ADAM MERTEBESI

Kä­mil ada­my ýe­tiş­dir­mek me­se­le­si ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri mil­le­ti­mi­ziň baş we­zi­pe­si ha­sap­lan­ýar. Oguz han ata­myz ýe­ke bir döw­let gur­ma­gyň, hä­kimlik et­me­giň düzgün-nyzamyny, kada-kanunyny kes­git­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem,il bo­lup ýa­şa­ma­gyň, adam mer­te­be­si­ni be­lent tut­ma­gyň, adam­la­ryň biri-bi­ri bi­len ag­zy­bir­lik­de gat­na­şyk et­me­gi­niň hem ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­läp dü­züp­dir. Oguz han sö­ze, akyl-paý­ha­sa örän uly üns be­rip­dir. Ol adam­la­ra güýç-ýa­rag bi­len däl-de, söz bi­len tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, döw­le­tiň yk­ba­ly­ny halk bi­len ge­ňe­şip kes­git­läp­dir. Onuň pähim-paýhasynda ra­ýat­lar bi­len hö­küm­da­ryň ara­syn­daky gat­na­şyk aý­ra­tyn orun tut­ýar. Oguz han bu me­se­le­de ýag­şy bi­len ýa­ma­ny, ha­lal bi­len ha­ra­my saý­gar­ma­gyň ge­rek­di­gi­ni ün­däp­dir. Şeý­le hem uly bi­len kiçi­niň ara­syn­da­ky gat­na­şy­gyň wa­jyp­dy­gy­ny gör­ke­zip, türk­men ilin­de ýa­şu­lynyň or­nu­ny aý­ra­tyn de­re­je­läp­dir. Her bir iş­de ýa­şu­lu­lar ýa­şy ki­çi­le­re gö­rel­de bol­ma­ly­dyr di­ýen pi­ki­ri öňe sü­rüp­dir.

Şeýle asylly ýol-ýörelgelerimize laýyklykda, biz aýdyň geljegimize ynamly garamak üçin, öz milletimiziň hüý-häsiýetlerine düýpli akyl ýetirmeli. Bu işi bolsa hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň üsti bilen amal edip bileris, sebäbi ol türkmeniň geçmişi bilen şu gününi baglanyşdyryp, geljege nazar salýan eser. Hakykatyň, hakydanyň üsti bilen bäş müň ýyl taryhy ýoly geçen halkyň at-abraýy, guran döwletleri, uzak ýolda toplan ýaşaýyş ýörelgeleri, baý maddy we ruhy gymmatlyklary bu eserde öz beýanyny tapýar. Türkmen taryhda dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan halk.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde türkmen milletiniň geçen şöhratly ýolunyň her bir sahypasyny bitewülik, agzybirlik ýörelgesiniň nukdaýnazaryndan adamlaryň aňyna ýetirýär we ruhubelent, maksada okgunly adamy terbiýelemegi maksat edinýär. Şonuň üçin türkmeniň gadymylygyny, baý taryhyny, döreden gymmatlyklaryny giňden açyp görkezýän eseriň esasy meseleleriniň biri hem adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara sylag-hormaty, parahatçylygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Adam mertebesiniň taryhda döreden ruhy-maddy gymmatlyklarynyň üsti bilen açylyşy, gadymy türkmen topragynyň üstünden geçen kerwenleriň diňe bir ykdysady-syýasy, medeni we taryhy meseleleriň çözülişini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň biri-biri bilen düşünişmekleri, biri-birini sylap-hormatlamaklary bilen bagly meseleleri özünde jemleýär, adamyň mertebesini, özüni alyp barşyny şonuň bilen bir hatarda hem, beýleki halklaryň wekillerine uly sylag-sarpa bilen garamak bu eseriň esasy özenini tutýar. Eserde häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nusgalyk şahsyýetini ýetişdirmegiň ýollary hem görkezilýär.

Şu eseri okanyňda, her bir adamyň öz ata Watanyny galkyndyryp, belent ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler bolmalydygyna anyk göz ýetirýärsiň. Gowy adam diýen düşünje bu ylymly-bilimli, edep-ekramly, ruhy-ahlak taýdan baý, jemgyýetimize peýda getirýän adamlar bolmalydyr.

Nusgawy edebiýatymyza göz aýlanymyzda hem bu meseläniň giňden beýan edilip gelinýändigini görýäris. Türkmen paýhasynda, ata-babalarymyzyň dilden-dile geçen pähimlerinde adamyň mukaddesligi, onuň durmuşda tutýan orny bilen baglanyşykly meseleler giňden açylyp görkezilýär. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn», «Adam göwni — düýpsüz derýa», «Adamyň hormaty özüne bagly» diýen pederlerimiz adamyň adamkärçilik häsiýetleriniň hemme zatdan beýikdigini tekrarlaýarlar. Dessanlarymyzda, nusgawy edebiýatymyzda adamyň mertligi, merdanalygy wasp edilýär. Şu babatda akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary has hem täsirli. Şahyryň döredijiliginde mert ýigidiň nusgasy öňe sürülýär. Şahyr erbetlikleriň sebäbini nebis bilen baglap, mert adamyň öz nebsine buýrup bilmelidigini belleýär. Türkmen akyldary nebsi göwne boýun edip, bikemallykdan azat bolmagyň ýollaryny salgy beripdir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda adamy mertebeleýän adamkärçilik häsiýetlerini açyp görkezýän pähimler getirilýär. «Adam bar — gözden gyzar, adam bar — sözden», «Adam bardyr, adamynyň nagşydyr, adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr», «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Adam görki — akyl, söz görki — nakyl», «Adamyň özüne bakma, sözüne bak», «Ady ilde, orny törde» ýaly dürdäneleriň türkmeniň taryhy bilen bir hatarda, mirasynyň-da adamy terbiýelemekde, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde, belent adamkärçilik sypatlaryny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Adam elmydama il bähbitli, ilhalar işleri ýerine ýetirip, öz-özüniň halallygyndan ruh hem gujur alýar, öz arassa zähmeti bilen özüni açýar. Adamyň şahsyýetlik derejesi onuň jemgyýetdäki tutýan orny bilen häsiýetlendirilýär. Milletiň we adamzadyň toplan medeni gymmatlyklaryny özleşdirip, durmuş taýdan kämilleşdirip, jemgyýetde öz ornuny tapan adam şahsyýet derejesine ýetýär.

Türkmen halky agzybirlikde, jebislikde hormatly Prezidentimiziň daşyna jem bolup, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem uly ösüşlerine, özgerişliklerine öz goşantlaryny goşup, barha öňe ilerleýär. Bagtyýar halkymyzyň, kuwwatly ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gurbangözel SAPAROWA,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

“Nesil” gazeti,

04.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR