TEBIGYLYK
Ynsanyň tebigy ýaradylyşy daşky durkuny bezeýän esasy alamatlaryň biri. Tebigylyk — asyl görnüş, çeşme suwy ýaly durulykdyr. Çeşme suwy hem owadan, hem-de arassa. Çünki onuň gözbaşy dury, oňa gapdaldan goşulýan zat ýok.
Arada dost oglanlarymyzyň biriniňkide myhmançylykda bolanymyzda, onuň agasynyň talyp wagty ýyldaşlary bilen düşen bir suratyny synladyk. Dostumyzyň agasy geçen asyryň segseninji ýyllarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okapdyr.
Surat özüne çekijidi — ýokarky hatarda laçyn ýaly irimçik ýigitleriň altysy, aşaky hatarda-da älemgoşar ýaly nurana alty sany talyp gyz. Hut Kerim şahyryň sözleri bilen aýtsak «Bir şahada alty nara, meňzäp duran alty jora». Ýigitler ak köýnek, gara boýunbag, gara penjekli, gyzlar başy ýaglykly, lowurdap duran iki örüm saçlary öňüne goýberilen, ýakasy keşdeli köýneklidi.
Surata düşenleriň ýüz-gözleri nurludy, tebigy bolşundady. Tebigylyk olary şeýle nuranadan görkana görkezýärdi. Mundan kyrk ýyla golaý öň düşürilen ol surat bizi gelin-gyzlaryň tebigylygyny saklaýşy dogrusynda pikir öwürmäge itergi berdi.
Döwür, zamana üýtgeýär. Adamzat hemişe siwlizasiýanyň gadamyna aýak goşup ösmek, özgermek bilen. Onuň aň-düşünjesi, estetikasy — daş keşbem, lybasy-da özgerişe eýe bolýar. Bu özgerişde tebigylygyň saklanylyşy nähilikä?!
Geliň, pikir öwrüp göreliň! Gyzlary edebi dilde beýan edilişi ýaly, uzyndan uz milli lybas, owadan gülli ýaglyk, tokmak ýaly gara saç, gara gaş, gyraw ýaly inçe kirpikler görkana görkezýär.
Milli lybaslar barada aýdylanda, olar milli ýörelgeleriň ulgamynda asyrlarboýy kämilleşip, belli bir düzgüne eýe bolupdyr. Ene-mamalarymyzyň durmuş ýörelgesinde olar üýtgewsiz, bir durkly hasap edilipdir.
Ýaglyklar hem gyzlary aýratyn gözel keşbe eýe edipdir. Gyzlar käte ýaglyklaryny boýa-başa daňynsa, käte kemsiz bejerilen tahýalarynyň maňlaýyndan dört barmak çemesi epläp daňypdyrlar. Şu ýerde «Aýgytly ädim» filmindäki Aýnanyň keşbini ýada salalyň. Onuň tahýasynyň maňlaýyndaky tawusyň ýelegi ýaly bolup duran sary-ýaşyl öýmesi nähili görkana!
Zenan maşgalanyň milli egin-eşikleriniň aýrylmaz sazlaşygy bolan ýaglyklar gelin-gyzlara gelşik bermek bilen bir hatarda, olary Günüň ýiti şöhlesinden, yssydan hem sowukdan gorapdyr. Ýaglygyň ujy gelinleriň ýaşmagy bolup hyzmat edipdir.
Gara saç, gara gaş, kirpik hakynda gürrüňem ýok. Olar öz durkunda üýtgedilmänsoň, gyz-gelinlere ýaraşyk beripdir.
Elbetde, timar gowy zat. Timar — tertip, tertibe getirmek. Bu meselede milli ruha, milli ýörelgä eýerilmelidigi welin, biziň edep-terbiýämize mahsusdyr.
TAPAWUT, GÖZELLIK, HÄSIÝET
Tapawut görnüşi babatda bir zady beýleki bir zatdan aýyl-saýyl edýär.
Türkmen gelin-gyzlary daş keşbi, geýnişi bilen hemişe biri-birinden tapawutlanyp gelipdir. Aýdaly, gyz ýeke ýaglygy, öňüne düşüp duran iki örüm saçy bilen gelinden, gelin başbogusy, yza atylan örüm saçy, gelin bolup baran ýerini, gaýynatasyny, ýanýoldaşynyň agalaryny, onuň dogan-garyndaşlaryny hormatlap ýaşynmak bilen gyzdan tapawutlanypdyr. Üýtgewsiz kada hökmünde durmuşa ornaşan bu düzgünler arkama-arka, nesilme-nesil dowam edipdir.
Bu günki gün gyz-gelinleri biri-birinden tapawutlandyrýan ýagdaý hakynda oýlananyňda, esasan, gelinleriň daş keşpleri dogrusynda pikir ýöretmeli bolýar.
Durmuşa çykan gyzlar gelin bolansoňlar uzyndan gelşikli öýme atynýarlar — özleri-de galapyn agzy ýaşmakly. Bu olaryň keşbine aýratyn gelşik berýär. Bu ýagdaýlar babatda buýsançly setirler halk döredijiligine-de giripdir. Mysal hökmünde, alymlar G.Ylýasowa bilen A.Durdyýewanyň çapa taýýarlan «Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi» atly kitabyndan şu setirlere üns bereliň:
Aýagynda ak paşmak,
Kyn bolýar dagdan aşmak,
Biziň aljak gelnimiz
Uzyn boýly uz ýaşmak
Gör, baldyz boljak gyzyň zybanynda-da gelnejesine bolan uly buýsanç bar!
Indi onuň gelnejesiniň daş keşbini suratlandyryşyna-da bir üns bereliň!
Gelnejem-ä ýaşynda,
Ýaşyl öýme başynda,
Körpe dogan Serdar jan
Perwanadyr daşynda.
Görnüşi ýaly, öýmä aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün hem şol ýaşmaklar, owadan öýmeler gelni gyzdan tapawutlandyrýar.
Öýme, ýaşmak baradaky pikirlerimizi mirasgär Atda Gurbangeldiýewiň «Eşrepi» atly kitabynda sadalyk bilen beýan eden setirleri arkaly jemlemegi makul hasapladyk: «Öýme — ýanyňdan goýma», «Ýaşmak — abraýyňa goşmak (+)» ýaly asyrlaryň dowamynda durmuşa ornaşan milli ýörelgeler asylky durkuny — gözel görnüşini saklasa ýagşy. Ýöne bu gözelligiň ynsanyň içki dünýäsi, edim-gylymy, ýagşy gylyk-häsiýeti bilen görke girýändigini unutmak bolmaz. Bu hakda şeýle nakyl hem bar: «Gözel — hulky bilen gözel».
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
24.09.2020ý.