Ýaşlara dürli derejeli mekdeplerde şol bir meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda bilim berilýär. Ýöne ýaşlar her bir okadylýan dersi ukyp aýratynlygyna görä özleşdirýärler. Munuň özi, ilki bilen, onuň gyzyklanmasyna, höwesdir islegine bagly. Galyberse-de, kämil bilim almak her bir adamyň zähmetine, yhlasyna, tutanýerliligine we erjelligine görä miwe berýär. Bu meselede tebigatyň her bir şahsyýete aýratynlykda eçilen ukyplary-da hasaba alynmalydyr. Diýmek, her bir şahsyýetiň hünär saýlamagy we bu ugurdaky tagallalaryny meýilleşdirmegi hem agzalan görkezijilere baglylykda düzülmeli. Seljerilýän mesele babatda atasynyň ogluna beren pentlerini ýaşlaryň dykgatyna ýetirmekçi bolýarys. Mümkin, bu gyzykly durmuş pelsepesinden olar hem özleri üçin peýdaly maglumatlary alyp bilerler.
SOWAL: — Ata, orta mekdeb-ä tamamladym, indi haýsy hünäriň aladasynda gezsem dogry bolarka?
Jogap: — Oglum, seniň bu sowalyň ykbal kesgitleýji manysy bar. Sen öz durmuş ýoluňy turuwbaşdan höwes edýän anyk maksadyňa gönükdirmäge çalyşmalysyň, sebäbi şonda wagt utarsyň. Saýlan hünäriň senlik däl bolup çykaýsa, wagt baýlygyňy bisarpa köýdürdigiň bolar. Hünär saýlaňda şulary terezä goýgun: islegiňi, bilim-sowat derejäňi, ukypdyr başarnyklaryňy. Hünär babatda tutýan maksadyň agzalan çelgilere laýyk gelsin, göterip bilmejek ýüküňe ýanaşma-da, ýapyşma-da. Bimany ötüren ömür baýlygyňy dikeldip ýa-da uzaldyp bolýan däldir. Zähmet ýoluny saýlamakda goýberilen säwlikler ynsanyň bütin ömrüniň manysyz, bihuda geçmegine getirip biler.
SOWAL: — Ata, hünär maksadyňy nädip kesgitlemeli?
Jogap: — Köşegim, durmuş tejribesi şu meselä ýerlikli çemeleşmegi talap edýär. Her bir şahsyýet mümkinçilikleriniň çäginde ömrüni özüçe ýaşap, durmuşyň hözirini görmeli, hiç kimiň ömür ýoluny gaýtalajak bolmaly däl. Ata-eneler ýaşlara durmuş ýoluny dogry saýlap almakda tejribeli adamlar hökmünde degerli maslahatlary berip bilerler, ýöne bu ykbal kesgitleýji meselede gutarnykly netijäni ýaşlaryň özleri çykarsa dogry. Seniň içki arzuw-hyýallaryňy, şahsy mümkinçilikleriňi özüňden gowy ölçerip biljek ýokdur. Aslynda, zähmet ýoluňy meýilleşdirmeklige mekdep ýyllaryndan başlamaly. Durmuşda her bir ýaş adamyň islegi bolan ýagdaýynda ýokary ýa-da orta hünär mekdebine okuwa girmek üçin, orta mekdepde bilim alýan döwründen şahsy mümkinçiliklerinden, ukypdyr başarnyklaryndan ugur alyp, geljekde öz höwes edip zähmet çekip biläýjek ugruny kesgitlemeli. Maksadyna ýetmek üçinem degişli okuw mekdebiniň synag tabşyrylýan dersleri boýunça ýörite taýýarlanan şahsy meýilnamasy esasynda bilimini ýyllaryň dowamynda üznüksiz artdyryp gezmeli. Ýaşlar öz ukyplaryna we başarnyklaryna görä bütin ömrüne yhlasly işläp biläýjek hünärini saýlap hem bilerler. Bu topara degişli ýaşlaryň arasynda öz zähmetiniň netijeliligini ýokarlandyrmak isleýänleriniň içinde ýörite hünär okuw mekdeplerinde ýa-da gysga möhletli okuwlarda bilimlerini artdyrmak zerurlygy hem ýüze çykyp biler.
SOWAL: — Ata, wagty rejeli ulanmak üçin men hünär saýlamak işini nämeden başlasam dogry bolarka?
Jogap: — Köşegim, bu ugurdaky işleriňi çaltlaşdyrmak we arzuwyňa ýetmek üçin, hiç haçan ýalan sözleme, lebzihalal bol, ýaltalyk etme, işiňi ertä goýma, ýeňil eklenje kowalaşma, nebsiňi başyna goýberme, gybatdan daşda dur, göriplikdir bahylçylyk etme, parhsyzlyga ýol berme, ulumsylyk etme, wagty bisarpa tutma, adalatsyzlyga ýol berme!
SOWAL: — Ata, biweç häsiýetlerden dynmak üçin näme etmeli?
Jogap: — Köşegim, munuň üçin özüňde esasan üç häsiýeti terbiýelemeli: ynamy, erki, kynçylyklardan üstün çykmagy. Getirilen yzygiderlilik tötänden düzülen däldir. Ilki bilen, adamyň özüne güýçli ynamynyň bolmagy gerek. Ynam ynsan erkiniň binýadydyr. Kynçylyklar bolsa, adamyny täze üstünliklere alyp barýan ýol-ýodalardyr. Adamyň özüne, edýän işine ynamy bolanda, ol şol işe has-da yhlasly ýapyşýar. Özüňde erki terbiýelemek diýseň kyn wezipe. Şu pursatdan men erkli boljak diýeniň bilen, sen şeýle adama öwrülmeýärsiň. Erkli bolmak diýmek halamaýan, islemeýän zatlaryňy özüňi mejbur edip ýerine ýetirmekdir. Aýdaly, daşyndan täsir bolmazdan wagtynda ýatyp-turmak, irki maşklary ýerine ýetirmek, egin-eşikleriňi ütüklemek, içde-daşda arassaçylygy üpjün etmek... Hawa, özüňe erk etmegi şular ýaly ownuk zatlardan başlamaly, soňra käbir ýaramaz endiklerden saplanmagyň ugruna çykmaly. Adamyň erkiniň artmagy bilen onuň özüne bolan hormaty artýar, ol herki işe has yhlasly we erjel ýapyşýar. Kynçylygyň çözgüdi seniň tutanýerliligiňde, kynçylyga döz gelmegiňde, ýagny şüküriňde we sabryňda jemlenendir. Umuman, «Ýykylan göreşden doýmaz» etmeli we ömrüň ýekeje pursadynam, gününem bimany geçirmeli däl.
Her bir ýetginjek şu hakykata aýdyň göz ýetirmeli: kynçylyklary başyňdan geçirmän, olar bilen ahlak-hukuk kadalarynyň çäginde özbaşdak göreşmän üstünlige ýetilmeýär. Seljerilýän gürrüňdeşlikden ýaşlarymyz ýene-de şu sapaklary-da alyp bilerler:
— zähmet ýol kartaňy öz mümkinçilikleriň çäginde özbaşdak meýilleşdirgin we amal etgin;
— ýakynlaryňa, tanyş-bilişleriňe her bir işde bil baglap bolar, ýöne meseläniň gutarnykly çözgüdiniň diňe özüne baglydygyny unutmagyn;
— her bir işde özüňe ynamly we erkli bolup, yhlasyňy gaýgyrmagyn;
— wagty islendik bir baýlyk ýaly peýdaly we tygşytly ulangyn;
— kynçylyklaryň ähli üstünlikleriň gözbaşydygyny ýatdan çykarmagyn;
— ruhubelentligiň, maksada okgunly işlemegiň we ýaşamagyň ähli arzuw-hyýallaryň altyn açarydygyny bilgin;
— jemgyýetçiligiň oňlamaýan we goldamaýan hereketlerinden saklangyn!
Hormatly Prezidentimiziň zähmet ýoluny, nusgalyk iş tejribesini görelde mekdebi hökmünde kabul edip, hünär ýoluňyzy dogry saýlamak ugrundaky tagallalaryňyzyň üstünlikli amal edilmegini arzuw edýäris!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
14.07.2020ý.