Pespällik — ahlak kadalarynyň ulgamynda iň oňat häsiýetleriň biridir. Pespäl bolmak üçin adamda durmuşda bolup geçýän wakalary düýpli seljermäge we umumylaşdyrmaga, olardan dogry we ygtybarly netijeleri çykarmaga ukyp-başarnyk, giň dünýägaraýyşdyr gözýetim bolmaly. Şu talaplar jem bolan halatynda-da päli pesligi häsiýetiňe öwürmek üçin, köp tagalla etmeli. Esasan hem, özüňi az geplemek, hüşgär bolmak, soňuny saýmak, howul-hara hereket etmezlik ýaly birgiden çäklendirmelere uýgunlaşdyrmagy başarmaly. Pespäl bolmagy endik edinmek we ony häsiýetiňe ornaşdyrmak üçin yhlasdanda ötri wagty köp sarp etmeli.
Pespällik we tekepbirlik babatdaky ataly-ogluň arasynda bolup geçen gürrüňdeşligi ahlak edebine oňyn täsir etmek maksady bilen, ýaşlarymyzyň aňyna ýetirmäge synanyşmakçy bolýarys.
SOWAL: — Ata, aňlaýşyma görä pespällik juda gymmatly hem täsirli ahlak kadasy bolarly. Päli pes diýdirmek üçin, adam näme etmeli?!
JOGAP: — Köşegim, pespäl bolmak üçin, ilki bilen, her kim özünde bar bolan «men-menlik» häsiýetini terbiýelemeli. Aýdyň bilýän zadyňam ýene-de bir ýola anyklamak, janyňy barlap görmek wajypdyr, sebäbi durmuşda her hili säwlikler ýüze çykyp bilýär. Türkmenlerde ýöne ýerden «Ýedi ölçäp, bir kes» diýilmeýär. Men öz tejribämde şu hakykata birnäçe gezek göz ýetirdim. Ýaşlykda aklawjy hökmünde utaýmaly hukuk jedellerimiň kazyýetlerde ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda tamamlanan halatlary bolupdy. Bu ýagdaý meniň kanunyň kadalaryny ilik-düwme öwrenmändigim, olara doly, dogry we giňişleýin baha berip bilmändigim üçin döräpdi. Umuman, «men-menlik» edilenligi üçin şeýle bolupdy.
SOWAL: — Ata, şu garaýyşdan ugur alnanda, islendik bir işe onuň ähli taraplaryny bilip we düşünip çemeleşmek dogry-da?!
JOGAP: — Oglum, atalar pähiminde: «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» diýilýändir. Şonuň üçin hem işiňe elmydama gaty jür bolmaly. Soňundan aň ýetireniň bilen düzedip bolmaýan ýagdaýlar bardyr. Boljak iş bolandan soň, puşman edeniňden ne peýda?! Artygrak zähmet çek, şahsy wagtyňy sarp et, ýöne edýän işiň dogrulygyna doly ynamyň bolsun! Her bir meselä töwerekleýin çemeleşmegi endik edin, ýadamany-ýaltanmany bilme, kynçylyklardan gaçma, şu gün edip biljek işiňi ertä goýma. Umuman, yhlas görkezmeli-dä. Ata-babalarymyz: «Yhlasa — myrat» diýendirler.
SOWAL: — Ata, halypa mugallymlarymyzyň biri gürleşmäge şeýle mylaýym, ýöne özüni juda agras alyp barýar. Şeýle bolmak dogrumy, geň dälmi?!
JOGAP: — Köşegim, agraslyk päli peslikden nyşandyr. Misli agajyň miwesiniň köp boldugyça şahalarynyň aşak bolşy ýaly, pespäl adam ynsan gatnaşyklarynda känbir göze ilmezlige çalyşýar, öwülmegini-öwmäni halamaýar. Az gepleýär, söz berilmes-ä asla-da geplemeýär. Hiç haçan eden işini diline çolamaýar, işde bahana gözlemeýär, etmeli işini başgalaň üstüne atmaýar, halal zähmetiniň hasabyna ýaşaýar. Şahsy bähbidine çapmaýar, jogapkärçilikli, dogry hem ygrarly bolýar. Agzalan häsiýetler halypa mugallymyňyzda hökman bolaýmaly. Şeýle pisint adamlaryň ömür ýolunda uýýan esasy filosofiýasy şudur: «Beýikler pesde-de beýikdir, pesler beýikde-de pesdir».
SOWAL: — Ata, görýän welin pespäl adamlaryň durmuşda şahsy bähbitleri juda çäkli bolmaly?
JOGAP: — Hawa, balam, örän ýerlikli bellediň. Pespäl häsiýetli adam ömrüni abraý-mertebe diýip geçirýär. Wagtyny sogap işlere bagyşlaýar, özi barada iň soňunda alada edýär, başgaça aýdylanda, ýakynlarynyň we jemgyýetiň bähbitlerini elmydama öňde goýýar. Onuň üçin ruhy baýlyk maddy baýlykdan ýokarda durýar. Päli pes adam hemişe türkmeniň şükürlilik we sabyrlylyk ýaly ahlak kadalaryna goldanyp, mesele çözýär. Pespäl adam durmuşda kanagat edip ýaşaýar. Kynçylyklar bilen göreşýär, hemişe ýagşy umytda gezýär. Islendik pursatda hem ruhdan düşmeýär, göwnüçökgünlige-de ýol bermeýär.
SOWAL: — Ata, şu gürrüňdeşlikde men köp zatlara düşündim, garaýşym üýtgedi. Jemgyýetde pälipeslik hemme adamlara mahsus bolmaly ýa-da men nädogry pikir edýänmi?
JOGAP: — Jan guzym, sen daýhan bol, maldar bol, işçi bol, gullukçy bol, tapawudy ýok, pespällik hemmeleri bezeýän häsiýet. Pespällik — ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlar üçin aýratyn mahsus bolmaly. Çünki wezipeli adam ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birgiden adamlaryň ykballaryna gönüden-göni täsir edip bilýär. Her bir ýolbaşçynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny ahlak-hukuk kadalarynyň talaplarynyň çäginde amala aşyrmagy örän wajypdyr. Maşgalabaşynyň ornunda oturan erkek kişileriň hem pespäl häsiýetli bolmaklary türkmeniň ahlak edebiniň möhüm talaplarynyň biridir.
SOWAL: — Ata, durmuşda pespäl bolup ýaşamalydygyna doly düşündim, tekepbir adamyny nähili tanap bolýar we onuň bilen nähili gatnaşyk saklamaly?!
JOGAP: — Oglum, tekepbir adam ulumsy bolýar, diňe özüni bilýär. Ahlaksyz we bikanun hereketlere parh goýmaýar. Görip hem bahyl bolýar. Aňsat eklenjiň gözleginde gezýär. Kişiniň arkasyna bukulmagy gowy görýär. Rehimsiz hem yzgytsyz bolýar. Hemişe öz diýenini gögertmäge çalyşýar. Ejiz we namart bolýar. Umuman, tekepbir adamyň ahlagyny emele getirýän «çemen» ýaramaz häsiýetlerden düzülendir. Atalar pähiminde: «Ýagşa — ýanaş, ýamandan — daşlaş», «Ýamandan boýuňy satyn al!» diýilýär. Tekepbir adamy köpçülik bolup ýola salyp bolmadyk halatynda, ondan daşrakda gezeniň ýagşydyr.
Görşümiz ýaly, pespäl adamlarda kämil ahlakly ynsanlara mahsus iň oňat gylyk-häsiýetler jemlenendir. Şonuň üçin hem pespäl adamlar jemgyýetde uly abraýa eýedirler. Her kim pespäl adam bilen gatnaşyk açmaga höwes edýär. Päli pes adamlar durmuşyň her bir pursadynda ahlagyň we kanunyň talaplaryna hormat goýup, olary gyşarnyksyz berjaý edýär. Ahlaga we kanuna goldanyp, adalata esaslanyp ýaşaýandyklary üçin hem, olar öz durmuş ýolunda birgiden üstünliklere ýetýär, manyly ömür sürýär, nusgalyk görelde mekdebine öwrülýär.
Mähriban ýaşlar, pespäl häsiýetli hormatly Prezidentimiziň durmuş tejribesinden hem-de söhbetdeşligimizde beýan edilenlerden ugur alyp, siziň ähliňiziň pespäl adamlar bolup ýetişmegiňizi arzuw edýäris!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
14.08.2020ý.