ÇAGANYŇ ÖSÜŞINDE MILLI OÝUNLARYŇ ORNY

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy hem müdimi türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň ähli ugurlarynda asyrlara barabar beýik işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, hünär öwrenmegi, bedenterbiýe we sporty bilen meşgullanmagy, wagtyny netijeli, şadyýan geçirmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy üçin olaryň irgözinden, irki ýaşlaryndan başlap terbiýelemegi özüne urp-adat edinen her bir türkmen maşgalasynda milli oýunlarymyza hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Oýunlaryň arassa sport-tomaşa görnüşlerinden hereketli oýunlara geçmek bilen, ozaly bilen, türkmenleriň bäbejikler bilen hereketli oýunlary oýnap başlaýandyklaryny belläp geçmek gerek. Ýaş çaganyň ýokarda asylyp duran oýunjaga ýetjek bolup eljagazlaryny uzadyp hereket etmegi üçin sallançagyň ýokarsyndan oýunjaklaryň asylyp goýulmagy muňa mysal bolup biler. Çagalaryň bedenini  berkidýän, hereketleriniň sazlaşygyny, hüşgärligini ösdürýän käbir hereketli oýunlara ýüzleneliň.

«Çapak-çapak» oýnuny 6-7 aýlyk, arkaýyn oturyp bilýän çagajyklar bilen oýnalýar. Uly ýaşly çagalaryň biri ýa bolmasa ene-atasy, çagajygy garşysynda oturdýar. Onuň bilejiklerini eline alyp, iki tarapa hereketlendirmek üçin çagajygyň elleriniň aýasyny bir-birine çalaja degirýär we goşgy aýdyp başlaýar:

Çapak-çapak elleri,

Agyrmasyn gollary,

Agyrsa-da agyrsyn

Güýçli bolar billeri.

ýa-da:

Çapak-çapak elleri,

Agyrmasyn gollary,

Daýysynyň toýunda

Çelpek ýaýsyn elleri.

Getirilen goşgularyň ilkinjisi oglanjyklar, ikinjisi bolsa gyzjagazlar üçin aýdylýar.

«Tutdum-tutdum» oýny uly ýaşly çagalaryň arasynda «kowalaşdym» oýnydyr. Bu oýunda çagajyk «tutdum-tutdum» diýip kowalaýan kişiden emedekläp gaçýar.

«Jyk-jyk» oýny bolsa özboluşly bukuldym oýnudyr. Ejesi, dogany ýa bolmasa enekesi jaýdan çykyp gizlenýär we «jyk-jyk» diýip seslenýär. Çagajyk tanyş sesi eşidip emedekläp başlaýar. Şeýle ýagdaýda gizlenip duran kişi çaganyň hereketlenmegini höweslendirip, bir görnüp ýene-de gizlenýär.

«Kim öňürti?» oýny hem kiçijik çagalar bilen oýnalýan oýunlaryň biridir. Bu oýunda hem uly ýaşlylardan biri çagajygyň gowy görýän oýnawaçlarynyň birini eline alýar-da bir tarapa oklap goýberýär. Soňra «kim öňürti» diýip, oýunjaga öňürti ýetjek kişi bolup, çagajyk bilen ýaryşan bolýar.

Ýaňy bir aýak üstüne galjak bolup, nämedir bir zatlara daýanyp başlaýan uçurlary hossarlary çagany aýak üstünde duruzýar. Olar çagajygyň hiç zada ýapyşyp bilmezi ýaly ellerini aýyryp, «durak-durak» diýýärler.

Türkmen milli oýunlary dogry pikir ýöretmäni, bolup geçýän zatlary öz wagtynda kabul etmegi, tapawutlandyrmagy we saýgarmagy, ýagdaýlardan çalt baş alyp çykmagy öwretmäge gönükdirilendir. Eýýäm çagalyk döwründen adamyň ruhy we beden taýdan  terbiýelenmeginiň esaslary düzülýär. Çaganyň oýunlarynda-güýmejelerinde fiziki we intellektual ýagdaýlaryň arasyndaky tapawudy takyklamak ýeňil-ýelpaý iş däl. Sebäp diýeniňde bu oýunlarda terbiýäniň bu iki görnüşi utgaşykly hadysa hökmünde bolup geçýär. Ikinji ýagdaýa sanawaçlar, gepleşik oýunlary we ş.m. oýunlary agzap geçmek bolar. Bu oýunlaryň üsti bilen çagalar gepleşik endiklerini ösdürýärler, daşyny gurşap alan dünýä düşünip başlaýarlar, öz bedeniniň mümkinçiliklerine we gurluşyna akyl ýetirýärler.

Bir ýaşyndaky we ondan geçen körpejeler bilen «Bu näme?» oýny hem oýnalýar. Munda çaganyň ellerini, aýaklaryny, ýüzüni, burnuny we ş.m. görkezip: «Eliň hany?», «Burnuň nirede?» diýen soraglar bermek bolar. Çaganyň geplemek endikleri doly ýeterlik bolmasa-da, ol özünden näme talap edilýänini eýýäm bilýär.

Çaganyň fiziki taýdan ösmegine ýardam edýän şu zeýilli çylşyrymly bolmadyk oýunlaryň çagalar tarapyndan höwes bilen oýnalýandygyny iş ýüzünde görmek bolýar.

Saparnepes Atabaýew,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR