Halk arasynda: «Edep başy — dil» diýen pähim bar. Bu dürdäne parasatlylygyň beýany hökmünde: «Taňry adama dil berendir, dil bir çeşmedir, bu çeşmäniň gözbaşyny tämiz hem-de kämil saklamak adamyň ahlak borjudyr. Adamyň görki «diliniň aşagyndadyr», onuň gepleýän sözleri, edep-ekramyndan, gylyk-häsiýetinden, ruhy dünýäsinden habar berýän anyk delilidir» diýip, bir dananyň kitabynda aýdylýar.
Elbetde, dury we arassa suwuň şypa berşi ýaly, ynsanyň ýürek päkliginden, kalp tämizliginden syzylyp çykýan sözler ýady ýakyna, dosty dogana öwrüp bilýändir. Bu barada gadymy edebi çeşmeleriň birinde: «Eý, ynsan, seniň doganyň ikidir. Bir doganyňy seň käbäň dünýä inderýändir, beýlekisini bolsa, seň şirin we dogruçyl sözüň, mylakatly ýüzüň we päk ruhuň ýaradýandyr» diýen, ynsanyň ýagşy gylyklarynyň hümmeti hakynda parasatly setirler bar.
Şu babatda Magtymguly Pyragynyň «Gidiji bolma» diýen goşgusyndaky:
Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma bergen pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.
— diýen setirlerini ýagşy edebiň bir şerti hökmünde, mylaýym häsiýetiň we güler ýüzlüligiň hem gerekdigi barasyndaky edebi sargydy diýip düşünýäris. Mylakatly, mylaýym we mähirli bolmaklygyň ýagşy edepliligiň nusgasydygy hakyndaky bir rowaýatda şeýle diýilýär: «Günlerde bir gün giň sähranyň ýeli asmandaky Güne garap: «Meniň tüweleýim agaçlary köki-damary bilen ýerden goparyp, asmana göterip, daglaryň daşlaryny etege togalap bilýär. Meniň güýç-kuwwatym seniň göze görünmeýän şöhleleriňden artygrakdyr» diýip, öz-özünden göwnühoş sözleýär. Gün ýeliň bu sözlerine jogap hökmünde, ýoldan boýny owadan ýaglykly geçip barýan zenanyň boýnundaky ýaglygy babatynda güýç synanyşmaklygy teklip edýär. Ilki ýel çalaja öwsüp, ýaglygy adamyň boýnundan emaý bilen aýyrmaga synanyşýar, emma başa barmanyndan soň, köwsarlap, soňra bolsa güýçli tüweleý turuzypdyr. Ýeliň bu harasatyndan ýaglyk öňküden hem berk saralýar. Ýeliň hemme synanyşyklary puç bolanyndan soň, gezek Güne ýetýär. Asmandaky Gün çalaja ýylgyryp, öz nurly nazary bilen ýokardan Ýere mylakatly garaýar. Howa gyzanyndan adam boýnundaky ýaglygynyň bir ujy bilen maňlaýynyň derini çalaja süpürýär. Gün has-da güýçlenip, äleme nur saçyp başlaýar. Günüň şöhlesinden goranmak islän ynsan boýnundaky ýaglygyny çalasynlyk bilen çözüp torbasyna salýar. Şeýlelikde, parasatly Gün ýeňiş gazanýar.
Pederlerimiziň: «Göwün göwünden suw içer, gamyş — bogundan» diýen parasatly aýtgysy hem ynsan häsiýetleri barada bolup, ýaş nesillere özboluşly edep sapagydyr: «Gadym zamanda bir baý adamyň öýüne myhman gelipdir. Ol kinaýaly gülküsi bilen, alymyň öňüne iki sany hoz zyňyp, meýdanyny kesgitläp bermegini sorapdyr. Alym goltuk jübüsinden edep-ekram hakyndaky ýazgy edýän depderini çykaryp: «Eý, öý eýesi! Meniň şu hozlaryň göwrümini ölçäp, olaryň meýdanyny kesgitlemegimden, seniň pespäl bolup, edebiňi kämilleşdirmegiň has-da wajypdyr» diýipdir. Gündogar medeniýetinde pespällik öz kemçilikleriňi we ýetmezçilikleriňi görüp başarmak bilen baglanyşdyrylýar. Adamda oňaýsyz, erbet gylyk-häsiýetleriň bolmagy geň däldir, emma şol nogsanlyklary düzetmek üçin adamyň yhlas etmezligi welin geňdir. Pespällik adamyň adamkärçilikli bolmak üçin edýän yhlasynyň iň haýyrly miwesiniň biridir. Rowaýata görä, bir wezirden köşkdäki hemme kitaplary okap, olaryň manysyny bir sözlemde beýan edip bermegi sorapdyrlar. Ol ýüzlerçe eserleri okap: «Bu kitaplar pukaralykdan döwletlilige ýeteňde, pespälligiňi saklap bilmegiň edep kämilligidir» diýip, pespällik edebiniň durmuş manysyny açyp görkezipdir.
Söz ussady Zelili şahyryň:
Peýdasy köpdür ýaranyň,
Dertliniň halyn soranyň...
— diýen goşgy setirleri ynsanyň ynsanperwerlik edebinden habar berýär. Dert çekmek älemiň ähli janly-jandaryna buýrulandyr, emma derdi çekişmek çyn ynsana mahsusdyr.
Bir gün märekede oturan bir dana gidip barýan adamy görkezip, onuň jennete mynasypdygy hakynda aýdýar. Oturanlaryň biri bu sözleriň sebäbini bilmek üçin, şol adamyň öýüne birnäçe günlük myhman bolýar. Myhman bolan döwründe öý eýesiniň özge adamlaryňkydan artyk bir häsiýetini-de görüp bilmedik myhman: «Halypa, ol gün bir dana adam saňa gaty uly baha berdi, emma men-ä sende gowy häsiýeti görsem-de, şol märekede oturan beýleki ýagşy adamlaryňkydan üýtgeşik bir zat görüp bilmedim» diýip, özüni ünjä goýan pikirini orta atýar. Bu sözleri diňläp oturan öý eýesi mylaýym ýylgyryp: «Myhman, men iliňkiden üýtgeşik edepliligim bar diýip bilmerin. Ýagşy gylyklary, gowy edepliligi bilen menden ep-esli artyk adamlar kändir. Ýöne men özümde obadaşlarymyň begenjine begenmek, gynanjyna gynanmak häsiýetimiň üstünde welin gaty berk durýaryn» diýip, salyhatly jogap berýär.
Atalarymyz: «Uly baýlyk — akyldyr, uly miras — edepdir» diýip, edebiň nesilden-nesle geçýän wajyp mirasdygy hakynda ündäp geçipdirler. Günlerde bir gün oba içinden geçip barýan bir şägirt halypasyna ýüzlenip: «Näme üçin ynsanda baý edep mirasy baram bolsa, käte edepsizlik häsiýetleri hem ynsan arasynda duş gelýär?» diýip sorapdyr. Halypa sesini çykarman ýoluny dowam edýär. Birsalymdan soň ýap başynda palçyga üst-başyny hapalan bir çagany gören halypa: «Haýran galaýmaly, Ýer ýüzünde ýüzlerçe kirsabyn baram welin, bu çaganyň geýiminiň hapadygyna bir syn et!» diýip, şägirdiniň ýüzüne garaýar. Halypasynyň bu sözlerini geň gören şägirt: «Ussat, men seniň bu sözleriňe düşünmedim. Sabynyň köplüginden ne peýda, eger onuň şu wagt şu ýerde bu çaganyň eginbaşy üçin ulanylmasa» diýip, töweregine nazar aýlaýar. Ussat halypa şägirdiniň egninde elini goýup: «Oglum, edep hem şol sabyn ýalydyr, edebi nesilden-nesle geçirip, halk içinde ülňi hökmünde ulanyp bolsa, şonda edepsizligiň garşysyna durup bolýandyr» diýip, ýoluny dowam edýär.
Halkyň edep-ekramy şol jemgyýetiň ruhy we döwletiň ahlak kuwwatydyr. Halkyň, jemgyýetiň we döwletiň içki durmuşynyň ahlak tämizligini saklamakda, töweregiň oňaýsyz täsirlerinden goramakda pederlerimiziň edep mirasynyň orny bimöçber uludyr. Edep-ekram her bir şahsyýet üçin gymmatly mirasdyr. Şeýle mirasa eýermek bolsa, her bir adamy beýik şahsyýete öwürýän ahlak ýörelgesidir.
Ogulmaral SAPARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy.
“Nesil” gazeti,
25.07.2020ý.