MILLI ÇAGA OÝUNLARY
«ROWAÇ ÝOLLY BALALAR» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Käteler şäher hözirine imrikmekdenmi ýa-da iş-alada bilen, obadaky garrylaryň halyndan habar almagy hem unudaýýan wagtymyz az däl. Onsoň oturyp öz-özüňe igenersiň: «Obadaky ýaly nan ýapmasaň, mellege gidip hykladyp kätmen urmasaň, mal-garaňa ot-çöp ýygjak, towuk-towşanyňa esewan boljak diýip emgenmeseň nämä başagaýsyrap ýörsüň?!» diýip. Öýüň ak işlerimi? Ol her bir zenanyň borjy, gündelik ýerine ýetiräýmeli işleri ahbetin. Ondan basylmak zenan kowmuna ýaraşmaz — diýibem, dessine eliňi mobil telefonyňa ýetirersiň. Gadyrlydan-gadyrly saglyk-amanlyk soraşanyňdan soň, kiçijik jigileriň bilenem hökman gürleşäýmelisiň. Sebäbi mähriňe suwsan ol naşyja ynsanlar seniň geleriňe, gepleşeriňe, edýän işleri, oýnaýan oýunlary barada soraşaryňa mähetdel bolup, garaşyp oturandyrlar. Garryja daýzaň, gelnejeňdir uly jigileriň gezekli-gezegine gepleşip el telefony biri-birine geçirýärkäler hem olar her gezek eljagazlaryny serip, bir goljagazy bilen «menem» diýen manyda kükrejigine kakyp, gepleşmäge juda höweslidigini bildirer oturar. Ahyram özüne gezek ýetenden howlukmaç salamlaşyp, başdan geçirýän täsinje wakalary hakynda birme-bir hasabat berip ugrar. Onuň: «Düýn bolsa biz üýşüp «tylla möjek» oýnadyk» diýmesi bilen, nädip ony hoşamaýlap hoşlaşmaga razy edeniňem, nähili ýagdaýda telefonyň gyzyl düwmejigini basanyňam bilmän galarsyň. Sebäbi çagalygyň geçip giden ajap günleri seriňi sämedip, bireýýäm seni ýatlamalar ummanynyň rahat kenaryna alyp gidendir.
Obanyň sesem, ysam üýtgeşikdir. Daň säher bilen her bir öýüň gapysynda ak çadyra ýaly bolup, saba ýeline ykjap oturan peşehanalar, suwly ýabyň bir ýerlerden gulagyňa gelýän lummurdysy, baglaryň üstünde toý tutýan saýrak guşlaryň owazy seni barha meýmireder. Her bir öýde diýen ýaly ojagyň başynda aýlanyp ejeler ertirlik taýýarlaýandyrlar. Olaryň: «Turuň hany, üstüňize Gün dogduryp ýatmaň!» diýen sesi ondan-mundan eşidilip durandyr. «Süýt bişdi, çig gaýmagyňyz eremänkä iýiň!» diýen ýaly mährem sesler saňa naznygmatly desterhany wada berýändir. Şonda-da çagalyk bigamlygyna basyrynyp ýatyşyňa, barha we barha rahatlanarsyň. Ýöne şol barmana, köçede ýaňlanyp giden şaňňyja ses welin, diňe bir duldegşireje oturan öýlere däl-de, eýsem, tutuş köçäniň boýuna çagyryş bolup eşidiler. «Eh-he-he-heý, oglanlar! Şu gün tylla möjek çöplemäge gidýändiris-eý! Nury, Ataş, Myrat, Aman... boluň-eý çaltrak!» Çagajyklaryň kimsi ejesiniň ertirlik edinmese ibermejegini bilip, dessine ýuwnup-ardynyp saçagyň başyna geçer. Kimler peşehanaň ýüplerini çözüp, tapjanyň bir gyrasynda ýygnalgyja düşekleriň üstüne düşejigini galdyrmaga howlugar. Käbirleri bolsa ejesidir kakasynyň bireýýäm meýdan işine gidendiginden peýdalanyp, bir kesemen çörek alarda, jarçynyň ýanyna gyssanar. Şeýdilip, elleri çüýşelije oglanjyklar bir ýere üýşüp ugrarlar. Gyzjagazlar-da olardan galar ýaly däldir. Ýöne ýaşlygyndan gyz maşgaladan talap güýçli bolansoň, käýinç eşitmejek bolup, şol aralykda olar daşarynyň käbir işlerini ylgap-ylgap ýüzugra ederler. Şeýdip Gün gaty gyzmanka tylla möjek çöplemäge ugralar. Obanyň golaýyndaky ýaňy güle duran ýandakly meýdan olary gujak açyp garşylar. Ýandagyň entek gatap ýetişmedik, parçyldap duran baldaklarydyr tikenleri olaryň el-aýaklaryna batardan ýaşajykdyr. Ýandagyň gülleriniň üstünde ýörmeleşip ýören tomzajyklar çagalary şeýle bir begendirer welin, edil dostlaryny gören ýaly bolarlar. Oglanjyklardyr gyzjagazlar ganatlary şöhle saçyp duran ýaşylja tomzajyklary çöpläp başlarlar. Çagalaryň arasynda has dilewarlary hem bardyr. Çepiksizje gyzjagaz öýde ejesiniň öwredişi ýaly, tylla möjege ýüzlenip, sanawaç aýdanyny duýman galar:
Tylla möjek, tylla möjek,
Özüm iýmän mesge berjek.
Özüm içmän süýt içirjek,
Peýnir berjek, sargan berjek,
Üşeseň ýyljak ýorgan berjek,
Suw çekseň arkan, urgan berjek,
Tylla möjek, tylla möjek...
Şeýdip ojagaz tomzajygyň razylygyny aldym edip, çüýşäniň agzyny onuň öňüne tutar. Şol barmana möjejik ýylmanajyk çüýşä giräýse dagy, elini çarpyp, begenip, töweregine buşlar. Gyzjagazyň raýdaşlyk, rehimdarlyk isleýän kindiwanja kalbynyň rehimdarlygy beýleki deň-duşlaryna hem oňyn täsir eder. Sebäbi onuň terbiýelenýän maşgalasynda rehimdarlyk, mylaýymlyk, myhmansöýerlik özara hormat-sylag esasy däpleriň biridir. Ojagaz jüýjeli towugyna däne berende-de, pişigiň ýaňyja gözi açylan gijenjigini sypalanda-da, ýüpek gurçugy tutulýan günlerde, öýden gurlan tagtyň üstündäki ýaprakly tut çybyklarynyň arasynda müňezekläp ýören joşlary görendede, şeýle sanawajy aýtmagy endik edendir. Birsalymdan hersi 7-8 sany tylla möjek toplan çagalar ekabyryň buýrugy bilen ýandakly meýdandan çykarlar. Gün gyzmanka baglaryň aşagyna gelip, oýnamaga başlarlar. Çüýşejikleriň agzy açyk bolansoň, möjejikler howa gelýän tarapa çir-çitik bolup ýörmelärler. Ýöne çüýşäniň diwary juda ýylmanak bolansoň, edil agzyna golaýlaberende hem aýaklary typyp aşak gaçarlar. Soňra ýene-de täzeden herekete başlarlar. Tomzaklaryň bu täsin oýnuna çüýşäni elinde saklap oturan çagalar hezil edip gülşerler. Çüýşelerini biri-biri bilen çalşyp: «Haýsy tomzak güýçlükä?» diýen pikir bilen, dykgatly syn ederler. Şol barmana tomzajyklaryň ekabyrragynyň birlän-ikiläni çüýşeden çykmagy başararlar. Şonda çagalar hezil edip, begenişip, «Meniň tylla möjegim güýçli-de, meniňki erjel...» diýşip, biri-birine buşlarlar. Bu bolsa olarda ýagşa guwanmak, begenmek duýgularyny kemala getirer. Çagalar tylla möjejikleri barmajygynyň ujuna mündürip, ýakyndan synlarlar. Aýajyklary gara, goňrumtyl şöhleli gözleri çüýşe ýaly dury tomzajyklaryň kellejigini, ganatlarynyň üstüni, bütin gerşini tutýan goýy ýaşyl, ýalpyldawuk örtgi juda owadandyr. Gözlerde ömürlik galan bu gözellik soňra çagalaryň örän duýguçyl, ünsli, tebigaty we janly-jandary söýýän adamlar bolup ýetişmegine hemaýat eder. «Tylla möjek» oýnuny oýnap, ýagşy ýadansoňlar olar çüýşejiklerini biri-biriniň gapdalynda ýatyryp, hatarlapjyk goýarlar-da öýlerine gaýdarlar. Birsalymdan möjejikler çüýşelerden çykyp, ýene-de ýandakly meýdana tarap uçup giderler.
Tomzajyklaryň erjelje hereketleri oýnuň dowamynda çagalarda tutanýerlilik, zähmetsöýerlik, erjellik häsiýetlerini terbiýeleýär. Soňra biraz ulalyp, ýetginjeklik müçesine ýetende-de ýa-da ýigit çykyp, ulugyz bolup ýetişende hem bir işiň başyna baryp, ýaýdanmaçlyk edäýseler, hälki tylla möjekler göz öňüne geler durar. Şolbada olaryň bedenine täze güýç dolup, işe, okuwa, durmuşa yhlasly ýapyşanyny duýman galarlar. Mahal-mahal bolsa şol kiçijik ýürekli, uly dünýäli gyzjagazyň tylla möjek baradaky sanawajy olaryň gulagynda ýaňlanan ýaly bolar gider...
Tylla möjek, tylla möjek,
Özüm iýmän, gawun berjek...
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
21.07.2020ý.