DURMUŞYMYZY ÖZGERTJEK ÝÖRELGELER

Günüňi özüňde bar bolan zatlaryň ählisi üçin şükür etmekden başla.

Ir tur (daňdan 5-6).

Köpräk suw iç (günde 1,5-3 litr).

Köpräk suwa düşün.

Günüňi planlaşdyr.

Maksat goý, ýöne oňa garaşly bolma.

Bagyşla, bagyşla, dostlaryňy hem duşmanlaryňy bagyşla. Biz kämil däldiris, şonuň üçin özgeleriň hem kämil däl taraplaryny bagyşla.

Günde azyndan 15 minutlap arassa howada gezim et, 30-60 minut bolsa has-da gowy.

Nahar iýen badyňa suw içme.

Daş-töwerekdäki ýaramazlardan gaça dur.

Eger ýaramaz gurşawa düşäýseň hem, olardan «tersin görelde» al, ýagny nähili bolmaly däldigini öwren.

Maksadyňa wepaly bol.

Töweregiňi seniň öz-özüňi açmagyňa ýardam etjek mynasyp adamlar gurşasyn.

Her gün sport bilen meşgullan.

Çökgünlik döwründe özüňi minimum maksatnama bilen çäklendirmegi başar.

Ösüşiňi çaltlandyrjak ussat halypalardan sapak al.

Lezzet alyp işle.

Eger işiň ýaramaýan bolsa, ýöne ol ösüş üçin zerur bolsa we maksadyňa ýakynlaşdyrýan bolsa, işlemegiňi dowam et.

Eger işiň saňa ýaramaýan bolsa we maksadyňa ýakynlaşdyrmaýan bolsa, onda ony taşla.

Özüňe ynan.

Günüň dowamynda mümkin boldugyndan, köpräk çuňňur dem al.

Her gün doga oka, ruhuňy tämizle.

Gowy görýän aýdymlaryň sanawyny yzygiderli täzeläp dur, energiýa mätäç wagtyň olary diňle.

Durmuşyň her bir pudagynda iň gowy halypalary tap-da, olardan sapak al.

Gazanjyň 10 göterimini haýyr-yhsana bagyş et.

Öwgä gysylma, aýratyn hem, öz toparyň babatda.

Öwgüde joşgunly bol, tankytdan saklan.

Unutma: sen nähili gowy iş edýän bolsaň hem, hemişe nägile kişi tapylar.

Üstünlikde ýeňiş üçin minnetdar bol, ýeňlişde tejribe üçin minnetdar bol.

Käte özüňi çaga ýaly eljiretmegi başar.

Iň möhüm zady ilkinji nobatda berjaý etmelidigini unutma.

Mümkingadar, «birde iki» ýörelgesini köpräk ulan (bir wagtda sport bilen meşgullanmak we audiokitaplary diňlemek...).

Iş babatda özüňi bagtly duýmak üçin diňe birnäçe gazanjaklygyň hakda däl-de, onuň getirjek has uly bähbitleri barada pikir et.

Ösüşe ymtyl, päsgelçiliklerden gorkma.

Unutma: islendik işde ussatlyga ýetmek üçin, azyndan, 10 müň sagatlyk yhlasly çekilen zähmet zerurdyr.

Gündelik kiçijek özgerişlikler tutumly üstünliklere alyp barýandyr.

Adamlara ilki salam ber we ýylgyr. Diňe güýçli we işi şowly adam ilkinji bolup mylakat görkezýändir.

Ýeke-täk mynasyp ölçeg-dereje — iň gowusy bolmalydyr.

Mümkinçilikleriň amala aşmagyna ýardamy ýetmejek kişiler bilen salykatly halda hoşlaşmagy başar.

Eger olar garyndaşlaryň bolsa, olary gowy gör hem-de bolşy ýaly kabul et. Olar şol boluşlaryndan hiç haçan üýtgemezler diýip bolar.

Umuman, hiç kimi üýtgetjek bolma. Özgeleri özgertjek bolmak — betbagtlyga barýan ýoldur.

Ylham dogry durmuş obrazynyň netijesinde gelýändir.

Naharlanyşyň nä derejede ýaramaz bolsa, hereket hem şonça az bolsa, işe bolan islegdir hyjuwyň hem şonça pes bolar.

Töweregiňdäki adamlar üçin «lift» bol. Olary ýokary göter.

Tankyda düşünmek bilen gara. Olar öz orunlaryny tapmadyk adamlardyr, özleriniň oňlamazlyklaryny aýtmakdan başga lezzet alýan zatlary hem ýokdur.

Eger tankytçy derejeli kişi bolup, ak ýürekden aýdýan bolsa, ony dost tutun. Goý, ol saňa has-da kämilleşmekde kömek bersin, öz gezegiňde, sen hem gazanan derejäňde goşan goşandy üçin, ýagşylygy ýerine salmagyň usulyny tap.

Durmuşyňda yzda galan zat hem, öňde garaşýan zat hem seniň hut şu pursatdaky ýagdaýyň şöhlelenmesidir.

Motiwasiýa (höweslenmek) içden joşup çykmalydyr. Eger ol ýok bolsa, munuň iki sebäbi bolup biler: ýa-ha energiýa ýokdur, ýa-da sen islemeýän işiňi edýänsiň.

Keýpsiz haldakaň hiç haçan juda wajyp bolan meseleler barada anyk karara gelme.

Ilki oňyn halyň çür depesine çyk, soňra bolsa nähili ýaşamalydygy barada netijä gel.

Poçtany we sosial ulgamy günde iki gezekden kän okama.

Söz bar — keser söweşi, söz bar — kesdirer başy. Olary duýgurlyk we mähir bilen saýlap ulan.

Adamy gowy görmek — bu oňa özüni açmaklyga kömek etmekdir. Hatda bu seniň öz islegleriň zyýanyna bolsa hem, şeýledir.

Ýalňyzlykdan lezzet al.

Täze işe başlamak, täze endigi özleşdirmek hem-de täze «hobbi» edinmek hiç haçan giç bolýan däldir. Gözýetimiňi giňeltjek zady gözlemegiňi dowam et.

Üstünlik gündeligini ýöret, aýratyn hem, iň köp iş alyp barýan ugurlaryň babatda.

Şert etdiňmi, berjaý et. Edip biljekligiňe 100 göterim ynamyň bolmasa, hiç zady wada berme.

Gybatdan gaça dur.

Täzeliklerden habarly bol.

Ýatda sakla, durmuşyň manysy dünýäniň gurluşynyň kanunlaryna çuňňur düşünmekdedir we olara eýermekdedir. Bu seni bagta ýetirer.

«Işjeňler bilen akyllylaryň arasynda işjeňler ýeňýärler. Işjeňleriň arasynda bolsa iň akyllysy». Akyl bilen işjeňligi utgaşdyr.

Durmuşyňdaky ähmiýetli wakalaryň her birini seljer. Sen ondan nähili sapak aldyň?

Öz-özüňi — ukyp-başarnygyňy açmaga ýardamy degmeýän zady etmegiňi bes et.

Mümkingadar, çig gök önümleri we peýdaly ýaglary (awokado, ösümlik ýaglary we ş.m.) köpräk iý.

Özgäniň şowsuzlygyny ýazgarma.

Terjime eden Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR