«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Ata-babalarymyzdan bize miras galan oýunlaryň her biriniň özboluşly aýratynlygy bar. Meniň söhbetini etjek bolýan milli oýnumyza makalanyň sözbaşynda hem görşüňiz ýaly «Zükgür» diýilýär. Bu oýun baradaky gyzykly maglumatlary Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, halypamyz Seýitguly Geldiýewden öwrendim.
Bu oýun dag içindäki obalarda, esasan-da, oglanlar bolnup oýnalýar. Oýnamak üçin azyndan iki oglan bolmaly, dogry, ony köp bolup hem oýnap bolýar. Bu oýna oýunçylar, adatça bolşy ýaly, toparlara bölünip däl-de, her kim özbaşyna bir oýunçy hökmünde gatnaşýar.
Oýnamak üçin esasy gerek zat: kiçeňräk, aýdaly, pişigiň kellesiniň ululygyndaky togalak bir daş hem-de her oýunça şol daşy — zükgüri urup togalamak üçin eliň galyňlygy ýaly galyňlykdaky ýasy daş gerek. Elbetde, ýasy daş, zyňanyňda goluňa agram salmaz ýaly, onçakly uly bolmasa gowy. Oýnuň adyna näme üçin «zükgür» dakylypdyr — muny anyklap bilmedik. Belki, togalanyp barýan daşyň çykarýan sesine kybapdaş edilip at dakylandyr.
Biziň her birimiz çaga wagtymyz boş wagtlarymyzyň gyzykly oýunlaryň birnäçesi oýnan bolsak gerek. Ýöne şol oýunlara biziň her birimiz özboluşly at dakardyk. Men muny zükgüriň mysalynda aýdýaryn. Okuwçy wagtlarymyz obamyz dag eteginde ýerleşen soň biz hem bu oýny köp oýnapdyk, ýöne oňy özümizçe atlandyrardyk. Köpi gören halypalarymyz bolsa her bir oýnuň milli adyny bilýär, öz bilenlerini hem bize öwreýärler. Men muny öz tejribämden mysal alyp aýdýaryn. Haçan-da Seýitguly aganyň ýanynda bolup oýun milli oýunlarymyz baradaky berýän gürrüňlerini diňlänimizde ýanyndan turasyň gelmeýär.
Sözümizi zükgür oýny barada dowam etsek oýnuň düzgüni örän sada. Bir tegelek çyzyk çyzylýar, ululygy üç-dört ädim, şonuň ortarasynda ýaňky togalak daşy goýýarlar. Soňam çyzykdan bäş-on ädim yza çekilip, gezekli-gezegine ellerindäki ýasy daş bilen ortada goýlan daşy urup, çyzykdan daşary çykarmaga çalyşýarlar. Bu bije atyldygy: kim daşy—zükgüri urup, çyzykdan has uzaga çykaran bolsa, şol hem birinji bolup oýna başlaýar. Birinji bolup, oýna başlamaklyk oýunça artykmaçlyk berýär — ýeňiş gazanmak üçin zerur utuklary has çalt toplap bolýar. Beýleki oýunçy (oýunçylar) nobatyna görä, togalak daşy çyzykdan uzaga çykaryp bilşine görä, oýna girýär.
Oýna başlan oglan çyzygyň gyrasyna gelip, çyzykdan çykarylan, ýagny oýna salnan zükgüri elindäki daşy bilen urup, has aňry togalamaga synanyşýar. Eger urup bilmese, gezek beýleki oýunça geçýär. Oýunçy dürs urup bilse, onda tegelek çyzygyň zükgüre iň golaý ýerinden başlap, togarlanyp giden zükgüriň geçen ýoly ölçenilýär. Aralyk daban bilen ölçenilýär. Şunda-da hilegärlige ýol berilmeýär: dabanyň dürs basylmagyna, ýagny bir aýagyň barmagynyň ujuna beýleki aýagyň ökjesiniň degrilip goýulmagyna garşydaşyň tarapyndan berk gözegçilik edilýär. Sanyny köpeltmek üçin dabanyňy gyşyk basmaga ýa-da zükgüre çenli aralykda hyýaldaky göni çyzykdan çykmaga ýol berilmeýär. Kim karamlyk etse, şol dessine utuldy hasap edilýär.
Soňra oýun şu tertipde dowam edýär. Her oýunçy zükgüri urmak üçin zyňan daşynyň düşen ýerinden oýna girişýär. Şunlukda, daşyň duran ýerinden öňe ätlemäge, ýagny zükgüre golaýlamaga rugsat berilmeýär. Iň gowusy, soň dawa bolmaz ýaly, sag ýa çep aýagyňy daşyň duran ýerine basyp, zükgüri urmaklyga çalyşmakdyr. Bu aňsat däl, zükgür bäş-on ädim, käwagt ondanam uzak aralyga togalanyp gidip bilýär. Onsoň, şol aralykdan eliňe agram berip duran bir daş bilen beýleki daşy urup, ony herekete getirjek bolup gör, aňsat däldir! Daşyň kiçi — ýeňil bolsa, zükgüri onçakly togarladyp bilmersiň, agyr bolsa-da, ony zyňmak kyn bolýar.
Her oýunçynyň gazanan daban sany onuň hasabyna ýazylýar. Kim köp «daban» gazanan bolsa, şol hem utýar. Bu oýun, mümkin boldugyça, tekiz ýerde oýnalýar. Özi-de owlak-guzy bakýan döwrüň oýnalsa, has gowy bolýar. Gök otdan geregini edinen owlak-guzularyň garynjyklaryny pökgerdip, güneşläp ýatmalary bolýar. Şonda wagtyňy gyzykly geçirmek üçin zükgür oýny diýseň peýdaly. Diňe bir gyzyk üçin däl, eýsem, ol bedeniňi taplamakda hem juda ähmiýetli: göz çeni bilen aralygy dogry ölçemegi öwredýär, ünsüňi bir ýere jemlemäge kömek edýär. Yzygiderli maşk eden oglan hökmünde güýç toplaýarsyň, ýeke özüň başyňy çaramaklyga endik edýärsiň, dogruçyl, adalatly bolmagy öwrenýärsiň, köpçülik bilen düşünişip oýnamaga (ýaşamaga) ukybyňy artdyrýarsyň. Başga-da birtopar artykmaçlygy bar bu oýnuň. Mysal üçin, tebigy ýagdaýlarda, hiç hili artykmaç serişde çykarman, çagalara, diňe bir çagalara-da däl, eýsem, ýetginjeklere, hatda jahyllara-da peýdaly güýmenje üçin şertleri döretmegi, daş-töwerege ünsli bolmagy, tebigata aýawly çemeleşmegi duýdurmazdan-boýnuňa dakmazdan, sypaýyçylyk bilen öwredýär. Şular ýaly terbiýeleýji äheňdäki oýunlar halkymyzda başga-da bar.
Türkmeniň milli oýunlarynyň elementleriniň başga-başga halklaryň milli oýunlarynda gaýtalanmagynyň esasy sebäbini halkymyzyň gadymylygyndan, bäş siwilizasiýanyň birini esaslandyryjy halk bolanlygyndan gözlemelidiris diýip, pikir edýäris. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda biziň milli oýunlarymyz ol ýa-da beýleki görnüşde başga halklaryň milli oýunlaryna, diýmek, milli häsiýetlerine-de ornaşyp gidipdir diýip tassyklasaň, ýalňyş bolmaz. Oýunlar ýaşlary çagalykdan uly durmuşa taýýarlaýar, olary durmuşda ýeňip ýaşamaga türgenleşdirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, halkyň çagalar üçin döreden oýunlaryny şol halkyň başlangyç mekdepleri hökmünde häsiýetlendirip bolar.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.