«MILLI OÝNUM – BUÝSANJYM» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.
Halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy ýoly ýaşamak üçin peýdaly durmuş tejribelerinden doly. Halkymyz durmuşuň iň ýönekeý hasaplanýan hereketleriniň süňňüne-de örän derwaýys bolan hereketleriň toplumyny ornaşdyrypdyr. Türkmen halky ýurduň ykbalynyň çözgüdine ähmiýetli bolan beden we ruhy sagdynlygyň başlangyçlaryny çagajyklarynyň höwes bilen ýerine ýetirýän oýunlaryna örän aňly-paýhasly ornaşdyrmagy başarypdyrlar. Türkmen milli oýunlary her bir ýaş şahsyýetiň kemala gelmegine täsir edýär. Olarda türkmen milli oýunlarynyň üsti bilen eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik hem-de çuň aňyýet terbiýesi kemala gelýär.
Adam süňňüni çeýeligi, çalasynlygy, çaltlygy, çydamlylygy, ugurtapyjylygy, çylşyrymly pursatlardan baş çykarmagy pedagogiki-psihologiki terbiýäniň, ahlak zähmet estetiki, beden we akyl terbiýesi ýaly görnüşleri bilen içgin baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýeti üçin intellektual (akyl) oýunlaryň sport we hereketli oýunlar bilen utgaşmagy mahsus bolupdyr.
Ýitip giden ýa-da biziň günlerimizde dowam edýän gadymy türkmen oýunlarynyň we güýmenjeleriniň içinde mese-mälim harby häsiýetli sport we hereketli oýunlary has giňden ýaýrapdyr. Olar has gadymy döwürlerde döräpdir. Taryhyň irki döwürlerinde adam özüniň awlap ýören haýwanlary bilen güýçde, tizlikde, çakganlykda, çydamlylykda bäsleşipdir. Elbetde, adam gowy taýýarlykly bolanda onuň awy has şowly bolupdyr. Kem-kemden beden maşklary peýda bolupdyr we ösüp gelýän nesillere öwredilipdir. Döwürleriň üýtgemegi bilen, oýunlaryň düzgünleri-de durmuşuň şertlerine laýyklykda üýtgäpdir. Olar gitdigiçe kämilleşdirilipdir. Sport we hereketli oýunlaryň ähmiýeti uludyr, sebäbi olar özüňe erk etmek häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam edýär, hereketleriň sazlaşygyny, duýgurlugy, çeýeligi, deňagramlylygy, güýç we ş.m köp zatlary ösdürýär. Hut şoňa görä-de, milli oýunlar diňe taryhyň we etnografiýanyň bölegi bolman, eýsem türkmenleriň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Türkmenlerde çagalaryň ähli ýaş aýratynlyklary üçin hereketli oýunlar peýda bolupdyr. Bu oýunlar soňunda harby-sport oýunlarynyň hataryna geçipdir. Has giňden ýaýran oýunlar şu aşakdakylar bolupdyr: ak süňk – bu oýun häzirki regbi oýnuny ýatladýar, ýöne topuň ýerine goýnuň injik süňki ulanylypdyr; çilik-hekgel (ýaş ýigitler otuň üstünde oýnalýan hokkeýe meňzeş oýundyr); çürrük kesdi – ýetginjekler “hüjümçilere” we “galany goraýjylara” bölünipdirler; eşek mündi – oýnuň düzgünlerine eýerip, “kürräniň” arkasyna bökmek; geýim basyrdy – toparlaryň birisi eşiklerini biri-birleri bilen çalşyp geýip, basyrnypdyrlar; aşyk oýny – göz çenini, çalasynlygy we urgynyň takyklygyny kämilleşdirmek has gadymy we şu wagta çenli ýörgünli oýun; telpek goýdy – oýny alyp baryjy tegelenip oturan oýunçylaryň arkasynda aýlanyp, olaryň birisiniň arka tarapynda telpek ýa-da guşak ýygşyrypdyr; tejribeli oýunçy ony derrew duýupdyr we alyp baryjynyň yzyndan aýlaw boýunça kowalapdyr. Çagalaryň akyl ukyplaryny ösdürýän we ýörite beden taýýarlygyny talap edýän başga-da köp oýunlar bolupdyr.
Oýna, adatça, köp adam gatnaşypdyr. Olar iki topara bölünipdir we has çakgany “han” saýlanypdyr. Şeýle oýunlarda mydama özara kömek alamatlary bolupdyr we her bir oýunçy toparyň öňünde jogapkärçiligini duýupdyr. Bu bolsa çagalarda köpçüliklik (kollektiwlik) duýgusyny terbiýeläpdir. Haçanda çagalykda ýeňşe tarap ymtylýan ruhubelent ýetginjeklerden düzülen topara ýolbaşçylyk etmek özboluşly jogapkärçiligi talap edipdir. Bu bolsa ilkinji jogapkärçilikli döwründen (topara ýolbaşçylyk döwri) şol “hany” adalatlylyk, oňyn netijeli çözgüdi tapmaga, tutanýerlilik hem-de parasatlylyk ýaly duýgy düşünjelere sary basylan ädimleriň ilkinjileriniň biridir.
Kerim Baýgeldiýew,
TGM-niň Harby Institutynyň 5-nji ýyl harby talyby