TÜRKMEN MAŞ­GALASYNYŇ MUKADDESLIGI

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maş­ga­la — adam­za­dyň ho­ja­lyk dö­retmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar.

Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin türkmen halky maşgalany ojak, saçak bilen deňeýär. Türkmen maşgalasynyň terbiýesi Nuh pygamberden, Oguz hanyň ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň maşgala däplerini dikeltmeklige, ony nesilleriň dowam etdirmeklerine gönükdirilendir. Bu taglym maşgala uly sarpa goýup, ony mukaddesleşdirip, özboluşlylygyny her bir öňe sürýän ýörelgesinde, başlangyçlarynda, tekliplerinde giňden beýan edýär. Dogrudanam, maşgalanyň berk bolmagyny isleýän adam, ilki bilen, maşgalanyň agzybirligini, asudalygyny goramak bilen maşgala ojagyny, ojak eýesini hormatlaýar. Türkmen maşgalasynyň öz aýratynlygy, özboluşlylygy bar. Bu aýratynlyklary biziň ýurdumyzda ýaşap, işlän alymdyr syýasatçylaryň ýatlamalarynda hem görmek bolýar. Olar Türkmenistanda ýaşap, türkmeniň taryhy, medeniýeti, durmuşy, däp-dessurlary bilen bir hatarda, türkmen maşgalasynyň aýratynlygyny, maşgalada ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky berk ynamy, türkmen maşgalasynyň edebi, türkmeniň oý-pikirleri bilen gyzyklanypdyrlar, özleri üçin görelde almaga öwrenerlikli täze bir dünýäni açypdyrlar.

Asyrlarboýy dowam edip gelýän bu häsiýetler türkmen maşgalasynyň esasyny düzýän ahlak gymmatlyklarydyr. Ýyllaryň dowamynda kemala gelen bu gymmatlyklar bilen bir hatarda, türkmeniň edim-gylymy, däp-dessury, ene topraga, türkmen diline, medeniýetine bolan uly söýgi, zähmetsöýerlik, ýagşylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly häsiýetler asyrlardan-asyra aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Türkmeniň şeýle mukaddes häsiýetlerini geljekde ýaş nesillere geçirmek her birimiziň borjumyz bolup durýar.

Türkmen maşgalasy barada gürrüň edilende, türkmen zenanyny, gyz-gelinlerini wasp etmezlik mümkin däl. Sebäbi türkmen ojagynyň agzybirligini, mukaddesligini, halallygyny, dowamlylygyny saklap, gorap, dowam edip gelýän türkmen zenanlary häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Ol zähmetiň aňyrsynda halallyk, zähmetsöýerlik, arassaçylyk ýaly häsiýetler jemlenýär. Şol häsiýetler bolsa türkmen zenanyny mukaddeslik derejesine galdyrýar. Bu häsiýetler, ilki bilen, zenan edebiniň amal edilmegi esasynda dö­re­ýär. Ze­nan — edep ha­zy­na­sy. Zenana uýat-haýa, päklik, mähremlik ýaly häsiýetler has ýakyn. Uýat-haýa diýen düşünje gyz-gelinleriň özlerini maşgalada, köpçülik ýerlerinde alyp baryşlary, gelişýän egin-eşik geýinmekleri, hereketleri, sözleýişleri bilen baglydyr. Päklik diýen düşünje bolsa dogruçyllyk, adyllyk ýaly häsiýetler bilen arabaglanyşyklydyr.

Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny uly, çünki ol döredijidir. Türkmen ojagynyň ýylysy, mähri türkmen öýüniň eýesi hasaplanýan enäniň häsiýetleri bilen bir hatarda, onuň işeňňirligi barada gürrüň etmeklik hem parzdyr. Çünki enäniň işeňňirligi hem mukaddesligiň bir görnüşidir diýsek ýalňyşmarys. Öýüň hojalyk işleri bilen bir hatarda, biziň mähriban enelerimiz öz nepisligi, owadanlygy bilen dünýä ýüzüne dolan ajaýyp türkmen halylaryny dokapdyrlar, tikin-çatyn edipdirler. Ýaşajyk gyzlara milli hünärleri öwredip, el hünärini nesilden-nesle geçirip, biziň şu günümize ýetiripdirler. Bu gün biziň milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halylarymyz, müňlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, sungatyň iň kämil hem-de hiç haçan gaýtalanmajak görnüşidir. Bu baýlygymyzy biziň ene-mamalarymyz, ýaş gelin-gyzlarymyz sünnäläp, mähir siňdirip, hiç döwürde ýitmejek beýik sungat hökmünde dünýä ýüzüne äşgär etmek bilen, özleriniň içki duýgularyny, ýürek arzuwlaryny hala çitipdirler. Onuň her bir gölünde milletimiziň taryhy ussatlyk bilen beýan edilýär. Türkmen ha­ly­sy — bu bir uly sun­gat. Bi­ziň ene-mamalarymyzyň, türkmen zenanlarynyň mukaddes ellerinden miras galan sungatdyr. Türkmen halysy diňe bir çeper el hünäri bolman, eýsem, agyr günlerde, kynçylykly pursatlarda türkmen gyz-gelinleriniň öz gaýgysyny, aladasyny, hatda derdini ýeňip geçmäge kömek edipdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly eserinde enäň mukaddesligi, Watan, öý-ojak, maşgala, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň we kyblasy Mälikguly aganyň öz çagalaryna beren terbiýesiniň özboluşlylygy, ahlak, edep, ruhy gymmatlyklary, maşgala ynanjy, maşgala agzalarynyň biri-birine bolan sylag-hormaty giňişleýin suratlandyrylýar. Enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmak ýaly häsiýetler asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmene mahsus ýörelgeleriň ynanja öwrülip, maşgalanyň özeni, esasy bolup durýandygy barada maglumatlar bu eserde öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň: «Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly. Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar» diýip bellemegi ene mukaddesligini, päkligini, mähirliligini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly eserinde: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen jümläni getirýär. Şu jümläniň many-mazmunynda her bir perzendiň öz enesine bolan sylag-hormaty, söýgüsi öňe çykýar. Perzent öz enesini razy eden ýagdaýynda, ol il-ulsuny hem razy eder. Şeýdip ol maşgala edebini jemgyýetde dowam eder, ýagny ilhalar, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri bitirer. Şeýdip ol jemgyýetde öz käriniň üsti bilen açylyp, şahsyýet derejesine çykar. Hormatly Pre­zi­den­ti­miz «Enä tag­zym — mu­kaddeslige tagzym» atly eserinde: «Watançylyk pendiniň asylky özeni hem bu mähribanlyga söýgimizdedir. Il içinde aýdylýan «Enesini söýýän ynsan ilini hem söýýändir» diýen jümlä salgylanýaryn. Bu mähribanlyk edil umman ýalydyr. Akyldarlaryň aýtmagyna görä, «Eneleriň ýüregi giňdir. Çünki oňa perzendi bagyşlamak buýrulandyr» diýip belläp geçýär.

Her bir ene öz perzendini şu dünýä getirip, onuň bagtly bolmagyny arzuw edýär. Bagt diýilýän zat bolsa, her bir perzendiň jemgyýetde öz saýlap alan hünäriniň üsti bilen açylyp, ýurdumyzdaky ösüşlere, özgerişliklere goşulyp, öz ornuňy tapmak bilen bagly bolýar.

Gurbangözel SAPAROWA,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

“Nesil” gazeti,

09.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR