MUZEÝLER — TARYHY GYMMATLYKLARYMYZYŇ HAZYNASY

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynyň başlarynda paýtagtymyzyň çäginde arheologik tapyndylar ýüze çykarylypdy. Geçen hepdäniň şenbe güni bu tapyndylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy hem-de «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de dabara Ahal welaýatynyň Gökdepe milli muzeýiniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň işgärleri onlaýn usulda goşuldylar.

Täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy muzeýiň işgärlerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu waka şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Parfiýa döwrüne degişlidigi takyklanan humlaryň beýikligi bir metre ýetýär. Toýundan ýasalan gaplar azyk önümlerini saklamak üçin ulanylypdyr. Olaryň ýere gömlüp peýdalanylmagy bolsa topragyň temperaturasynyň esasynda saklanýan önümiň uzak wagt zaýalanmazlygyny üpjün edipdir.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada durup geçdiler hem-de muzeý işini kämilleşdirmekde döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem milli Liderimizi we mähriban halkymyzy ýakynlap gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy bilen gutladylar. Soňra monitorda arheologlar tarapyndan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň gazylyp alynýan pursatlaryndan wideoşekiller görkezildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra oňa gatnaşyjylar muzeýiň Taryh we arheologik sergi zallaryna aýlanyp gördüler. Dabara muzeýiň mejlisler zalynda «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat bilen dowam etdi. Maslahat milli Liderimiziň adyna uly joşgun bilen aýdylan alkyş sözleri bilen tamamlandy.

Akgül SAPAROWA,

“Nesil” gazeti,

22.09.2020ý.

Öňki makala

DURMUŞ WE ÝAŞLYK

Indiki makala

OÝLANDYRÝAN JÜMLELER

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR