Wagtyň ähli zada dermanlygy onuň derdimize öwrenişdirýänligindedir.
Gündizlerine güýmenip gaçmak başardýan oý-pikirler ukynyň gelmesi haýallaýan gijelerinde yzyňdan ýetýär.
Öz syryňy özgeler bilen paýlaşmak — şahsy islegiň.
Kimdir biriniň saňa ynanan syryny saklamak borjuňdyr.
Biziň içki dünýämiz ähli zada gaýra dur diýýän güýjümizdir.
Unutmakdan kabul etmek ýeňildir.
Eýesi göni hem ýagty ýollardan ýöreýän aýakgaplar-da garaňkyda çarkandakly ýollary söken aýakgaba göwnüýetmezçilik bilen garaýar.
Käte dymmak bilen has ýerlikli jogap berip bolýar.
Hemmeler betbagtlyk başa düşende: «Näme üçin men?!» diýip sowal berýärler.
Muny özünden bagtyň çür depesinde otyrka soraýanam barmyka?!
Islendik ýagdaýda-da öz mertebäňi saklamak ugrunda göreş adalatly göreşdir.
Durmuşda akly-garaly adamlara duş bolanyň ýagşy.
Olaryň käbirinden näme etmelidigini, käbirinden bolsa näme etmeli däldigini öwrenýäň.
Geň ýeri — ýalançy dünýäniň ýeke-täk hakykatynyň ýalançylykdygydyr.
Başarýanlygyň sebäpli kömek etmek başga, kömek etmezligi başarmaýanlygyň sebäpli etmek bir başga.
Zenany söýülmekden beter gözelleşdirjek zat ýok.
Saglyk täji başymyzdaka bizden tütjar adam ýok.
Bagyşlamak düşünmegi talap edýär.
Iň gazaply mugallym — durmuş. Onuň beren sapaklary ömürboýy ýatda galýar.
Ýekeligiň eçilýän iň uly bagty erkinlikdir. Emma hemmeler muny aňlamagy başarmaýarlar.
Merdiň ýanynda ejizlemek ejizlik däl.
Bäsdeşleriň arasyndaky deňsizlik ýeňşi karama çykarýar.
«Maňa düşünýän ýok» diýýän adamlardan sorasym gelýär: «Siz öz-özüňize bir düşünýäňizmi?!».
Garaşmak juda uzaga çekende süýji tagamyny ýitirýär.
Görer göze ähmiýetsiz zatlara üns bermezlik uly hatalara getirýär.
Jogapsyz ýa şowsuz söýmekden asla söýmezlik gowudyr.
“Nesil” gazeti,
16.07.2020ý.