Ynsan ýaşaýşynyň gönezligi bolan ene barada dünýäde aýdylmadyk söz, ýaňlanmadyk owaz, ýazylmadyk kyssa, megerem, ýok bolsa gerek! Sebäbi dünýäde eneden beýik keramat ýok. Ene — her bir perzendiň köňül köşgüniň soltany.
...Käte ýalňyz wagtym oturýanda, çagalyk döwrüm bilen söhbet edýän. Çagalyk, göýä, tomsuň jöwzaly yssysynda öwsen salkyn şemal ýaly bolup, ötüp gidipdir. Ýöne bir begenýän zadym ol biderek ötegçi däl. Ol özünden birgiden sapak goýup gidipdir. Sapaklar meniň ömürboýy hemrama öwrülip, kalbyma iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da giňlik we rahatlyk berýär. Ene! Mähriban ene! Sen şeýle bir täsin we ýakymly! Seniň sallançagymy irginsiz üwräniň, mylaýym ses bilen hüwdüläniň kino ýaly göz öňümden geçýär. Öser ukusyndan mazaly paýymy alyp, oýananymdan soňra, seniň gaýma gaýap oturýan ýeriňe hemişeki endigime görä sessiz seredendirin. Meniň oýananymy görüp, mähirli, owadan ýylgyryşyň bilen: «Turduňmy, körpäm? Wah, saňa döneýin, akja balam!» diýip, çök düşüp, söýgüden doly kükregiňi üstüme gerensiň. Soňra böwrümi birenaýy gyjyklansyň. Menem mähriňe maýyl bolup, dürli oýunly hereketleriňe jykyr-jykyr gülendirin. Heziller edendirin. Elleriňi maňa tarap uzadanyňdan joşgunly, çaga gülkim tutandyr. Käteler agras kakam ýogyn sesi bilen aladaly: «Kän güldürme beýdip...» diýendir. Belki, munuň hut şeýle däl bolmagam ahmal. Ýöne hakydama gelşine görä hut şeýle bolan ýaly bolup dur. Çünki perzentlerine gülmegi eneleri öwredýär ahyryn. Menem senden gülmegi öwrenendirin, mähriban ene! Men şol gülkiniň astynda ýaşaran gözlerim bilen ýagty asmana, gör, näçe gezek seredendirin! Ondan bäri aý-günler, ýyllar yzly-yzyna geçdi gitdi. Ene! Mähriban ene! Sen mydama çagalyk hakydamdasyň, kalbymyň soltanysyň...
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi bar. Şolaryň ählisindäki özara meňzeşlik, mahsuslyk enä bolan söýgi diýseler, hemmeler ylalaşarlar.
Her bir perzent öz enesini akyl-paýhas, ynsanperwerlik nukdaýnazardan sarpalaýar, söýýär, hormat goýýar, sylaýar. Ynsan paýhasynyň sermaýasy enäni söýmek başarnygydyr. Onuň durkuna baş egmekdir. Çünki Zemindäki ähli ajaýyp zatlar enä bolan yşkdan dörändir. Ene köp ýaşan miweli daragt ýalydyr. Şeýle daragtyň miwesi oňat we şirin bolýar. Enä bolan hezzet-hormatyň zyýada bolsa, olaryň ýagşy dilegleri tiz hasyl bolar. Pederlerimiz: «Ata-enäniň dogasy oda-suwa batyrmaz» diýipdirler. Ene çuň danalygyň dury çeşmesidir.
Ynsan ömri, durmuşyň manysy ene bilen baglydyr. Çünki ene öz mynasyp ömrüni öz perzendine durmuşyň ähli ugurlary babatda: terbiýe, öwüt bermäge, bilim, ylym öwretmäge, kesp-käre, söýgüli hünärine ugrukdyrmaga bagyşlaýar. Ýagşylyklaryň ýarany bolup ýaşaýan enäniň bu peşgeşi perzent üçin gymmatlydyr. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ýagşy işler edip, ynsan hormatyna mynasyp bolan adamyň geljekki nesli hem ýagşy işleri gaýtalaýar. Başda süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berýär.
Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Maňlaýy öpülen perzentler bagtlydyr. Älemde taýsyz gözellik bar bolsa, ol ene kalbynda jemlenendir. Her bir ene gözellik döredijidir. Perzentleri onuň iň gowy eseridir. Enäniň öz balasynyň mährinden, perzendiň hem ene mährinden doýmaýşy ýaly, bu dünýäniň söýgä beslenen günlerinden doýma ýokdur. Eneler kalbymyzyň soltanydyr!
Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
11.07.2020ý.