Gözbaşyny Ybraýym pygamberiň döwründen alyp gaýdýan bu baýram musulman dünýäsine mahsusdyr. Diňe bir öz halkymyza däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetine häsiýetli bolan agzybirlik, parahatlyk, ynsanperwerlik ýaly iň oňat häsiýetleriň ösdürilýän ilimizde Gurban baýramyny maşgala bolup bellemek bilen hem baý many-mazmunly däplere eýerilýär. Rowaýata görä, Ybraýym pygamber öz eziz görýän perzendi, maşgala agzalarynyň naýbaşysy bolan ogly Ysmaýyly Beýik Biribaryň ýoluna gypynçsyz gurban etmek isläp, uly synagdan geçýär. Allatagala öz bendesiniň sylagyna sarpa hökmünde asmandan gara goç indermek bilen oglanyň ömrüni uzaldýar. Şol günden soň her ýylyň Gurban aýy gelende gurbanlyk etmek musulman halklaryna mahsus ýörelgeleriň birine öwrülýär. Beýik Biribaryň eradasy bilen kemal tapan bu däp şol sebäpli-de Ýaradanyň ynsan kowmuna bagyşlan dessury saýylýar. Gurbanlygyň gadymy şertine görä, her bir maşgalada janly kesilip, uludan-kiçä ähliniň — ylaýta-da perzentleriniň ekleýjisi we saklaýjysy bolan erkek kişileriň baş saglygyna sadaka berlipdir. Görner-görünmez bela-beterlerden, howp-hatarlardan Allanyň aman saklamagy dileg edilipdir.
Gurbanlygyň gowy däpleriniň biri «Gurban şor» dessurydyr. Bu däp halkymyzyň päkizelik, arymsylyk dessurlary bilen utgaşyp gidýär. Gün dogmanka maşgala agzalarynyň ählisi diýen ýaly ten päkizeligini geçirýärler. Pederlerimiziň aýtmagyna görä, gurban şor edinilende adamyň depesinden başlap tä dabanyna çenli suw degmedik beden agzasy galmaly dälmiş. Ýaşajyk bäbekler bilen juda gojalan garrylaryň hem el-ýüzi ýuwdurylypdyr welin, bu dessurdan habarly edilipdir. Beden päkizeliginden soň täzeje, arassaja milli lybaslar geýilýär. Gadymy ene-mamalarymyz maşgala ýagdaýyna görä, «Iň bolmanda köýneklerdir donlaryň bagjygyny täzelemeli welin, gurbanlygy mynasyp garşylamaly» diýen ýörelgeden ugur alypdyrlar. Päkizelikden gözbaş alýan Gurban baýramynyň baş maksadynyň biri ynsan häsiýetlerini beýgeltmekdir. Edil Oraza aýynda bolşy ýaly, Gurban aýynda hem dogan-garyndaşlaryň, goňşy-golamyň, işdeş-kärdeşleriň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy üçin ýagşy doga-dilegler edilýär. Gybat-ýalandan, göriplikden, bahyllykdan kalbyňy goramak ündelýär.
Bu baýramyň ýene-de bir ähmiýetli tarapy ýaşuly gojalaryň, ak gyňaçly eneleriň tapylgysyz öwüt-ündewleridir. Daşyna neberelerini üýşürip oturan maşgalabaşy olaryň watansöýüji, il-güne ýaramly, dogruçyl, zähmetsöýer, abraýly adam bolup kemala gelmeklerini nesihat edýär. Gyz-gelinleriň mähir-mylakatyna, arymsylygyna, işeňňirligine, ahlak päkligine tutuş maşgalanyň ykbalynyň baglydygyna durmuş tejribesi arkaly göz ýetiren eneler wagyz-nesihatlaryny has-da pugtalandyrýarlar. Zenanlaryň geçirimli, akylly-başly, edep-ekramly, eli işli, çagalaryna hamrak, ýanýoldaşyna wepaly bolmaklary hakynda ençeme durmuş tymsallaryny mysal getirýärler. Şeýle öwüt-ündewlerden nusga alýan gelin-gyzlar Gurban baýramyna öňünden pugta taýýarlyk görýärler. Içeriniň haly-palaslary, ýorgan-düşekleri Güne çykarylýar, kakylyp silkilýär. Äpişge-gapylar ýuwlup tämizlenýär, otaglaryň arassaçylygyna pugta esewan bolunýar. Öl we arassa esgi bilen ähli öý-goşlary, aşhana enjamlary mazaly süpürilýär. Gap-gaçlara, çäýnek-käselere aýratyn serenjam berilýär.
Zenan maşgalalaryň tämizleýiş işleriniň hatarynda olaryň syna päkligi hakynda aýtman geçmek bolmaz. Şamar saçlaryny kaddy-kamatynyň gelşigi hasaplaýan ýaşajyk gyz-gelinler beden päkizeligi bilen bilelikde saçlaryna aýratyn ideg edýärler. Gür, ýylmanak, ýalpyldap duran örüm-örüm saçlar olaryň gül keşbini has-da hoşroý görkezýär. Şonuň bilen birlikde saçlar gelin-gyzlaryň saglyk ýagdaýyny ölçeýän mizan terezisi hasaplanýar. Jany sag, nerw ulgamy tarapdan rahat zenanlaryň saçy az düşýär. Ýuwup-ardylanda hem çolaşyp, düşüp, azar bermeýär. Ýöne şeýlede bolsa saç tarlarynyň iýmit önümlerine aralaşyp, ynsan saglygyna ýetirýän ummasyz zyýanyna durmuş arkaly göz ýetiren ene-mamalarymyz gyrlan tarlaryň ýekejesiniň hem ykjap gitmegine ýol bermändirler. Şol sebäpli-de saçy örüme girenden gyzjagaza edil aýna-darak bukjasy ýaly, kiçijik bir saç bukjajygyny tikip beripdirler. Dürli mata gyýkyndylaryndan we bölejiklerinden taslanan şeýle owadanja bukjany soň-soň olaryň özleri tikip öwrenipdirler. Saç bukjasyna gyrlan saçlar salnypdyr. Ýylyň dowamynda toplanan saçlar gurbanlykda ýere gömlüpdir.
Gurbanlykda ynsan ruhy täsin doga-dileglere eýlenip, syrly dünýä aralaşýar. Diňe bir özüňe däl, eýsem, ýakynlaryň, tanaýanlaryň her biri üçin arzuwlanýan ýagşy dilegleriň Hak dergähinde kabul boljagyna ynanylýar. Şol sebäpli-de, ilkinji nobatda, eziz Watanyň berkararlygy, mizemezligi, il abatlygy dileg edilýär. Saglygyny bagtynyň sermaýasy hasaplaýan ilimizde her bir ata-ene perzentleriniň sagdyn, bagtyýar ösüp-ulalmagy üçin aladalanýar. «Sag başym — soltan başym», «Saglyk — beglik» diýilýän ýurdumyzda ýaş nesilleriň beden berkligi üçin zerur bolan ir-iýmişler, gök we bakja önümleri, süýt, gatyk, aýran, süzme, çal, agaran ýaly düzüminde ençeme ýokumlary saklaýan peýdaly nygmatlar satyn alynýar. Miwe önümlerini iýmezden öň akar suwuň aşagynda pugtaja ýuwmaklyk ýaşlara tabşyrylýar. Şeýlelikde, aňly-düşünjeli, özüniň we hossarlarynyň saglygyna elmydama eserdeň garaýan perzentler kemala gelýär. Şeýle kämil perzentler her bir maşgalanyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir. Gurban baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
“Nesil” gazeti,
01.08.2020ý.