Asyrlar aşyp, heňňamlar garraýar. Kowçum-kowçum nesiller durmuş baýdagyny belent parladyp, biri-birine geçirip gelýär. Çagalar aga, agalar baba bolup, gojalyga el berýär. Ýöne türkmeniň beýik keşdeçilik sungaty şo-ol baky juwanlygynda galýar. Ol solmaz sungat milli lybaslarymyzyň gözelligini artdyryp, dowamata sapýar. Türkmeniň keşdeli tahýalary şol synmaz sungatynyň gadymy ýazgysy, şu günki aýdymy, ertirki öýdümidir.
Gyz buýsanjy — gültahýa
Gültahýalary diňe gyz maşgalalar geýýärler. Bu naýbaşy başgabymyzyň mertebesi geýliş düzgüninde hem ýüze çykýar. Gözeller tahýalary saçlaryny iki örüp, öňüne atyp geýýärler. Ene-mamalarymyz ulugyz wagty ýogyn şamar saçlaryny dört örüp, tahýa geýenlerinde, ýürekleri gobsundyryp, ençeme goşgy-gazallaryň döremegine ýol açypdyrlar. Gültahýalar gupbaly we gupbasyz, şaýly we şaýsyz geýlipdir. Kiçijik gyzjagazlara şaýsyz gupbajyklar oturdylan tahýalar geýdirilipdir. Dokma dokalanda, keşde çekilende gyz-gelinler ýönekeýräk kümüş şaýly tahýalar geýipdirler. Toý-märekede, milli baýramlarymyzda geýlen gyz tahýalary etegindäki şaýlary, çekelikleri bilen gözellerimizi has-da gözel görkezipdirler. Gültahýalary saçyňy arkada toplap ýa-da bir örüp geýmek ilimizde oňlanmaýar. Tahýanyň bir tarapyny epläp geýmek asla halanylmaýar. Gyz gelşigi gültahýalaryň sarpasy elmydama belent tutulýar. Ol diňe bir başgap hökmünde däl, eýsem, gyzlyk buýsanjy hökmünde hem ilimizde has arzylanýar. Toý güni başy gupbaly tahýaly gyzy göreniňde, asmandan hüýr-melekler Zemine düşläp, ynsan keşbine girdimikä diýýärsiň. Toý gününiň ertesi gelne baş salnanda, örüm-örüm saçlaryň serpaý-sylagy ýetirilip, arka atylmak bilen gültahýaly möwsüm tamamlanyp, öz ornuny zenan maşgala mahsus başgaplar bilen çalyşýar.
Ýüpek sarap harman eden, ak işleri serwer eden, eliniň çeperligi bilen sawçylaryň ençemesini bir saçagyň başynda sataşdyran, goňşy gyzlary bir bukjanyň daşyna üýşüren garry mamalaryň biri rowaýat ederdi: «Çyn yhlasy bilen berlip çeken keşdeleriňde seniň ýürek sesiň eşidiler. Keşdeler öz aralarynda mähirli pyşyrdaşyp, gussaly günüňde göwnüňi awlarlar, şatlykly pursadyň ganat bitirerler. Juwanlyk heseri başyňa uranda telper duýgulardan gorap, «etegiňden çekip», abraý-mertebäňe dalaş ederler» diýip. Dogrudyr, ýogsam dideleri özüne bakna edýän şeýle beýik sünnä sungat dörärmidi?! Aňa guýlan jümlelere el berip, iňňeden dörän gözellikleri synlap, pikir öwreniňi duýman galýarsyň. Türkmen gözelleriniň çeken keşdeleri — durmuş ýazgylary. Gaýtalanmajak eser, görülmedik owadan dere, açylmadyk kitap, agdarylmadyk sahypa. Bu sünnä sungata ykbalyny baglanlar bihal däl. Göýä, ynsanlar «iňňä-iňňä» diýip dünýä inen bolsalar, keşdeçiler «iňňe-iňňe» diýip durmuş gapysyndan ätläne çalymdaş. Keşdeler — gyzlaryň agras, geçirimli, zähmetsöýer, tutanýerli bolmagynyň gözbaşy. Gyz maşgala 7-8 ýaşynda iňňe-sapak düýpli ynanylyp, keşde çekmek, gaýma gaýamak öwredilse-de, onuň iň nepis keşde eserleri elleri işe has werziş bolan döwründen başlanýar. 12-13 ýaşap, kalby telwaslanyp ugran gyzyň bassyr oturyp keşde çekmegi ony ýaman dillerden, görip gözlerden goraýar. Keşdäniň ajaýyp dünýäsine bir ulaşsaň, ondan ganma-da ýok, doýma-da. Gül keşdeleriň arasyna giren gyz maşgala, bir görseň, bagy-bossanlykda desse-desse gül ýygyp ýörendir, bir seretseňem, özi güle öwrülip bir bagtlynyň durmuşyny gülzar edýändir. Keşdeler merjen dänesi ýaly lowurdap, milli lybaslarymyzy gelşigine getirýär.
Halkymyzyň oýlap tapan milli lybaslarynyň hersiniň özboluşly ähmiýeti bar. Epgekde howurdan, aňzakda sowukdan goraýan tahýalar ynsanyň üstüne saýawan hasaplanýan asman gümmeziniň höwesidir. Onuň şekiline, gurluşyna görä käbir ýerlerde «jambörük», «ýelpertahýa», «telpertahýa» diýlip tapawutlandyrylýan ýerleri hem bar. Tahýalaryň hem ynsan balasy ýaly taryhy, gelip çykyşy, gurluşy, tikilişi, keşdelenişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen... ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gadymy aýtgylara görä, tahýalarda ynsana ýagty nur çaýýan Günüň kuýaşy bar. Tak ýaly Günüň gadymy ady bilen bagly bolan tahýalar, megerem, şol sebäpli ömürlere baky şöhle saçýandyr.
Türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdiripdirler. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň hersiniň öz taryhy bar. Şeýle nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlenýär. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.
Akgaýmalar — erkek kişileriň mertebesi
Akgaýma tahýalar erkek kişileri juda nazarkerde görkezýär. Ony atalarymyz, agalarymyz, goç ýigitlerimiz we balalarymyz müň bir höwes bilen geýýärler. Akgaýmalara «sekizkeşde», «guşgözi», «süňşük», «çopanýoly» ýaly nagyşlar salynýar. Gültahýalardan tapawutlylykda, ak sapakda tikilen gaýmalaryň köpdügi sebäpli, ol akgaýma adyny alypdyr. Siňe seretseň, erkek kişileriň tahýalarynda zenan maşgalanyň ýanýoldaşyna bolan wepasy, öý-ojagyna bolan yhlasy, perzentlerine bolan çuňňur söýgüsi görnüp durandyr. Arzuwçyl gelin-gyzlar özlerine taý boljak ýigidiň ýüreginiň juda ak, kalbynyň päk bolmagyny arzuwlap, akgaýma nagşyny taslan bolarly. Sebäbi maşgalabaşynyň ýerlikliligine, zähmetsöýerligine, wepalylygyna durmuşy bagly bolup durýar ahbetin. Mertebeli erkek kişiler maşgalasynyň we çagalarynyň hem daşynyň goragçysy, hem ekleýjisidir. Edenli, rysgally ýanýoldaşy bolan zenanlaryň gözüniň nury, durmuşa höwesi başgadyr. Özüniň hormatlanýandygyny, söýülýändigini duýup ýaşamak zenan maşgalany barha juwanlaşdyrýar. Sebäbi gülleriň çeşmelerden nemlenişi ýaly, çyn yhlaslar zenan maşgalanyň özüni bagtly duýmagyna ýardam edýär. Kalby buýsançdan doly gelin-gyzlarymyz akgaýmalary şeýle bir üýtgeşik duýgular bilen gaýaýarlar welin, oňa seredeniňde iňňäniň nireden urlup, haýsy ýerden çykarylanyny duýman galýarsyň. Şeýle owadan akgaýmalar hatda dürli janly-jandarlary, guş-gumrulary özüne melul edermiş.
Dünýäde hiç bir zat bilen ornuny çalşyryp bolmajak närseler bar. Barha özgerýän döwrüň, ösýän tehnologiýalaryň zamanasy ony has-da aýdyň edýär. Ähli işleriň kompýuterleşdirilen zamanasynda türkmeniň halyçylyk, zergärçilik, keşdeçilik... ýaly milli sungat eserleriniň ornuny hiç bir zat tutup bilmeýär. Gözellerimiziň uz barmaklarynyň gudraty bilen dörän keşdeler şol sebäpli-de ilimizde arzylydyr, arzuwlydyr.
Ogulbeg Jumaýewa,
“Nesil” gazeti,
17.09.2020ý.