ÇAGALAR WE MILLI OÝUNLAR

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara durnukly bilim bermek hem­de sagdyn terbiýe bermek, olary ylymly, bilimli, giň gözýetimli, Watana wepaly, işbaşarjaň adamlar edip ýetişdirmek meselesi Milli Liderimiziň aýdyň maksatly alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda oňyn çözgütlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «– Biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr.» diýip belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesliň medeniýetli dynç almagy, wagtyny gyzykly geçirmegi ugrunda dürli görnüşli köpçülikleýin çäreler durmuşa geçirilýär. Olarda eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik hem­de çuň aňyýet terbiýesiniň kemala gelmeginde bolsa türkmen milli oýunlarynyň örän uly paýy bar diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek.

Türkmen milli oýunlary gözbaşyny taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan halkyň geçmişiniň, onuň medeni mirasynyň bir bölegidir. Edil beýleki halkarda bolşy ýaly türkmen milli oýunlary hem örän köpdürlidir, köpgörnüşlidir. Olary tapawutlandyrmak üçin dürli çemeleşmeleri ulanmak mümkindir. Bular ýaş boýunça, geçirilýän ýeri boýunça, hakykaty görkeziş häsiýeti boýunça çemeleşmelerden, durmuş-psihologiki çemeleşmeden we ş.m. ybaratdyr.

Oýun oýnamak häki bir wagty gyzykly geçirmek bolman, eýsem-de ol belli bir maksada gönükdirilen pedagogiki işde terbiýe bermegiň täsirli çeşmesidir. Muňa mysal edip «Aýterek-Günterek», «Ogar-ogar», «Altyçöp», «Gubagazlar», «Ýaglyga towusmak», «Guýruk tutdy», «Düzzüm», «Ýeditop», «Bukuldym», «Gizlenpeçek», «Doňy çöz», «Çilik», «Aşyk», «Dähedem dessem» we ş.m. oýunlary görkezmek bolar.

Çaga oýunlaryny toparlara bölmek meselesi oýunlaryň köptüýsli bolmagy bilen baglydyr. Oýunlary toparlara bölmegi esaslandyrmagyň usulyny saýlap almaga oýnuň geçýän ýeri boýunça (otagda, köçede we ş.m.), peýdalanylýan elementler boýunça  (söz, zatlar – taýak, pökgi we ş.m.), ýaş aýratynlygyna görä çemeleşmek (mekdebe çenli, mekdep ýaşyndaky çagalar üçin we ş.m.), şahsyýeti ösdürmegiň we terbiýelemegiň nukdaýnazaryndan çemeleşmek (psihologik, beden, zähmet, estetik oýunlar), durmuş hakykatyny şöhlelendirişi boýunça çemeleşmek (ýada salyş, döredijilik oýunlary), durmuş-psihologik häsiýetli oýunlar (köpçülikleýin, ýekebaralaýyn), dolandyryş çemeleşmesi (özakymlaýyn oýunlar, pedagog tarapyndan dolandyrylýan oýunlar we ş.m ), gelip çykyşy boýunça atlandyrylýan oýunlar (çagalaryň oýlap tapan oýunlary we halk pedagogikasy tarapyndan döredilen oýunlar) ýaly dürlüçe çemeleşmeleri ulanyp bolar.

Oýun çagalaryň ulularyň dünýäsine aralaşmaklarynyň netijeli usuly bolup durýar. Belli pedagog A.S.Makarenko: «Çagalar janly durmuşdyr, ajaýyp durmuşdyr, şonuň üçin hem olar bilen ýoldaşlar we raýatlar ýaly gatnaşyk etmeli, olaryň hukuklaryny we borçlaryny görmek we hormat goýmak gerek» diýip ýöne ýere ýazmandyr.

Umuman aýdanyňda türkmen milli oýunlary şol oýunlary oýnaýanlarda diňe güýçlilik, çalasynlyk, ýaşaýyşa söýgi ýaly häsiýetleri ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem duýgurlyk, hüşgärlik, düşünjelilik, synlaýyş ýaly çaganyň özbaşdak pikirleniş ukyplaryny hem özünde jemleýär. Kähalatda gowy fiziki taýýarlygy talap edýän türkmenleriň toparlaýyn oýunlary çagada topar duýgusyny oýaryp, olara jemgyýetde bolmagy öwredýär, durmuşda öz ornuny tapmaga ýakyndan ýardam berýär.

Saparnepes Atabaýew,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR