GOÇ ÝIGITLER AWA ÇYKAR...

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ruhy-medeni mi­ra­sy­my­zy yl­my esas­da çuň­ňur öw­ren­mä­ge, onuň baý many-mazmunyny dün­ýä ýaý­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men­le­riň durmu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­län aw­çy­lyk ruhy-medeni ruhy-medeni mi­ra­sy­my­zyň süň­ňü­ne si­ňip­dir. Türk­men ede­bi mi­ra­sy­nyň naý­ba­şy nus­ga­lyk eser­le­rin­de aw­çy­lyk ba­ra­da gy­zyk­ly we gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär.

«Oguznamada» Oguz hanyň üç uly og­lu­ny — Gün ha­ny, Aý hany we Ýyldyz hany çagyryp: «Gündogar tarapda pylan çölüň awy köpmişin diýip eşitdim, öz nökerleriňiz bilen şol ýere gidip, aw tutup geliň» diýendigi aýdylýar. Oguz han ki­çi ogul­la­ry — Gök han, Dag han we Deňiz han üçüsini günbatar tarapa ugradypdyr. Birnäçe günden soň onuň üç ogly bir altyn ýaý bilen köp aw önümlerini alyp gelipdirler. Oguz han ýitirilen ýaýyň tapylanyny yrym edip, aw etlerinden dürli naharlary bişirdipdir. Halky çagyryp, uly toý beripdir.

«Gorkut ata» eposynda awçylyk tebigata ýakynlygyň, onuň bilen ruhdaşlygyň hem-de dynç alşyň zeruryýeti hökmünde orta çykarylýar. Aw pursatlary, awda bolýan wakalar örän şowhunly beýan edilýär. Awdan gelýän mergenler dabara bilen garşylanylyp, olara hezzet-hormat edilýär.

Bu eposyň «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy» boýunda Birek awa çykanda, boz aýgyry bilen bir keýigi kowalap, Banu Çeçegiň çadyrynyň üstünden barypdyr. Bu ýagdaýy synlaýan Banu Çeçek kenizlerine keýikden paý alyp gelmegi buýrupdyr. Birek: «Aý, ýeňňe, men awçy däl ahyry, beg ogly begdirin, hemmesi hem siziňki bolsun» diýipdir. Bamsy Birek bilen Banu Çeçegiň at çapyşyp, ok-ýaý atyşyp bäsleşmegi olaryň harby tälim-terbiýesiniň, başarjaňlygynyň kämilliginden habar berýär. Bu eposda Salyr Gazanyň goňur atyny münüp, awa gitmekçi bolanda ýedi günlük azyk bilen çykandygy beýan edilýär. Ogly Oraz beg hem aw awlamaga çykanda ýanyna kyrk ýigidini alýar. Çemenliklerde çadyr gurup, birnäçe gün iýip-içýärler. Eposyň «Bekel ogly Ymranyň boýuny beýan eder» boýunda Baýandyr han: «Begler, Bekeli aw eti bilen üç gün myhmanlalyň!» diýýär. Üç ýüz altmyş alty ýigit awa çykan wagtynda Bekeliň hereketleri haýran galdyrýar. Ol ýaýyny sugun-keýigiň boýnundan atyp, çekip duruzýan eken, semiz bolsa alyp, arryk bolsa bellik goýupdyr. Belgili haýwany awlan ýigitler «Bekeliňki» diýip, oňa eltip beripdirler.

«Görogly» şadessanynda awçylyk ýigitleriň esasy pişesi hökmünde beýan edilýär. Çünki ol gerçeklerde ýurduň goragynda durmak, batyrlyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri kemala getiripdir. Adybegiň öz ýigitleri bilen aw-şikara çykyp, köp dag-dereleri agtaryp, aw tapmandyklary, «bisähet gün awa gaýdan ekenimiz» diýip arman çekendikleri barada aýdylýar. Aýaly aradan çykyp, agyr günde galan Adybege birnäçe wagtdan soň, Jygalybeg şeýle maslahat berýär: «Oglum, sen beýle hapa bolup ýatma, tur-da daglara bar, guş salyp aw awla, seýil edip, göwnüňi göter». Adybeg atasynyň pendini tutup, guşlaryny göterip, tazylaryny tirkeşdirip, ýigitleri bilen seýleşikara çykýar.

Jygalybeg ýigdekçe Görogla ok-ýaý ýasap berýär. «Oglum, meýdanda aw atyber!» diýip tabşyrýar. Onuň atan oky ýere düşmändir. Dessanda keýik, gulan, sülgün, towşan ýaly jandarlary yzygiderli awlap, olaryň aw eti bilen güzeranlaryny dolandyklary barada aýdylýar. Göroglynyň edermen gerçek bolup ýetişip, kyrk ýigidi bilen awa çykmagy dabaralara we şowhunly wakalara beslenipdir. Şadessanda duş gelýän: «Bize kyrk dürli aw getir», «Goç ýigitler awa çykar, guş salyp, tebilbaz kakar», «Awa laçyn salyp, tebil kakardym» diýen setirler muny aýdyň görkezýär. Te­bil — geç­miş­de aw­çy­lyk­da giňden ulanylan saz gurallarynyň biridir. Şadessanda Görogly bilen Öweziň «Aýdyň köl» diýlip atlandyrylýan ýere awa çykýandygy bellenilýär. Öwez zerli kemerini guşanyp, täjini başyna geýip, atasynyň düýrme gylyjyny biline dakyp, kyrk gez naýzasyny eline alyp, sary ýaýyny boýnundan asyp Esen pälwan bilen awa-şikara çykýar. Agaýunus peri Öwez ogluna ak pata berýär.

XI asyryň belli alymy Mahmyt Kaşgarly meşhur «Türki dilleriň sözlügi» eserinde awçylygy atababa ýöredilip gelinýän gadymy kesp ýa-da türki däp hasaplaýar. Şol eserde: «Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar», «Awçy näçe al bilse, aýy şonça ýol biler», «Ok atmakda hata etmeýän awçy bolmaz», «Guş awuna çyksaň, öýdäki towugy unutma» diýen ýaly nakyllar getirilipdir. «Türki dilleriň sözlüginden» awçylygyň şol döwürde adamlaryň durmuşda meşgullanan iň ýörgünli käri bolandygyny aňlamak bolýar.

Elguş we tazy bilen aw awlaýan adam eserde ruhubelent we gaýduwsyz, batyr we gorkmazak görnüşde suratlandyrylypdyr:

Ele laçyn, elguş alyp,

Çapar ýyndam aty münüp,

Dag geçisin, keýik awlar,

Tazy bilen tilki tutar.

Mahmyt Kaşgarlynyň bu eserinden awçylykda has täsin wakalaryň bolandygyna göz ýetirmek mümkin. Eserde ata-babalarymyzyň geçmişde awçylykda elguşlary, tazylary peýdalanmak bilen birlikde atdyr düýe ýaly ýörite aw öwredilen haýwanlaryň eýesine aw tutup berendigi barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Eserdäki: «Şahdan gylyç, pyçaga sap bolmaz», «Guş duzaga iýmit üçin düşer», «Tilki hinine garap uwlasa, gotur bolar», «Tazy ýyndamyn tilki söýmez» ýaly käbir nakyllar arkaly haýwanlaryň häsiýetleri bilen içgin tanyşmak mümkin. Bu nakyllar awçylygyň şol döwürde adamlaryň hojalygyna goşmaça pudak hökmünde ornaşandygyny anyk görkezýär.

XI asyr Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy Keý-Kowsuň «Kowusnama» eserinde on sekizinji fasyl «Şikara çykmak hakynda» diýlip atlandyrylypdyr. Eserde aw etmekligi asylly är ýigide mynasyp häsiýet diýlip bellenilýär. Şikaryň kadasy boýunça hepdede iki gün awa gitmek maslahat berilýär. Aw awlanýan pursadynda bihuda at çapmazlyk, ýyrtyjy haýwanlaryň yzyndan atly kowmazlyk we ýyrtyjy haýwan awlamakdan saklanmak zerur hasaplanypdyr. «Eger aw awlamagy gowy görýän bolsaň, ýanyň bilen algyr laçyny, bürgüdi, barsy, tazyny alyp gitgin. Hem awuň oňar, hemem gorky-ünjiň bolmaz» diýip, Keý-Kowus ogluna wesýet edipdir. Keý-Kowus şeýle hem gadymy däpler barada durup geçýär. Horasan şalary laçyny özleri uçurmaýan eken. Yrak şalary öz adatlaryna görä, laçyny elleri bilen uçurypdyrlar. Eserde patyşalaryň aw awlamak endigi, patyşalyk mertebesine gelişjek hereketler dogrusynda-da bellenilýär. «Laçyny bir sapardan artyk uçurmaly däl, çünki bir guşy iki sapar uçurmak patyşa ýaraşmaz. Patyşanyň maksady aw awlamak, etini iýmek däl-de, laçyna tomaşa etmekdir. Patyşa bir laçyna tomaşa edip, başga guşy getirmegi buýurmalydyr». Eger-de patyşa awa çykan wagtynda ýanynda tazysy bolsa, ony awa salmak hyzmatkärlere tabşyrylypdyr. Eserden görnüşi ýaly, aw-şikaryň gadymy düzgünleri, berk kadalary bolupdyr.

Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň soltany Mälik şanyň awlaýan awunyň hasabyny ýöredýän «Şikarnama» atly kitaby bolupdyr. Ýöne bu kitap biziň günlerimize gelip ýetmändir. Taryhçy Hüseýniniň ýazmagyna görä, Soltan Mälik şa ok-ýaýda iň oňat atýan patyşa bolupdyr. Onuň atan oky hiç wagt boş geçmändir, naýzany güýçli urupdyr. Ol awy örän gowy görüpdir. Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly eserinde Soltan Mälik şanyň aw-şikar bilen meşgullanandygy bellenýär.

«Asly-Kerem» dessanynda şazada Kerem tarlaň guşuny uçuryp, keýigi kowdurypdyr. Birdenem guşuň gözi awdan sowlup, güzerli çarbaga düşüp, şoňa tarap gönügipdir. Şazada Kerem baga gelen wagtynda guşy eýýäm çynaryň depesinde mekan tutan eken. Şa gyzy tarlaňy owadan görüp, albaý bulap çagyrypdyr. Aç tarlaň perwaz urup, gyzyň üstüne gonupdyr. Şeýlelikde, Kerem bilen Aslynyň yşk-heserli tanyşlygy başlanypdyr. Awçylygy beýan edýän eserleriň sanyny has artdyryp hem bolar. Edebi mirasymyzyň käbir eserleriniň awçylyk baradaky täsin we gyzykly maglumatlary awçylyk däplerini, adamlaryň durmuşyndaky ornuny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar.

Toýly HOMMYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

18.07.2020ý.

Indiki makala

TYLLA MÖJEK

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR