ÜÝT­GE­ŞIK ZE­HIN

«Sazy Atda Çaryýewiňki». Bu jümle ýaşy ortadan aňryk ätlänleriň aglabasy üçin tanyşdyr. Çünki ýigriminji ýüzýyllygyň segseninji-togsanynjy ýyllarynda radiodyr telewideniýede häli-şindi ýaňlanan bu jümläni eşitmedik ýok bolsa gerek? Şol döwürde aýdym-sazyň ýaş muşdaklarynyň köpüsi-hä ýaýlymda aýdym-saz ýaňlanyp ugradygy şu üç sözüň aýdylaryna umyt bilen garaşyp ugrardylar. Bu-da ýönelige däldi. Sebäbi şol jümle galapyn olaryň ýaşlyk duýgularyny heýjana salyp, göwünlerini galkyndyraýjak aýdymyň aýdyljakdygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanardy.

Şol döwürde ala-böle Atda Çaryýewiň aýdymlarynyň ýaşlaryň arasynda şeýle meşhurlyk gazanmagyna näme sebäp bolduka?! Biziň pikirimizçe, onuň sebäbi, ilki bilen, Atdanyň aýdym döretmekde ýaşlar temasyny saýlap almagy. Ýöne diňe tema saýlanyň bilen ähli zadyň gülala-güllük bolmajakdygy-da düşnükli. Esasy zat, saýlan temaň boýunça ýaşlaryň näzik duýgularyna täsir edip biläýjek gowy aýdym döretmek. Ana, şu welin, hemme kişä başardyp barýan zat däl. Onuň üçin ýaşlyk ruhy bilen ýaşaýan göwnüň, şol göwnüň bilen bir hörpden gopýan ýüregiň, inçe duýgyň, tebigy zehiniň bolmagy zerur. Ol zerurlyklar bolsa Atda-da jemlenipdi.

Onsoň, arada hormatly Prezidentimiziň il-halkymyz üçin iş bitiren şahsyýetlere guwanmak, olary ýatlap durmak hakynda aýdanlaryndan hoşal bolup gürrüň edip otyrkak, bada-bat Atdanyň ady serime dolup, ol hakda ýazmak pikiri döredi. Halypa sazandalaryň biriniň: «Atda Çaryýew diýibem juda zehinli kompozitor bardy. Bendäniň ömri gysga eken, ýöne şol gysga ömründe-de saz äleminde ep-eslije iş edip, ajaýyp sazlary miras goýup gitmäge ýetişdi» diýmegi bolsa, otuz iki ýyl mundan ozal bu kompozitor bilen bolan duşuşygymyzy göz atuwymda janlandyrdy. Şeýdibem, ýatlamalaryň kölünde gulaçlap ugranymy duýman galdym.

...Ol döwürler ýaşlar gazetinde jogapkär kätibiň orunbasary bolup işleýärdim. Şu günki ýaly ýadymda, 1988-nji ýylyň güýz günleriniň birinde jogapkär kätip Öre Daşgyn bilen ertirki çykjak gazetiň sahypalaryny gözden geçirip otyrkak, gapydan nurana ýüzli bir ýigit içeri girdi. Ol edep bilen salamlaşdy-da, Öre Daşgynowy idäp gelendigini aýtdy. Öre oňa özüni tanadandan soň, birmeýdan gürrüňçilik gyzyşdy.

Häli-şindi onuň adyny eşidip ýören-de bolsam, bu meniň Atda bilen ilkinji duşuşygymdy. Şol gezek ol Öräniň gazetde çap edilen «Çagalar öýündäki ýylgyryp bilmeýän gyzjagaza» atly goşgusyna seslenme getirendigini aýdyp, şeýle diýdi:

— Gowy goşgy eken. Tolgunman okamak mümkin däl. Onsoňam bir zady aýdasym gelýär, men şu goşga sazam ýazdym.

Biz goşgynyň awtory bilen geň galyşyp, biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Goşgynyň çap edilenine ýaňy iki gün bolupdy ahyryn.

— Eýýäm saza-da geçiräýdiňmi? — diýip, Öre birhili geň galyjylykly, ýöne welin begençli ýagdaýda kompozitora seretdi.

— Eýýäm — diýip, Atda elindäki goşguly gazete seredip durşuna aýtdy. — Dogrymy aýtsam, şu goşgyňy saza geçireýin, aýdym edeýin diýen pikir mende ýokdy. Ýöne goşgyny okap otyrkam, pikirden ozal sazyň özi döräýdi. Duýman galypdyryn, goşgynyň aýdyma öwrülenini...

Atda gürläp durka ýüzünde hiç hili ýasamalyk duýlanokdy. Ol gyzjagazyň düşen halyna çyny bilen nebsi agyrap, janygyp gepleýärdi. Bu-da maňa onuň bir häsiýetini açyp berdi. Atda gynanmaly zada ýüregi bilen gynanýan eken. Çyn ýürekden il-günüň gynanjyna gynanyp bilýän adam, onuň begenjine-de ikelläp goşular. Özüm-ä şu häsiýeti ynsançylygyň iň belent ölçegleriniň biri hasaplaýaryn.

Şonda men heniz diňläp görmesemde, Atdanyň täze ýazan sazynyň şowly çykandygyna ikirjiňlenmedim. Çünki ol sazy özüne zor salyp ýazmandyr. Saz onuň ýüreginiň töründen biygtyýar dömüp çykypdyr.

Soňra onuň bilen ep-eslije mahallap gürrüňleşip oturdyk. Gürrüň gyzyşdygysaýy, Atdany gaýybana gowy tanaýan diýip ýörsem-de, onuň döredijiligi babatda heniz juda ujypsyzja bilýändigime göz ýetirdim. Gönimden gelsem, şol mahala çenli ony birnäçe häzirki zaman aýdymlary hem-de telewideniýäniň «Siziň üçin, körpeler!» atly gepleşigindäki hüwdi aýdymyna ýazan sazy bilen tanaýardym. Asyl görüp otursam, bu zatlar Atdanyň döredijiliginiň diňe bir ülşi eken. Ol türkmen multfilmleriniň 10-dan gowragyna, birnäçe sazly dramalardyr telewizion çeper filmlere-de saz ýazan eken. Ýeri gelende, körpelere niýetlenip, häli-häzirlerem teleýaýlymda görkezilýän «Ganatlyja kürrejik», «Sahy goňşy», «Kim güýçli?», «Dutar hakynda rowaýat» ýaly hemmämize tanyş multfilmleriň sazynyň hem Atda Çaryýewiňkidigini aýdasym gelýär.

— Siz ony aýdýaňyz, birmahallar türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşigi-de Atdanyň sazy bilen açylýardy. Onuň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň yzýanlary ýazan «Galkynyş» simfoniýasy dagy joşgunlylygy, owadanlygy, süýjüligi bilen hemmeleri haýrana goýupdy. Atdanyň «Arçabiliň bäş güni» diýen sýuitasy ýaly süýji, ýürege ýakyn eser bolsa juda seýrek döreýär. Bu eserden bölekleri häli-häzirlerem telewideniýedir radiodan eşidenimde ruhum galkyjaklaberýär. Şol pursat ýokary okuw mekdebinde bile okap, umumyýaşaýyş jaýynda bileje ýaşan uçursyz zehinli, sadadan sypaýy Atdanyň syratly, gelşikli keşbi göz öňümde dikelýär — diýip, halypa kompozitor Mämmetsapar Toýlyýew gürrüň berýär. — Unaşyň, gyzyl burçuň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri hakda köp gürrüň edilýän döwri Atda bilen baglanyşykly bir wakany aýdyp bereýin. Bir gezek Atda öýe geldi. Görsem, ol mazalyja sowuklan eken. Şonda men derrew goşa ýumruk ýaly hamyr ýugurdym-da, elinjek aş kesip, unaş etdim. Içine-de Daşoguzdan getiren gyzyl burçumdan birini atyp bir okarasyny içirdim welin, nädersiň onuň tutuş endamy öl-myžžyk bolaýsa. «Der astynda dert galmaz» diýleni, Atda tut ýaly sagalyp ötägitdi. Ol bu wakany köp ýerde aýdan bolarly, şondan soň sähel sowuklasalar ýanyma eňen kärdeşlerim köpelip ugrady. Menem ýaltanman olara burçluja unaş edip bererdim. Deň-duşlarymyň käbiri häli-häzirlerem «Sowuklasaň Mämmetsaparyň ýanyna eňäýmelidir, onuň bişirýän burçluja unaşynyň ysyny alan badyna sowuklama ýazzyny beräýýär» diýip degişýärler.

Zehinli kompozitor ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan dramalarda hem öz güýjüni synap görýär. Ol dramaturg Alty Akmämmedow bilen bilelikde «Bahargül» atly sazly drama ýazýar. Ýaşlaryň durmuşyndan gürrüň berýän dramany häzirki Babadaýhan etrabynyň halk teatry sahnalaşdyrypdyr. Bu dramanyň ýaşlaryň ruhuna laýyk gelýän saz bezegi oňa sahnada ýa-da teleýaýlymda tomaşa edenleriň köpüsiniň ýadynda bolsa gerek. Ençeme aýdymy öz içine alýan bu sazly oýun kompozitoryň ussatlygynyň nobatdaky çelgisine öwrülipdi.

Kompozitor, mundan başga-da, şol döwürde Gurbandurdy Gurbansähedowyň paýtagtymyzyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrylan «Söýginiň wepasy we jepasy», Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasynda goýlan «HüýrlukgaHemra», Oraz Akmämmedowyň Lebabyň döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Ependi» ýaly birnäçe sahna eserlerine saz ýazyp, olaryň şowly çykmagyna ýakyndan ýardam etdi.

Şol döwürde zehinli ýaş režissýor Orazberdi Erekow ýetginjekleriň durmuş wakalaryny suratlandyrýan «Geldi-geçer bolasym gelenok» atly doly metražly telewizion çeper filmine saz ýazmagy Atda Çaryýewe ynanýar. Bu filmde tehnikumlaryň okuwçylarynyň durmuşy beýan edilýär. Onda hereket edýän baş gahryman hem ýaş adam — tehnikumyň okuwçysy. Şeýle bolansoň, režissýor bu kinony saz bilen bezemegi Atda ynanyp diňe utuş gazanypdyr diýmek mümkin. Çünki, öňem belläp geçişimiz ýaly, ýaşlaryň ruhuna Atda ýaly düşünip, saz döredip bilýän kompozitor az-azdyr.

Ýaşlygyna seretmezden tebigy zehinli kompozitory soňky döwürlerde uly göwrümli saz eserleri, balet üçin librettolar özüne çekip ugraýar. Ol türkmen şahyrlarynyň sözlerine ýörite aýdymlar tapgyryny döredýär. Dramaturg Begi Suhanowyň librettosy esasynda «Alybaba we garakçylar» atly balet eserini ýazýar. Ýöne nähili göwrümdäki saz eserini ýazsa-da, ýaşlar temasy Atdanyň esasy temasy bolmagynda galýar.

Ozalky SSSR-iň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň altyn fondy üçin A.Çaryýewiň bäş bölümli sýuitasynyň ýazgy edilendigi hem üns bererlikdir. Çünki ýokary ussatlyk derejesinde ýazylan bu eser Atdanyň ýaşlykda kämillige ýetendiginiň güwäsi bolupdy.

Atda Çaryýewiň ömrüniň soňky ýyllarynda şular ýaly uly göwrümli eserlere ýykgyn edendigine garamazdan, ol ýaşlar hakda, ýaşlyk hakda döwrebap aýdym döredip bilýän kompozitor hökmünde aňymyza siňipdir. Onuň türkmen şahyrlarynyň sözlerine döreden «Ýaş nesil», «Aýdym meniň arzuwym» ýaly aýdymlar toplumlary ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Atdanyň döreden ýüzden gowrak aýdymynyň aglabasy ýaşlara niýetlenilen. Inçe lirizme ýugrulan bu aýdymlar özüniň akgynlylygy, owazlylygy bilen ýaşlaryň aňynda çalt galýar. Ýürekdeşlik, inçe lirizm A.Çaryýewiň sazlaryna-da mahsus häsiýetli aýratynlyk hasaplanýar.

Köplenç, her kompozitoryň özüniň bile işleşýän aýdymçysy bolýar. Bu A.Çaryýewde-de şeýle. Atda diýseň, bada-bat Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Annagül Gurdowa göz öňünde dikelýär. Onuňam sebäbi Annagül Gurdowanyň öz döwründe Atdanyň döredýän aýdymlaryna aýratyn üns berip, olary ürç edip ýerine ýetirenligidir.

— Atdanyň aýdymlary sadadan düşnükli, süýjüje, ýürege ýakyn aýdymlar bolansoň, biygtyýar özüne bendi ederdi. Onsoň onuň bilen döredýän täze aýdymlarymyz ilkinji pursatlardan göni diňleýjileriň ýürek törüne ýol salardy. Dogrusy, ala-böle Atdanyň aýdymlaryny aýtmaga ýykgyn edişim kompozitorlaryň birnäçesine ýarabam baranokdy. Şonuň üçin ýygnaklarda olaryň: «Annagül Gurdowa diňe şonuň aýdymyny aýtmalymy?» diýýän sözleri-de gulagyma degýärdi. Ýöne aýtjak aýdymlarymy men däl, meniň ýüregim saýlaýardy — diýip, Annagül Gurdowa gürrüň berýär. Şeýlelikde, ol kompozitor Atda Çaryýewiň döreden «Gelseň bagtym bolarsyň», «Ýaşlaryň walsy», «Çagyryş aýdymy», «Juwan ýürek joşsana», «Söýmedim seni», «Aýly gije», «Yşka düşen günlerim», «Garaşýan», «Gülleriň maňa», «Gel ýanyma», «Men ol gije», «Mähribanym», «Akja gar», «Altyn söýgi», «Bagtym sen», «Gam çekme» ýaly aýdymlaryň 100-e golaýyny ýerine ýetiripdir.

Elbetde, Atdanyň aýdymlaryny şol döwürde sungat älemine ýaňy gadam goýanlardan başlap, ýüňi ýeten aýdymçylara çenli aýtmadygy ýokdur. Meşhur aýdymçylarymyz Medeniýet Şahberdiýewanyň, Bibi Welmyradowanyň, Ata Ilamanowyň, Hajyrza Ezizowyň aýdan aýdymlarynyň arasynda-da onuň döreden aýdymlary az däl. Arada ussat kompozitor barada makala ýazaýmak pikirimiň bardygyny Annagül Gurdowa ýaňzytdym. Şonda ol meni ikelläp goldap, kän-kän gyzykly wakalary gürrüň berdi:

— Örän sogap iş edýäň. Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly goşant goşan adamlary ýatlap durmak, olara guwanmak barada aýdan ajaýyp sözleri bardyr. Ana, şol sözler Atda-da degişli. Orta ýaşlylar-a ony gowy tanaýandyram welin, Atdany häzirki ýaşlara-da ýakyndan tanatmak gerek. Şeýtsek, onuň gysga ömründe bitiren uly işleri ýaş nesillerimize gowy nusga bolar. Onsoňam, Atda barada ýazjak bolsaň, giňişleýinräk ýaz, onuň gysga ömründe bitiren işleri uly makala mynasyp.

Atdanyň adamkärçiligi, kiçigöwünliligi, sadalygy, ýumşaklygy hem aýratyn söhbet edeniňe degýär. Bu häsiýetler onuň döredýän aýdymlarydyr sazlarynda-da mesaňa duýulýar. Edil çaga ýalydy-da, görgüli. Günüň islendik wagty jaň edip: «Atda, hany, gel, işläli» diýsem, «ýogy» ýokdy, ylgap gelerdi. Özem kişmişi gowy görerdi. Meniňem stolumda elmydama kişmişli gap durardy. Ol aýdym etmekçi bolýan goşgymyzy öňüne çekerdi-de, kişmişli gapdan gysymyny dolduryp alardy. Soňam kagyza göz aýlap, çalaja hiňlenjiräp başlaýşyna, gysymyndaky kişmişleri çigit çigitlän ýaly edip, ýeke-ýekeden agzyna atyp ugrardy. Menem: «Atda, hany, gysymyňdakynyň ählisini agzyňa at-da, aýdyma üns ber. Özem indi alma kişmişden, galanyny jübiňe sal-da, öýüňe alyp gidäý» diýerdim. Onuň menden gaty görmesi ýokdur, hezil edip ýylgyryp, «Bolýa, bolýa» diýerdi-de, gapdaldaky pianinonyň başyna geçip, çyny bilen işe girişerdi.

Atda bilen ähli ýerde, ähli wagtda gürrüňimiz dörän hem indi dörejek aýdymlar hakda bolardy. Hatda awtoulagda barýarkagam haýsydyr bir aýdyma hiňlenerdik ýa-da täze dünýä inen aýdymyň kem-käs ýeri bolsa, şony maslahatlaşardyk. Şu gürrüňime dahylly bir wakany ýatlaýyn. Atda biziň aramyzda ilkinji bolup diýen ýaly «Žiguli» kysymly ýeňil awtoulag edindi. Şondan soň nirä bile gitmeli bolsagam, onuň ulagynda giderdik.

Onuň ýaňy ulag edinen günleri bir gezek täze aýdymymyzy ýazmak üçin studiýa gitmeli bolduk. Atda hemişekileri ýaly äýneklidi. Ol ulagyny sürüp ugransoň men: «Eý, Atda, ýürek edip seniň ýanyňa münýän welin, ýoluňy bir görýäňmi?» diýdim. Onuň: «Görýän, görýän» diýenem şoldy welin, ulag «gürp» edip bir çukura düşdi. «Wah-heý, wah-heý» diýip, ulagyny beýleräk öwürdem welin, indiki çukura düşdük gürpüldäp. Garaz, barýançak Atda ýekeje çukuram sypdyrmady-da. Çukur diýeniň bolsa o döwürler ýollarymyzda näçe diýseň bardy. Şonda men: «Waý-eý, Alla jan, seniň dagy ýanyňa nähili ýürek bilen münenime özümem haýran» diýdim. Ol hezil edip güldi-de: «Hany, igäňi sürtme-de, aýdym aýtsana!» diýdi. Şeýdip, tä barýançak aýdym aýdyp gitdik. Munuň özi biziň ýazga özboluşly taýýarlygymyz boldy. Diýjek bolýanym, ulagyň içinde-de türgenleşerdik şeýdip. Kimiň alanyny bilemok, onuň ýeňil awtoulagynda aýdym aýdyp barýanymyzy biri surata-da alypdyr. Ony men köp ýyllap agzybirje işleşen dostumdan ýadygärlik hökmünde aýap saklaýaryn.

Annagül Gurdowanyň berýän gürrüňleri Atdanyň hakyky keşbini göz atuwymda janlandyrdy. Gursagy aýdymdan doly ol keşp ynsana mahsus ähli gowy häsiýetleri, zähmetsöýerligi, ruhubelentligi bilen hol belentden ýylgyryp seredýärdi...

Atda birnäçe ýyllap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda (ozalky Türkmen döwlet sungat instituty) mugallym, kafedra müdiri, dekan bolup işleýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň okuw işleri boýunça prorektory bolýar. Ýöne ol haýsy kärde, nähili wezipede işlese-de, saz döretmek, bu ugurdan ýaşlara tälim bermek işini baş maksady hasaplaýar. Şeýle bolansoň, onuň okadan talyplarynyň köpüsi bu günki gün öz ugrundan ussatlyga, halypalyga ýetişdiler. Olar öz mugallymy Atda Çaryýewi elmydama tejribeli halypa, ussat kompozitor hökmünde ýatlaýarlar.

1950-nji ýylda Tejen etrabynda dünýä inen Atda Çaryýew ýaňy elli ýaşy arka atan mahaly dünýesini täzelän-de bolsa, onuň gysga ömründe döreden köp sanly saz eserleri, döredijilik aýratynlygy barada bir makalanyň çäginde gürrüň etmek mümkin däl. Şonuň üçin, «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýip, özleriniň zehinidir yhlas-başarnygyny halkymyza bagyş eden adamlara ýokary hormat goýýan, olary elmydama ýagşylykda ýatlamaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, makalamyzyň soňunda ozalky SSSR-iň halk artisti Weronika Dudarewanyň Atda Çaryýewiň altyn fonda geçirilen sýuitasyna dirižýorlyk edende aýdan sözlerini getirmegi makul bildik:

— Atda üýtgeşik zehinli ýigit. Ol sazy hem-de onuň ritmini gowy duýýar. Şol bir wagtyň özünde ol ýokary derejeli häzirki zaman türkmen sazlaryny hem döredip biler. Onda uly geljek bar. Oňa mümkinçilik döredip, ony goldaň!

Elbetde, biz oňa indi mümkinçilik döredibem, ony goldabam bilmeris. Ýöne hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyz hakda aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Atda Çaryýewi-de ýagşylykda ýatlap, onuň gysga ömründe goýup giden ajaýyp saz mirasyna guwanyp bileris. Ynha, bu welin biziň ynsanlyk borjumyzdyr.

Döwrangeldi AGALYÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan žur­na­lis­ti.

“Nesil” gazeti,

07.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR