«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Gözbaşyny bütin dünýäni özüne tabyn eden beýik Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden syzylyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten bäş müň ýyllyk taryhy bar. Şol taryhyň dowamynda özüniň milliligi bilen ýer ýüzünde gaýtalanmajak çäksiz şan-şöhrata eýe bolan medeni mirasymyz, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz häzirkizaman nesillerimiz üçin egsilmez gymmata eýedir. Halkymyzyň arasynda şeýle egsilmez gymmatlyga öwrülen zatlaryň biri hem türkmen milli oýunlarymyz bolup durýar. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri çagalary terbiýelemekde olaryň dürli görnüşlerini ulanyp gelipdirler. Sebäbi, olar ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn, ruhubelent, akyl-paýhasly bolup ýetişmeklerinde iňňän uly orna eýe bolupdyr.
Irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän bu oýunlarymyzyň köp görnüşleri häzirki wagtda dünýäde meşhur bolan sportuň görnüşleri bilen diýseň çalymdaşlyk edýär. Mysal üçin, halkymyzyň arasynda iň belli söýlüp oýnalýan milli oýunlarymyzyň biri “ýaglyga towusmak”oýnunyň ýer ýüzünde uly şan-şöhrata eýe bolan basketbol oýny bilen meňzeş taraplary örän köp. Ol gadymy türkmen halk oýny bolup, häzirkizaman türkmen toýlarynyň we ähli baýramçylyklaryň bezegi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, ol sportuň bir milli görnüşi hem hasaplanylýar. Oýunda beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär.
Aslynyň Amerikada dörändigine garamazdan, sportuň basketbol görnüşiniň türkmen milli “ ýaglyga towusmak “ oýny bilen meňzeşlikleriniň bolmagy olaryň arasynda baglanşygyň bardygyna esas döredýär. Ol 1891-nji ýylda Kanadanyň mugallymy Jeýms Naismit tarapyndan futbola garanda has az şikes alýan, şeýle hem gyş möwsüminde türgenleri içerde saklamak maksady bilen oýlanylyp tapylýar. 1946-njy ýylda Amerikan milli basketbol birleşigi (NBA) döredilenden soň, sportuň bu görnüşi bütin dünýäde meşhur oýunlaryň birine öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, bu oýunda-da, esasan, beýiklige bökmek, ylgamak ýaly endikler ösdürilýär. Şu nukdaýnazardan, bu oýnuň türkmenleriň arasynda hem gadymy döwürlerden bäri özboluşly bir görnüş hökmünde, oýnalyp gelinýändigini bellemek gerek.
Umuman, türkmen milli oýunlarymyz milliligi, ýaş nesilleri berk bedenli, sagdyn ruhly edip terbiýelemekdäki orny bilen diňe bir halkymyzyň arasynda däl, eýsem bütin dünýäde örän uly ähmiýete eýe bolmagy, bizi örän buýsandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda türkmen sportuna uly üns berilýär, onuň şan-şöhraty günsaýyn beýgelýär.
Türkmen milli oýunlaryny häzirkizaman görnüşinde ösdürmekde, ony dünýä tanatmakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsunymyzy aýdýarys!
TAWUS AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.