BU KIMIŇ HOWA ŞARY?

Meş­hur su­han­göý el­li adam­dan ybarat to­pa­ryň öňün­de çy­kyş edip­dir. Bir­den ol sö­zü­ne dyn­gy beripdir-de, du­şu­şy­ga gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­ni geçir­jek tej­ri­be­si­ne go­şul­ma­ga ça­gy­rypdyr. Su­han­göý adam­la­ryň her­si­ne bir ho­wa şa­ry­ny be­rip, oňa öz­le­ri­niň ady­ny ýaz­mak­la­ry­ny ha­ýyş edip­dir. Soň­ra ol şar­lar öňem şol bir­meň­zeş reňkdä­ki şar­lar­dan do­ly bo­lan bir ota­ga oklanypdyr-da, sy­nag tej­ri­be­si­ne gat­na­şy­jy­lar­dan bäş mi­nu­tyň içinde her ki­miň öz şa­ry­na eýe çyk­ma­gy­ny ha­ýyş edipdir­ler. Adam­lar ba­şa­gaý hal­da öz ady ýa­zy­lan şa­ry göz­läp, bi­ri-bi­ri­ni ite­nek-ço­ka­nak edi­şip ug­rap­dyrlar. Hiç zat sel­je­rer ýa­ly bol­man­dyr.

Ne­ti­je­de, bäş mi­nut wagt geç­se-de, öz şa­ry­ny tapan ki­şi bol­man­dyr. Şo­nuň üçi­nem ola­ryň her haýsy­nyň at ýa­zy­lan is­len­dik bir şa­ry ta­pyp, hak eýe­sine gow­şur­ma­gy tek­lip edi­lip­dir. Sä­hel­çe mi­nut­dan soň her ki­miň öz şa­ry elin­de eken. Şon­da su­han­göý şeý­le di­ýip­dir: «Bi­ziň dur­mu­şy­myz­da-da hut şeýle ýag­daý bo­lup geç­ýär. Hem­me­ler ba­şa­gaý hal­da, ni­re­de­di­gi­ni bil­me­ýän bag­ty­ny ag­tar­ýar­lar. Bi­ziň bag­ty­myz öz­ge adam­la­ryň bagt­ly­ly­gyn­dan yba­ratdyr. Ola­ra bagt eçi­liň, şon­da siz öz bag­ty­ňy­za eýe bo­lar­sy­ňyz».

...Baş­ga-da bir ede­re işim bol­man­soň, şu ýo­kar­ky ýaz­gy­ny ter­ji­me et­dim. «Hem ta­ýy­ma baş öw­redýän, hem da­ýym­la­ra gi­dip gel­ýän» diý­le­ni ýa­ly boldy. Bu ýaz­gy bir ýo­la okap ýa ter­ji­me edip, bir gy­ra süý­şü­rip go­ýar­dan has tä­sir­li­di. Ol ba­ra­da oý­lanmaz­lyk müm­kin däl­di (hiç bol­man­da, me­niň üçin-ä şeý­le). Dur­muş­da kim­dir bi­ri­niň ady ýa­zyl­gy şar­lar, gör, nä­çe sa­par öňü­miz­den çy­kan­dyr. «Aý, meň­ki däl-le» di­ýip, ötüp-ge­çen ge­zek­le­ri­miz hem, me­ger, şon­ça­dyr. Hol al-as­man­dan uçup bar­ýan şar ba­ra­da aýt­ma­nyň­da-da, bu şeý­le­dir...

Oý­la­nyp otu­ry­şy­ma, «bel­ki, şu ter­ji­me eden ýazgym kim­dir bi­ri­ne ni­ýet­le­nen şar­dyr» di­ýen pi­kir kel­lä­me gel­di. Müm­kin, mun­da bir ada­ma däl-de, kö­pe ni­ýet­le­nen, hem­mä ýet­jek şar­lar bar­dyr. Mu­ny hak eýe­si­ne — eýe­le­ri­ne gow­şur­mak ka­ra­ry­na geldim. Şo­nuň üçi­nem, il­ki ýö­ne keý­pi­ne ter­ji­me eden hem bol­sam, in­di mu­ňa ça­pa hö­dür­le­me­li di­ýen nuk­daý­na­zar­dan ga­rap baş­la­dym. Göz öňüm­de öz şa­ry­ny ag­ta­ryp ýö­ren adam­lar jan­lan­dy

Bi­rin­ji­si, ga­ze­tiň her sa­ny­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan­dy­gy­ny aý­dyp jaň eden daý­za. Ol ga­zet ma­ka­la­la­ry­nyň bi­rin­den ady ag­za­lan ki­ta­by hö­wes bi­len oka­sy­nyň gel­ýän­di­gi­ni, şo­ny türk­men­çä terji­me edil­se, il­kin­ji oky­jy­la­ry­nyň bi­ri bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Şu ýaz­gy hem şol di­ýil­ýän ki­ta­byň mazmu­ny­na bap gel­ýär. Eý­ýäm me­niň göz öňüm­de bu ýaz­gy­ny do­da­gy­ny ça­la­ja müň­kül­de­dip okap, myssa ýyl­gy­ryp otu­ran oky­jy — öz şa­ry­ny ta­pan şol daý­za ör-boýuna gal­dy.

Ikin­ji­si, ýur­duň çet­ki et­rap­la­ry­nyň bi­rin­den til kakan ýa­şu­ly. Ol gö­zi kü­te­li­şen­li­gi se­bäp­li, ga­ze­ti oglu­na okad­ýan­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Hä­zir ol bu söz­le­ri eşi­dip, gu­lak asyp otu­ry­şy­na, ça­la baş at­ýan bol­sa ge­rek...

Beý, wal­la, ýogsa-da, mu­ny me­niň oka­ma­gy­ma se­bäp bo­lan adam hem şeý­le oý­la­ra güm­ra bol­dumy­ka? Ýa-da men mu­ny aşa ma­ha­bat­lan­dy­raý­ýarmy­kam?! Beý­le däl­dir, se­bä­bi bu ýaz­gy­nyň ma­ňa ýet­me­gi gönüden-göni adym ýa­zy­lan ho­wa şa­ry­ny eli­me gow­şu­ry­lan ýa­ly duý­gy­ny dö­ret­di. Şeý­le-de dur­mu­şym­da eli­me gow­şu­ry­lan beý­le­ki ho­wa şarla­ry ba­ra­da oý­lan­dyr­dy...

Ça­ga­kak oý­nap ýö­ren fut­bol pök­gi­miz gy­la­diş ba­typ, ýa­ry­lan­da, ony ýa­map, öň­ki kat­dy­na ge­ti­rip be­ren ýa­şu­ly ho­wa şa­ry­ny gow­şu­ran eken...

Möwç­li ak­ýan suw­dan geç­me­giň tä­ri­ni tap­man, al­jy­rap dur­kam, ýal­pak ýe­ri gör­ke­zen go­ja — Hemdem ba­ba hem şeý­le eden eken...

Suw­suz­lyk­dan ýa­ňa ag­zym ke­päp, do­dak­la­rym bi­ri-bi­ri­ne ýel­me­şip ug­ran­da, da­şy­na ke­çe tu­tu­lyp, öl­le­nen my­ta­ra­syn­dan Aby-Zem­zem çeş­me­sin­den al­nan di­ri­lik su­wy ýa­ly so­wuk suw­dan gan­dy­ran ýa­şu­ly hem şeý­le eden eken...

Mek­de­be bar­ýar­kam tam­dyr­dan mele-myssyk çö­rek­le­ri çy­ka­ryp dur­ka bir ke­se­men gyz­gyn na­ny su­wa ba­syp be­ren Ogul­baý­ram eje-de bu sa­na­wa go­şu­lyp bi­ler...

Bu­la­ryň öwe­zi­ne men nä­me ber­dim­käm?! Häzir-ä elim­den gel­ýän zat ýok. Hä, ýa­dy­ma düş­di. Esli ýyl ozal ho­wa şa­ry bi­len bag­ly baş­ga bir tym­sa­ly hem ter­ji­me edip­dim. Ony hem şon­da ýö­ne keý­pi­ne ter­ji­me eden-de bol­sam, hä­zir ýe­ri ge­len ýa­ly. On­dada dür­li reňk­dä­ki ho­wa şar­la­ry bar, her kim özü­ne ge­re­gi­ni — öz şa­ry­ny alar-da...

* * *

Ki­çi­jek ga­ra­ýa­gyz og­lan­jyk ba­zar­da şar sat­ýan ada­ma syn edip du­ran eken. Ol ça­ga­la­ryň — bo­lup bi­läý­jek ki­çi­jek aly­jy­la­ryň ün­sü­ni çek­mek üçin, gyzyl reňk­li şa­ry gö­ge uçu­ryp goý­be­rip­dir.

Soň­ra ol gök şa­ry hem şeý­dip uçu­ryp­dyr. Olar ýo­ka­ry ga­lyp ba­ryş­la­ry­na ahy­ry göz­den ýi­tip gi­dipdir­ler. Ga­ra­ýa­gyz ça­ga­jyk uzak wagt­lap ga­ra reňk­li şa­ra se­re­dip du­ran­soň, ahy­ry dil­le­nip­dir:

— Da­ýy, şol ga­ra şa­ry hem goý­ber­seň, şeý­dip ýoka­ryk uçup bi­ler­mi?

Sa­ty­jy ýylgyrypdyr-da, ga­ra şa­ryň sa­pa­gy­ny kesip­dir. Ol as­ma­na gö­te­ri­lip gi­dip­dir.

— Esa­sy zat reňk­de däl, og­lum. Şa­ry ýo­ka­ry göter­ýän onuň için­dä­ki zat­dyr.

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti,

20.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR