Durmuşda her hili wakalar bolup geçýär. Azat mekdep ýyllaryndan bäri gadyrly gatnaşyp ýören dosty Merdanyň gyssagly bir ýumşuny bitirmegi unudyp, ýoldaşynyň öňünde iş oňarmadyk adam hökmünde görünmejek bolup, ýalançylyga ýüz urýar, onuň-da tiz wagtdan üsti açylýar. Merdan syr bermejek bolsa-da, dostlaryň gatnaşygy gün-günden sowaşyp başlaýar. Kelebiň ujuny ýitiren Azat ýagdaýdan çykalga gözläp, atasynyň ýanyna maslahata barýar. Söýgüli agtygynyň başyndan geçirýän ahwalatlaryna gynanyp, ýaşuly agtygy bilen çynlakaý gürrüňdeşlige girýär. Mümkin, şu söhbetdeşlikden ýaşlarymyz özleri üçin peýdaly sapaklary alyp bilerler.
SOWAL: — Ata, kiçijik bir ýalan söz başyma ne günleri saldy, indi dostum meni ýalançy hasaplaýar. Meniň şeýle agyr sütem çekmegim dogrumyka?
Jogap: — Jan guzym, türkmençilikde ýalany ýazgarmak, ýalançydan gaça durmak dogry hem-de adalatly görülýär. Ýokary ahlakly jemgyýetde ynsan gatnaşyklarynda ýalan söze orun bolmaly däl. Sen owunjak ýalan söz diýýärsiň. Emma «Ýumurtga ogurlan, towugam ogurlar» diýen aýtgy bardyr. Wagtynda aýňalyp ýetişäýmeseň, kiçijik ýalançylygyň ula ýazanyny duýman galarsyň. Ol ilk-ä endigiňe öwrüler, soňra-da häsiýetiňe geçer. Onsoň adamlar seniň adyň yzyna ýalançy lakamyny goşarlar. Her bir ahlaksyz ýa-da bikanun hereket owunjak zatlardan başlanýandyr, şu hakykaty hiç haçan unutmagyn.
SOWAL: — Ata, men Merdana: «Munuň-a wadasynda wepa ýok» diýdirmejek bolup mekirlik etdim-ä. Aslynda, jemgyýetde wada bilen ýalanyň gatnaşygyna nähili düşünmeli?
Jogap: — Köşegim, türkmenler ähli döwürlerde hem dogruçyl, ygrarly hem-de sözüniň eýesi hökmünde tanalan halkdyr. Türkmen edebiniň binýadyny dogry sözlülik we wada wepalylyk tutýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Ygrarsyzlyk ýalan sözüň miwesidir. Sözüniň yzynda durup bilmeýän adam hökman ýalançylyga ýüz urýandyr. Özüňem şeýle wakanyň pidasy bolduň dälmi, hä?!
SOWAL: — Ata, onda oýun edibem ýalan sözlemek uly betbagtçylyga getirip biljek-dä?
Jogap: — Hawa, balam, adam elmydama dogry sözli bolmaly diýen akyla gulluk etmeli, şonda hiç wagt ökünmeli bolmaz. Ýalanyň ulusy-kiçisi bolmaz. Jemgyýetçilik tarapyndan berilýän baha görä, adam dogruçyl ýa-da ýalançy hasaplanyp bilner. Adam belli bir derejede dogry geplese, şol ýeterlik diýen garaýyş türkmenlerde ýokdur. Ähli sözüň üçin jogap bermeli, hasabat geçmeli. Şoňa görä-de, Gündogar medeniýetinde: «Ýalan söz imandan aýrar» diýilýändir, özi-de çökder günä iş hasaplanýandyr.
SOWAL: — Ata, görýän welin ýalançylygyň öňüni almak üçin, ilki bilen, adamyň näme üçin ýalan sözleýändigine düşünmegi gerek ýaly?
Jogap: — Agtyjagym, seniň bu pikiriň bilen doly ylalaşýaryn. Adatça, adam şahsy bähbitlerini arap ýalan sözleýär. Halkymyz «Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli» diýýändir. Ýalanyň hem ahyry puçdur. Magtymguly Pyragy «Gulagyn tutmaz» atly goşgusynda aýdyp geçendir: «Uzak il içinde gezmez ýalan söz, ýaman niýet bilen uzaga gitmez» diýip. Akyldar şahyr ýalanyň ýagşy niýet bilen edilmeýändigini, ömrüniň gysgadygyny, soňunyňam biabraýlykdygyny nygtaýar.
SOWAL: — Ata, onda ýalan sözüň jogapkärçiligi lebzihalallykdan hem has agramly gelýän bolmaly?
Jogap: — Köşegim, ýalançy bilen ygrarsyz dost-dogandyr. Adam ilki ýalançylygy öwrenip, soňra ygrarsyzlyk derejesine ýetýär. Ýalançy adamda ygrarsyzlykdan başga-da birgiden ýaramaz häsiýetler jemlenýär (her bir meselede şahsy bähbit aramak, iş etmezlik üçin bahana gözlemek, jogapkärçiligi başgalaň üstüne atmak, bikanun we ahlaksyz hereketlere biparh garamak, kynçylyklardan gaçmak we ş.m.). Şonuň üçin hem jemgyýetde ýalançylyga iň ýaramaz ynsan edebi hökmünde garalýar. Bu häsiýet ähli adamlarda diňe ýigrenç duýgusyny döredip biler. Hemme şu zeýilli adamlardan başarsa gaçmak bilen. Ynsan üçin şundan agyr ahlak temmisi bolup bilermi?!
SOWAL: — Ata, onda ýalançy häsiýetli ynsan jemgyýetde iň ýaramaz görülýän adam bolýar-da. Ýalançylyk ýaly ahlak keselinden dynmak üçin näme etmeli?
Jogap: — Balam, ýalançy — jemgyýetiň gözünden düşen, ynamyndan gaçan adam bolup durýar. Ynamdan gaçmak sähelçe pursadyň işi, ynama girmek welin kähalatlarda ýyllary talap edýär. Ynsan gatnaşyklarynda ynamdan gaçmak elhenç jezadyr. Ynama girmek üçin ynsan ähli ýaramaz gylyklaryndan saplanmaly, ýagşy häsiýetlerem gündelik durmuşyna ornaşdyrjak bolmaly. Şonda wagtyň geçmegi bilen, adamlarda ozalky ýalançy adama ynam döräp biler. Ýöne munuň özi kämil ahlakly bolmak ýoluna düşen adamdan bimöçber erjelligi, çydamlylygy, yhlasy talap edýär.
SOWAL: — Ata, garaz dostumyň ynamyna täzeden giräýmek ýeňil-ýelpaý iş däl eken-dä?
Jogap: — Köşegim, adamlaryň ynamyna girmek üçin, ilki bilen, özüňe ynamyň bolmaly. Munuň üçin durmuşda gabat gelýän ýaramaz gylykhäsiýetleri kalbyň bilen ýigrenmeli, olaryň garşysyna barlyşyksyz göreşmeli, töweregiňde bolup geçýän bikanun hereketlere garşy çykmagy başarmaly. Umuman, özüňi jemgyýetde edepli, ýokary medeniýetli adam ýaly alyp barmaly. Şularyň hötdesinden gelip bilseň, dostlaryň sany artar, ýöne kemelmez.
Onsoňam hakyky dost durmuşda doganyň ornunda durýandyr, onuň gadyryny bilgin. Meşhur «Kowusnama» kitabynda bir danadan: «Dost gowumy, dogan?» diýip soranlarynda, ol: «Dost bolan dogan ýagşydyr» diýip jogap beripdir. Görnüşi ýaly, dogana taý ýok, ol şol barmana seniň syrdaşyňam bolaýsa, onda bagtyň çüwdügi, ýöne gardaşyna nepi degmeýän dogandan dost ýagşyrakdyr. Ata-babalarymyz hem: «Gadyr bilmez gardaşdan, gadyr bilen ýat ýagşy» diýipdirler. Bu ýerde ýat diýip dosta düşünilýär.
Dogry gepläp ýalňyşan ýa-da adalatly jogaba çekilen ýokdur. Ýalan gepläp, jemgyýetden çetleşdirilen adamlar welin duş gelýändir. Şu pisint adamlaryň jemgyýete yzyna dolanyp barmaklary juda kyn wezipe bolup durýar. Ýalançylyk jemgyýetde iň halanmaýan ahlaksyz hereketdir. Şu söhbetdeşlikden gelip çykýan esasy filosofik pikir: «Uly ýalňyşlyklar owunjak zatlardan başlanýar» diýlen pelsepäni ýaşlara ýatlatmakdyr. Umuman, ot uçgundan döreýär diýenleri-dä. Şu gürrüňdeşligiň çäklerinde ýene-de üns berilmeli käbir durmuş sapaklaryna ýüzleneliň:
Hiç haçan ýalan sözlemeli däl, ýalan gepiň aýdylmagyna-da ýol bermeli däl.
Dogruçyl adam durmuşyň hiç bir pursadynda hem sözünden dänmez.
Nebsiň guluna öwrülmejek bolsaň, kalbyňy her pursat tämizläp durmaly, ýagşy zatlary arzuwlap gezmeli.
Ýalançylyk iň agyr ahlaksyz hereketdir, sebäbi ol ynsanda birgiden ýaramaz häsiýetleriň döremegine getirýär.
Ahlaksyz hereket ýönekeýje ýalam bolsa, onuň jogapkärçiligi wagt geçdigiçe artýandyr.
Töweregiňde bolup geçýän owunjak ahlaksyz hereketleri düýpli şahsy kemçilik hökmünde kabul etmeli we durmuşyňda sapak edinmeli.
Özüne ynamy bolan ynsan adamlarda özüne ynamy oýaryp biler.
Mähriban ýaşlar! Hormatly Prezidentimiziň ömür ýoluny, nusgalyk ahlak edebini görelde mekdebi hökmünde kabul edip, dogruçyl hem ygrarly adamlar bolup okamagyňyzy, zähmet çekmegiňizi hem-de mynasyp ömür sürmegiňizi päk ýürekden arzuw edýäris!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
28.07.2020ý.