TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI ÖZBOLUŞLYLYGY

Hal­ky­my­zyň men­ta­li­te­ti, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry, has sa­da dil­de aý­dy­lan­da, türk­men­çi­lik däp-dessur­la­ry öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýar hem-de bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da döw­re­bap kä­milleş­di­ril­ýär. Hal­kyň men­ta­li­te­ti­ni özü­ne mah­sus bolan urp-adat­la­ry, däp-dessurlary, edim-gylymlary, uý­ýan di­ni we ta­ry­hy ge­çen ýo­ly düz­ýär. Şu gör­kezi­ji­le­re la­ýyk­lyk­da dün­ýä halk­la­ry­nyň mil­li aý­ratyn­lyk­la­ry bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly­dyr.

Türk­men hal­ky­nyň men­ta­li­te­ti­niň öz­bo­luş­ly aý­ratyn­lyk­la­ry ba­ra­da ata­ly og­luň ara­syn­da bo­lup ge­çen gür­rüň­deş­lik­den kä­bir bö­lek­le­ri si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. Belki-de, bu söh­bet­deş­lik­de ýaş­lar­da gy­zyk­lan­ma dö­re­dip bi­läý­jek so­wal­la­ra jogap ta­py­lar.

SO­WAL: — Ata, hal­kyň men­ta­li­te­ti­ne aň ýetirmek we ony bilmek üçin näme etmeli?!

JOGAP: — Köşegim, ilki bilen, jemgyýetiň her bir agzasy milli aýratynlyklarymyzy içgin öwrenip, olaryň asyl many-mazmunyna düşünjek bolmaly. Munuň üçin degişli edebiýat çeşmelerini köp okamaly, radio we teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleri üns berip diňlemeli, döredijilik, sungat eserleri bilen ýakyndan tanyş bolmaga çalyşmaly, ýaşuly nesliň sargytlaryny yzygiderli diňläp, olary durmuşa ornaşdyrjak bolmaly. Şu toplumlaýyn çäreler her bir ynsanda öz milli aýratynlyklaryna söýgi döretmeli, milli gymmatlyklaryna bolan buýsanç duýgularyny oýarmaly. Elbetde, ynsan gaýry halklaryň mentaliteti bilen hem gyzyklanyp durmaly.

SO­WAL: — Ata, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­my­zy goramak üçin döwlet we jemgyýet nähili işleri durmuşa geçirýär?!

JOGAP: — Oglum, türkmen halkynyň taryhy geçmişini, ata-baba ýol-ýörelgelerini, milli aňyýetini ýaşlarymyza dürli derejedäki mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda meýilnamalaýyn esaslarda düşündirilýär, olar dowamly wagyz-ündew edilýär. Şeýle-de halkymyzyň ahlagy we döwletiň kanunlary elmydama millilige ýugrulýar. Galyberse-de, ýurtda geçirilýän islendik bir çäre, dürli maşgala ýygnanyşyklary milli äheňde guralyp, milli lybaslara, esasan-da, zenan maşgalalaryň egin-eşigine aýratyn hormat goýulýar. Munuň özi, milliligiňi saklamak, jemgyýeti milli nusgalara laýyklykda ösdürmek üçin derwaýys wezipe bolup durýar. Umuman, milliligimizi gözümiziň göreji ýaly goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

SO­WAL: — Ata, hal­ky­my­zyň men­ta­li­te­tini goramagyň ýollary hakda hem gürrüň beräýseňiz?!

JOGAP: — Agtyjagym, her bir halkyň milli aýratynlygy — mentaliteti onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, milli lybaslarydyr häsiýetleri bilen dowamatdyr. Şol sebäpli-de türkmene mahsus bolan watansöýüjilik, milli gymmatlyklarymyza bolan hormat-sylag, egin-eşiklerimizdir hulk-häsiýetlerimize bolan wepalylyk biziň ilimizde dowam etdirilýär. Bu, aýratyn hem, ýaş nesillere mahsus bolup, olaryň her biri milli gymmatlyklarymyzy aňrybaş derejede ösdürýärler.

SO­WAL: — Ata, on­da halk­la­ry men­ta­li­te­ti boýunça tanap we olaryň medeniýetine baha berip bolýar-da. Has hem düşnükli bolar ýaly anyk bir mysal getirip beräýseňiz?!

JOGAP: — Köşegim, geçen asyryň ahyrlarynda Russiýa Federasiýasynda dünýäniň ähli yklymlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halklaryň mental meselesine bagyşlanyp geçirilen konferensiýada çykyş etmek maňa miýesser etdi. Şol ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň elli dört ýyllygy bellenilipdi. Çykyşymyň dowamynda uruşda wepat bolan türkmen gerçekleriniň yzynda galan aýallarynyň häzire çenli hem ýanýoldaşlarynyň gelerine garaşyp oturanlarynyň bardygyny aýratyn nygtap geçdim. Mümkin, oturanlaryň içinde «Bu zenanlar ömürlerini köýdüripdir» diýenlerem tapylandyr. Ýöne hiç kim käbelerimizi ters gelen ykbalyň pidasy bolmaklyga mejbur etmändi, gaýtam, ýakynlarynyň içinde ýaş gelinlere täzeden bagtlaryny synap görmekligi maslahat berenlerem bolupdy. Emma bu zenanlar ýanýoldaşlarynyň gaýdyp geljekdiklerine uly umyt baglap, olaryň mukaddes ojaklaryny goramaly we aýawly saklamaly diýen akyla gulluk etdiler. Halkymyzyň şeýle enelerimiziň we mamalarymyzyň bolandygyna, bardygyna buýsanýandyklaryny, olaryň hersine aýry-aýrylykda ýadygärlik gurmaga mynasyp hasaplaýandyklaryny aýdanymda, bu habar çärä gatnaşyjylaryň ählisini oýa batyrdy, türkmen zenanlarynyň gözel ahlagyna hormatlary artdy.

SO­WAL: — Ata, türk­men ze­nan­la­ry­nyň şu meselede garaýyşlarynyň tapawutly bolmagy biziň mental artykmaçlygymyzy aňladýarmy?

JOGAP: — Hawa, balam, bu mysalyň üsti bilen men türkmen zenanlarynyň beýleki halklaryň aýallaryndan artykmaçlygyny hem-de özboluşlylygyny görkezmekçi boldum. Mentalitet bilen bagly islendik bir meselä hem şeýle çemeleşmeli. Halkyň mentalitetini açyp görkezmek bilen bagly filosofiýanyň özeni şundan ybarat: biz hiç bir halkdan artyk ýa-da kem däl, biz özboluşly.

Halkyň mentaliteti bilen bagly şu esasy pikirleri ýaşlaryň bilmegi we olara uýmagy üçin şulary aýdasymyz gelýär:

men­ta­li­te­ti­ni bil­ýän we oňa hor­mat goý­ýan hal­kyň şu gü­nem, gel­je­gem bag­ty­ýar­dyr;

döw­le­tiň de­mok­ra­tik ins­ti­tut­la­ry, hu­ku­gy, jem­gy­ýe­tiň ah­la­gy hal­kyň men­ta­li­te­ti­ne esaslan­ýar;

mil­let­ler mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­na, me­de­ni­ýe­tine ba­ha ber­lip, bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dy­ryl­ýar;

halk­la­ryň men­ta­li­te­ti go­laý bo­lup bi­ler, ýöne deň bo­lup bil­mez;

äh­li halk­la­ryň men­ta­li­te­ti­ne hök­man hormat-sylag goý­ma­ly;

hal­kyň men­ta­li­te­ti mil­li äheň­de döw­re­bap öz­ger­di­lip bil­ner;

hal­kyň men­ta­li­te­ti do­wam­ly wagyz-ündew edil­mä­ge de­giş­li­dir.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli aýratynlyklaryna çuňňur hormat goýýar, her bir resmi çykyşlarynda we döredijilik işinde milli gymmatlyklarymyzy yzygiderli wagyz-ündew etmek bilen, ýaş nesillerimizi terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ady bilen täzelikde çapa hödürlän işine salgylanyp bolar. Halkymyz bu gymmatly kitabyň ellerine gowuşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hormatly Prezidentimiziň döwet galamy elmydama ýiti bolsun!

Taganmyrat GOÇYÝEW,

hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.

“Nesil” gazeti,

25.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR