«ÄLEME ÝAŇ SALAN TÜRKMEN GÖREŞI, MILLI OÝNUM – GÖZLERIMIŇ GÖREJI»

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Adamzat jemgyýetiniň dörän eýýamlarynda peýda bolan sport we hereketli milli oýunlarynyň aglabasynda adam özüniň awlaýan haýwanlary bilen çakganlykda, çeýelikde, çydamlylykda bäsleşipdir. Diýmek, awunyň şowly bolmagyny tebigy bolmagyny gazanan adamzat üçin ýuwaş-ýuwaşdan beden maşklary peýda bolupdyr. Şol maşklaryň kömegi bilen adam öz ýetişip gelýän neslini akylly-başly terbiýelemäge başlapdyr. Elbetde, döwrüň, durmuş şertleriniň üýtgemegi bilen oýunlar gitdigiçe kämilleşdirilipdir, olaryň düzgünleri-de, häsiýeti-de üýtgäpdir. Köpçülikleýin häsiýete eýe bolan, adamzady hemme taraplaýyn taplaýan sportuň we beden terbiýäniň ähli adamlar üçin elýeterli bolmagy, onuň bilen meşgullanmaklykda we bedeniňe buýrup bilmeklikde milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Belki-de, beden taýynlygy aýratyn äşgär ýüze çykýan iň gadymy sport oýunlarynyň we sport görnüşleriniň biri hem ýekeme-ýeke çykyp, güýç synanyşmak bilen baglanyşyklydyr.

Taryhy çeşmelere ýüzleý göz aýlanyňda hem milli we guşakly göreşiň gadym eýýamlardan bäri harby işiň aýrylmaz bölegi bolup durýanlygyna şaýatlyk edýär. Bu oýun harby taýýarlyk üçin hyzmat etse-de, sportuň talaplaryna-da doly ödeýär. Başa-baş söweşiň tilsimlerini öwrenmek ýaýdan ok atmak, naýza zyňmak, atyň üstünde her dürli maşklary ýerine ýetirmek boýunça türgenleşmek we ş.m. bilen bir hatarda türkmenlerde ýaşlaryň hökmany taýýarlygyna giripdir.

Antik çeşmeleri türkmenleriň-turanlylaryň ata-babalarynda (dahlarda, saklarda, massagetlerde we başgalarda) diňe bir erkekler däl, eýsem aýallar hem göreşiň tärlerini ele alypdyrlar. Grek we rim awtorlary şan-şöhrat gazanan esgerler bilen ýekeme-ýeke göreşe çykýan aýallar hakynda haýranlar galyp ýazýarlar. Orta asyrlarda dörän türkmen eposlary bolan “Gorkut atada”, “Görogluda” we onlarça rowaýatlarda belli gahrymanlary ýeňen aýallar hakynda gürrüň berilýär. Meselem, Göroglyny ýeňen Harmandäli şeýle batyr hem güýçli aýallaryň hatarynda görkezmek bolar.

Entek juda balaja mahaly öz çagalaryna göreşiň her tüýsli tärlerini, ýaş össürimlere başa-baş söweşmegi, gylyçlaşmagy öwreden türkmenler has üşükli, çalasyn ýigdekçeleri owazasy ýurda belli pälwanlara berer ekenler. Şol pälwanlaryň göreşmegiň abyny-tabyny alan birnäçe şägirdi bolupdyr.

Türkmenleriň uçdantutma diýen ýaly ähli baýramlarynda göreş tutulyp, ýaryşlar geçirilipdir. Uly dabaralarda belli pälwanlara öňünden çakylyk edilipdir. XIX asyryň aýagynda — XX asyryň başynda Tejenden Nepes Çakanyň we Ýazly pälwanyň, Ahaldan Buzly pälwanyň we Mojun pälwanyň we başgalaryň ady külli türkmen iline ýaýrapdyr, olaryň ýanyny ýere degrip bilýän pälwan tapylmandyr.

Çopan-pälwanlar özleriniň üýtgeşik güýçlüligi bilen şöhrata eýe bolupdyrlar. Olar ýörite çopan çilşimleriniň syrlaryny biri-birlerine geçiripdirler. «Çopan badagy» hem şolaryň biridir.

Göreşiň beýany we ulanylýan tärleriň ady «Görogly» şa dessanynda hünärine juda ussat galandaryň ýetmiş bir pälwan bilen göreşe çykmagynyň mysalynda diýseň çeper berilýär: “Ol garşydaş pälwanyny göteräge-de, ýanbaşyna aldy we ýeriň ýüzüne pylçap urdy. Başga birine badak salyp, ýyldyzyň bärsinden gaýtardy, ýykdy, agdaryp urdy, «çopan badagyny», «çopan çilşirmesini» aýak aldygyna işletdi. Ony onda, muny munda gyzylýaýryt edip, göwün solpudan çykdy».

Pälwanlaryň köpüsi çopan pälwanlar bilen göreş tutmaga çekinipdirler, hatda «heý, menem bir çopan bilen göreş tutarynmy?» diýen bahana duwlanyp, olar bilen göreşmekden ökje ogurlanan halatlary-da bolupdyr. Aslynda welin, ol pälwanlar çopan-pälwanlardan güýjüniň asgyndygyny aňýardy.

Belli alym A.N.Samoýlowiç 1909-njy ýylda bir baýramçylykda Gökdepede synlan göreşi hakynda şeýle ýazýar: «...Göreş tutmagyň nobaty geldi. Belli pälwanlary maňa öňünden görkezipdiler. Men olary synlap başladym. Olar göreş tutmaga howlukman, özlerine mahabat bermek kemini goýmaýardylar, biri-biriniň howuny basmagyň inçe ýollaryny gözläp, gapak ýaly döşlerini, çykym-çykym bolup duran muskullaryny, ýogyn baldyrlaryny güjeňleýärdiler... Tomaşaçylar olaryň daşyna egrilip, tegelegi barha daraldýardylar, sähra muwapyk özboluşly amfiteatr emele gelipdi: birinji hatardakylar aýbogdaşyny gurup ýa-da dyzçanagyna direnişip otyrdylar; ikinji hatardakylar dik durdular; üçünji hatardakylar at üstündäki synçylardy, dördünji hatar selçeňräkdi, olar düýä münüp oturan tomaşaçylardy. Iň öňde hojaýynyň adamlary we jarçy orun alypdy. Toýuň guramaçylary pälwanlary öňe alyp çykýardy we olary iki-ikiden göreş tutmaga taýynlaýardy. Ýelbegeý donuň daşyndan guşalan guşakdan ýapyşan teke pälwanlary biri-biriniň ahmalyna garap, garşydaşyny guma garmaga maý gözläp, öňe-yza itekleşip, öwrüm edip başladylar... Göreşden soň meýlis dabarasy hojaýynyň diken ak öýlerinde dowam etdi...»

Türkmenistanda milli göreşiň iki görnüşi: göreş we ýakalaşma has bellidir. Ýöne bütin ýurtda göreş giň ýaýran bolsa, Lebap welaýatynda ýakalaşma has ýörgünlidir we meşhurdyr. Göreşiň özboluşly häsiýeti bolup, onda pälwanlar biri-biriniň guşagyndan tutup, hiç biri guşakdan elini goýbermeli däldir.  Kimiň ilki dyzy ýa-da eli ýere degse, şol ýeňlen hasap edilýär. Göreşde deňlik diýilýän zat bolmaýar diýen ýaly, pälwanlary agramlary boýunça bölmek hem göz öňünde tutulmandyr. Göreş oýnuň örän çylşyrymly görnüşi bolup, pälwanlardan örän uly başarnygy, çakganlygy, türgenligi we güýji talap edýär. Biziň pikirimizçe, göreş sport oýunlarynyň bir görnüşidir.

Ýakalaşmanyň käbir tärleriniň, şeýle hem «injigiňi diremek» täriniň soňra ozalky SSSR halklarynyň milli göreşleriniň esasynda XX asyryň 30-njy ýyllarynda Harlampiýew tarapyndan döredilen sambo göreşine geçenligi hemmä mälimdir. 1938-nji ýylyň 16-njy noýabry sambo göreşiniň dörän güni hasap edilýär. Göreşiň şu görnüşi boýunça 1939-njy ýylyň maýynda bolup geçen birinji çempionata diňe üç respublikanyň alty şäherinden (Moskwadan, Leningraddan, Kiýewden, Aşgabatdan, Don boýundaky Rostowdan, Saratowdan) wekilleriň gatnaşandygy bellärliklidir. Türkmenistandan gatnaşan türgenler ähli agram kategoriýalarynda baýrakly orunlary eýelediler, türkmen samboçysy Muhammet Gud Şarim bolsa ýeňil agramda altyn medala mynasyp boldy we samboçylaryň dünýäde ilkinji gezek geçirilýän ýaryşynyň çempiony diýen hormatly ady eýeledi.

Türkmen ussatlary häli-şindi GDA-nyň ýurtlaryna, Aziýa çempionatlaryna, dünýä çempionatlaryna ýaryşa gatnaşmaga gidýärler, şol ýerde hem göreşiň milli görnüşieriniň wekilleri umumy düzgünleri işläp taýýarlaýarlar. Göreşe we ýakalaşma gatnaşýan türkmen pälwanlary yklymda, galyberse-de dünýäde  ykrar edilen ussatlardyr. Munuň özi biziň üçin diýseň ýakymlydyr, sebäbi göreşiň müňlerçe ýylyň dowamynda timarlanyp gelen tehnikasy we taktikasy yitip gitmeli däldir.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, türkmen milli oýunlarymyzy galkyndyrýan milli Liderimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

Saparnepes Atabaýew,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR