DEŇIZDEN DAMJALAR

Ýakymly gürlemäni öwrenmek üçin ilki bilen köp okamak däl-de, dykgatly okamak gerekdir, gürlemezden öň ep-esli diňlemek zerurdyr.

* * *

Ynsanperwerlik — Hudaýyň eçilen gymmatly peşgeşidir, ol bizi ýakyn adamlarymyz bilen birleşdirýän düwündir.

* * *

Kimde-kim öz ynsabynyň öňünde arassa hem bagtyýar bolsa, ol öz maňlaýyna ýazylan maksadyna ýetýär we durmuşyň kyn meselesine hötde gelýär.

* * *

Gözellik sazlaşykdyr, sazlaşyk — laýykatlykdyr — bir bitewüligiň we onuň bölekleriniň umumylygydyr.

* * *

Adamy tanamak üçin ony söýmek gerek.

* * *

Janyýangynlyk özgeleriň bagtsyzlygy üçin ýanmakdyr, göriplik bolsa özgeleriň bagty üçin ýanmaklykdyr.

* * *

Mähirlilik we sadalyk — belentligiň sakasy, mylaýymlyk we mylakatlylyk — adamyň bezegi, utanç-haýa onuň iňňän owadan, bezemen eşigidir.

* * *

Diliň ujunda gizlin syry saklandan, oduň közüni saklanyň aňsatdyr.

* * *

Hakyky bagt göreşsiz bolýan däldir.

* * *

Üç zat aýyp açarmyş. Olar — söz, göz hem ýol.

* * *

Bir adamyň gülüşinden onuň terbiýesi, gülýän zadyndan paýhasy bilner.

* * *

Haýp, käteler gerekli bir adamyňy agtarmak, müň kişini tapandan kyn düşýär.

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

11.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR