­ýet de­re­je­si­niň gör­ke­zi­ji­si­dir;

— «ah­lak bor­jy» we «ah­lak jo­gap­kär­çi­ligi» di­ýen dü­şün­je­le­riň ýaş­la­ryň söz baýly­gyn­da my­na­syp or­ny bol­ma­ly­dyr;

— hiç bir me­se­le­de, şol san­da ah­lak terbi­ýe­sin­de parh­syz ga­raý­şa ýol be­ril­me­li däl­dir;

— jem­gy­ýe­tiň asu­da we ag­zy­bir ýa­şama­gy üçin iň bir ýö­ne­keý­je ha­sap­lanýan bi­düz­gün­çi­li­giň hem öňi hök­man alyn­ma­ly­dyr.

Eziz ýaş­lar, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bize mi­ras gal­dy­ran ruhy-ahlak me­deni­ýe­ti­ne berk eýer­mek ar­ka­ly oka­nymyz­da, iş­lä­ni­miz­de we ýa­şa­ny­myz­da türk­men jem­gy­ýe­tin­de kä­mil ah­la­gyň hö­küm sür­jek­di­gi, ka­nu­nyň we adala­tyň da­ba­ra­lan­jak­dy­gy, düýp­li we yg­ty­bar­ly ösüş­le­riň do­wam et­jek­di­gi şüb­he­siz­dir.

Taganmyrat GOÇYÝEW,

hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.

“Nesil” gazeti,

04.07.2020ý.

Öňki makala

DEŇIZDEN DAMJALAR

Indiki makala

ÜÝT­GE­ŞIK ZE­HIN

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR