Siziň aňyňyz programmirlenýändir. Eger ony özüňiz programmirlemeseňiz, size derek muny başga biri eder.
* * *
Özüň hakda pes pikirli bolmak — bu salykatlylyk däldir. Bu öz-özüňi weýran etmekdir.
* * *
Ömür (durmuş) — bu siziň alýan zadyňyz däldir. Bu siziň alan zadyňyza nähili çemeleşýändigiňizdir (näme edýänligiňizdir).
* * *
Diňe halaýan zatlaryňy okamak arkaly sowatly bolup bolmaýar.
* * *
Nämedir bir zat bizi hemişe bökdeýärdi. Asyl bu biziň özümiz ekenik.
* * *
Eger siz ajaýyp günleriň birinde nämedir bir beýik zady amala aşyrmak isleýän bolsaňyz, ýatda saklaň: şol ajaýyp gün — şu gündür.
* * *
Men, hamana, kimdir biriniň janyny halas edýän ýaly bolup ýazýaryn. Belki-de, öz janymy halas edýändirin.
* * *
Kitaplaryň hem duşmanlary edil adamlaryňky ýaly: ot, çyg, haýwanlar, howa we olaryň öz mazmuny.
* * *
Medeniýet — bu siziň operasion sistemaňyzdyr.
* * *
Sungatlaryň ählisi terjimehala (awtobiografiýa) eýlenendir. Dür — balykgulagyň terjimehaly.
* * *
Hakyky halypalar özüni köpri hökmünde ulanyp, üstünden şägirtlerini ötürýärler. Soňra bolsa, ýagny şägirtler beýleki kenara geçenlerinden soň, bu köprüleri höwes bilen ýumurmak arkaly, olary öz köprülerini gurmaga höweslendirýärler.
* * *
Eger tutuş ömrümizde aýdýan ýeke-täk doga-dilegleriňiz «Sag bol!» bolsa, eýýäm şunuň özi hem ýeterlikdir.
* * *
Howp-hatarsyz ýola diňe gowşaklar ýollanýandyr.
* * *
Aýdylaýmaly zatlaryň bary eýýäm aýdylan. Emma hiç kim diňlemändigi sebäpli, ählisi ýene-de gaýtalanmalydyr.
* * *
Men bolup biläýjek günälerden iň ulusyny etdim. Men bagtly bolmadym.
“Nesil” gazeti,
18.08.2020ý.