Ýaşlara bir sözüm bar
Maşgala nikadan döreýär, müňlerçe maşgala birigip, jemgyýeti emele getirýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, adamzat jemgyýeti maşgala döretmegiň birnäçe nusgalaryny öňe çykardy. Bu meselede häzirki günlerde hem düýpli aýratynlyklara duş gelmek bolýar. Nika-maşgala institutlary her bir halkyň özboluşly mental aýratynlyklaryna esaslanýar. Biziň ýurdumyzda maşgala meselesinde ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelere eýerilýär. Elbetde, döwre görä, milli däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň täze öwüşginler bilen üsti ýetirilýär, ýöne olar many-mazmun babatda mizemez hasaplanýar.
Ýokary mekdebi tamamlap, harby gulluk borjuny berjaý edip, zähmet ýoluna gadam goýan ýaş ýigidiň öýlenmek babatda atasy bilen bolan özara söhbedini ýaşlarymyza ýetirmegi müwessa bildik.
SOWAL: — Ata, maňa-da indi özbaşdak maşgalaly bolmaga wagt ýetdi, şu meselä nähili garaýarsyňyz?!
JOGAP: — Hawa, köşegim, sen köp yhlas-gaýrat, erjellik görkezip, hünärli bolduň, harby gullugyňy sowduň, işe durduň. Indi özbaşdak eklenç çeşmäň bar, öý tutmagyň, öýlenmegiň aladasyny edibermeli. Türkmen adatyna görä, ogluňy öýermek, gyzyňy durmuşa çykarmak ata-enäniň esasy borçlarynyň biri bolup durýar. Gündogar medeniýetinde hem maşgalaly bolmak, onda-da juda gijikdirmän nikalaşyp toý tutmak parz iş hasaplanýar. Esasy mesele, oglum, maşgala gurmagyň jogapkärçiligine doly, dogry we hemmetaraplaýyn düşünmegiň gerek.
SOWAL: — Ata, ýanýoldaş saýlamakda ýalňyşmaz ýaly, men bu meseläniň haýsy taraplaryna aýratyn üns bermeli?!
JOGAP: — Oglum, bu meseläniň inçe taraplary juda kän. Ilki bilen-ä öýlenjek gyzyňy sulhuň almagyň gerek, özi-de munuň ikitaraplaýyn bolmagy zerur. Ikiňem edil guşuň ganatlary ýaly deň hereket etmeli. Guş bir ganatyny kakyp, uçup bilýän däldir. Sulhy almak diýip men, ilkinji nobatda, gylyk-häsiýetiň gürrüňini edýändirin. Atalar pähiminde: «Jemala bakma, kemala bak» ýa-da «Gyz gylygyndan söýdürer» diýilýändir.
SOWAL: — Ata, siziň söýgi baradaky berjek öwütleriňiz edil şu wagt meniň üçin juda gerekli.
JOGAP: — Köşegim, söýgiň iki ölçegi bardyr: duýgy hem paýhas. Ikinjisi bu meselede esas goýujy hasaplanýar. Oglan bilen gyz, esasan, bir-biriniň daş keşbine aşyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, içki dünýäleri barada has düýpli gyzyklanmalydyrlar. Umuman, ýaşlar birek-biregiň hüý-häsiýetini içgin öwrenmeli, ahlak garaýyşlaryny doly bilmeli. Bu meselede olara ata-eneleri, ýakynlary, dost-ýarlary ýardam berip bilerler. Şeýle-de bolsa, ata-babalarymyz: «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýipdirler. Elbetde, sorag-idegden daşary geljekki ýanýoldaşyň gylyk-häsiýetine hut özüň açyk göz ýetirip bilseň, oňa ýetesi zat ýokdur. Gyzyň edep-ekramyda häsiýetine baglydyr.
SOWAL: — Ata, men gelinlik saýlamak üçin bir gyzy göz öňünde tutýaryn. Şol gyza duýgularymy nähili ýol bilen beýan edemde, türkmen edebine laýyk gelerkä?!
JOGAP: — Oglum, gutarnykly netijä gelendirin öýdýän bolsaň, onda maýyny tapyp, ol gyza ýürek duýgularyňy äşgär etjek bol. Seresap bolgun, ýaşyrynja hereket etgin, ýakynlary, tanyş-bilişleri duýaýmasyn. Esasan hem, göwnüne degäýmegin. Eždatlarymyz: «Gizlin söýgi — görkli, äşgär söýgi — merkli» diýendirler. Umuman, türkmençilikde ýigit saýlaýandyr, gyz — saýlanýandyr. Ýetişen gyzyň «saýlanyşykda» ýeňiji bolmagy üçin, gözel keşpden-de ötri gözel ahlaga eýe bolmagy has möhümdir. Hawa, özüňe mynasyp gyzy, deňiňi tapaýmak aňsat iş däldir.
SOWAL: — Ata, «Deňiň bolsun!» diýýäniňe nähili düşünmeli?!
JOGAP: — Köşegim, men, ilki bilen, ýaşlaryň häsiýetleriniň deň gelmelidigini nygtajak bolýaryn. Diňe gyzyň jemalyna guwanyb-a ömrüňi ötürip bolmaz. Onsoňam ilçilikde gyzyň ata-enesiniň baýlygyna, wezipe derejesine imrinýän ýigitlere hem ýek-tük duşmak bolýar. Şu zeýilli pikirler bilen gurlan durmuş misli asmandaky älemgoşar deýin uzak dowam etmeýär. Hasaply öýlenen ýigidem maşgala durmuşynyň hakyky süýjüsini duýup ýaşap bilenok, has beterem, şeýle maşgalanyň ömri-de, adatça, gysga bolýar. Herki maşgala gurjak bolýan jahyl kynçylyksyz bagtyýar durmuşa ýetilmeýändigine düşünmeli, azapsyz ýetilen lezzetiň ýalan toruna çolaşmaly däl, erkiňi ýitirmejek bolsaň, minnetli aşdan gaça durmaly. Oglum, şu ýerde ýene-de bir meselä seniň ünsüňi çekesim gelýär. Durmuşda ynsan saglygy düýpli mesele hasaplanýar. Döwletimiziň maşgala kanunçylygynda geljekki ýaş çatynjalaryň bir-biriniň saglyk ýagdaýlaryndan habarly bolmaklary nygtalýandyr. Kanuna laýyklykda, olar özara ylalaşyk boýunça döwletiň hasabyna lukmançylyk barlagyndan hem geçip bilýärler. Ýaşlaryň bir-biriniň saglygyna doly göz ýetirip, soňra nika baglaşmak meselesiniň gutarnykly çözülmegi dogrudyr.
SOWAL: — Ata, gyzyň maşgala ýagdaýlaryny öwrenmek hökmanmy?!
JOGAP: — Köşegim, türkmençilikde şu mesele ilki öwrenilmäge degişli-dä. Gyzyň maşgalasy halal zähmetden eklenýän, il arasynda hormat-sylagdan peýdalanýan, kanunyň we ahlagyň talaplaryny doly berjaý edýän, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlardan bolmaly. Gyzyň atasy öýünde ýeterlik derejede ahlak-edep terbiýesini alandygyny anyklamak hem wajypdyr. Gyz maşgalanyň terbiýesi, esasan, ejesine bagly. Türkmençilikde ýöne ýerden: «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini» diýilmeýär.
Oglum, eger makul bilseň, şu ýerde söhbedimizi jemläýeli, ataly-ogluň gürrüňi gutarmaz...
— Köp sag boluň, ata jan, beren öwüt-ündewleriňize!
— Sag bol, balam, sag bol!
Şu gysgajyk söhbetdeşlik esasynda ýaşlarymyza şeýleräk öwüt-ündew beresimiz gelýär:
nika baglaşmaga juda jogapkärli çemeleşmeli;
söhbetdeşlikde beýan edilen ýagdaýlar has-da jikme-jik öwrenilmeli;
abraýly maşgala bilen garyndaşlyk açjak bolmaly;
birek-biregiň gylyk-häsiýetine doly göz ýetirmäge çalyşmaly;
söýgi meselesinde türkmeniň milli edebine eýermeli;
söýgüde bähbit gözlemeli däl;
ýaşlar öý tutmak meselesinde ýakynlarynyň we dost-ýarlarynyň maslahatyna eýerip, özbaşdak we jogapkärli hereket etmeli;
maşgala jedellerinde ylalaşyk gözlemäge we geçirimlilik etmäge ymtylmaly;
her halatda tejribeli adamlar bilen maslahatda bolmaly.
Görşümiz ýaly, maşgala gurmak parasatly hereket etmegi, köpugurly taýýarlykly, sabyrly we tutanýerli bolmagy talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň ruhy-ahlak mekdebine daýanyp, maşgala meselesinde üstünlikler hemraňyz bolsun, eziz ýaşlar!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
08.08.2020ý.