«Peçiz» — şahandazlyk oýny

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän gymmatlyklarymyz bolan milli oýunlarymyzy öwrenip, olary ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek, şeýle-de dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.  

Hawa bäş müňýyllyk taryhy bolan halkymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlaryň birnäçesi bar. Ol oýunlar nesil terbiýesinde uly orun eýeläpdir. Häzirki wagtda her welaýatyň özüne degişli milli oýny hem bar.  Şeýle oýunlaryň biri hem «Peçiz» oýnudyr. Bu oýny esasan ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary oýnaýarlar. Men bu oýnuň oýnalyşyny ilkinji  gezek mawy ekranda telegepleşigiň üsti bilen görüpdim. Şondan soň bu oýun barada öwrenmek höwesi döredi. Birnäçe adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Oýun baradaky esasy maglumaty welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Sapargeldi Begnazarowdan birnäçe gymmatly maglumatlary almak miýesser etdi.

«Peçiziň» düzgüni boýunça oýnuň başynda han saýlanylýar we ol oýnuň düzgüne görä oýnalyşyna umumy ýolbaşçylyk edýär. Han oýna gatnaşyjylardan yslam dininiň kadalary bilen bagly bilinmegi şert bolan milli däpleri soraýar. Oýun esasan dört adam bolup oýnalyp, onda oýunçylaryň hersi meýdançanyň bir burçunda oturýar. Şeýle bolanda, oýna gatnaşýan öz garşysyndaky bilen bir topary emele getirýär. Oýny iki adam bolup hem oýnasa bolýar.

Oýna gözegçilik edýän han bilen birlikde gözegçi dürreçi hem bolýar. Dürreçi oýnuň tertip-düzgünine gözegçilik edýär, oýun pursadyndan nädogry hereket ýüze çyksa, hana ýetirýär we düzgüni bozan oýunça han tarapyndan duýduryş ýa-da degişli jeza (dürre bilen urmak) çäresi berilýär. Dürreçi oýnuň dowam edýän pursady hanyň beren buýrugyny dessine ýerine ýetirýär.

Beýleki milli oýunlarymyz bilen birlikde peçiziň hem dürli ýaşdaky janköýerleri bolup bilýär. Olar oýnuň gidişine tomaşa edýärler we her kim öz janköýerlik edýän toparyny goldap, oýnuň şowly geçmegini üpjün edýärler. Düzgün bozulma ýüze çykan ýagdaýynda han janköýerleriň hem pikirini diňleýär we şondan soň adalatly karar kabul edilýär. Peçiz oýnunyň düzgüni boýunça utulan tarap, utan tarapyň beren tabşyrygyny ýerine ýetirmäge borçludyr.

Oýnuň şu şekilde guralmagy halkymyzyň döwletlilik düşünjesini orta çykaýar. Oýnuň kadalarynyň, oňa umumy gözegçilik edýän hanyň, gözegçi dürreçiniň, janköýerleriň bolmagy bu milli oýnuň çägindäki kiçijik jemgyýeti ýada salýar. Diýmek, halkymyz bu oýun arkaly bir başa bakyp, kabul edilen kadalara görä ýaşamak, özüňi akylly-paýhasly alyp barmak, birek-birege hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleri nesilleriň aňyna guýýar. Şonuň üçin hem milli oýnumyz «Peçiziň» ähmiýeti örän uludyr.

Geliň indi, peçiz oýnuny guramak üçin zerur serişdeler barada durup geçeliň!

1.Peçiz oýnunyň düşegi. (ölçegi 0,80m*1,60m ýa-da 1m*2m ululykda bolup biler.

2. Atanak şekilli Deshana (peçizde ulanylýan mata).

3. Göçüm üçin 4 sany ak, 4 sany gara at.

4. Güberçek tarapy çyzykly, ýasy tarapy çyzyksyz 7 sany ýylanbaş.

Ýylanbaşlaryň utuk sanlary:

«Peçiz» oýnunda gol üçin ulanylýan ýylanbaşlaryň bary-ýogy sekiz sany tapawutly düşüşine görä, deshanada atlar öňe göçürilýär. Olaryň bäşisi halsyz, üçüsi bolsa hally gollardyr.

Halsyz gollar we olaryň göçme haky:

1.Du – iki öý;

2.Si – üç öý;

3.Çar – dört öý;

4.Çekge – alty öý;

5.On iki para – on iki öý;

Hally gollar we olaryň göçme haky;

6.Peçiz – 25 öý, haly bilen 26 öý. (halyna at dikilýär);

7.Peçaz – 30 öý, haly bilen 31 öý;

8.Ondes – 10 öý, haly bilen 11 öý. 

«Peçiz» oýnunyň oýnalyşy:

1.Oýna başlananda, ýylanbaşlar düzülmän atylýar. Diňe hally göçümler (peçiz, peçaz, ondes) gelende, atlar deshananyň sag tarapky ortaky öýünden oýna goşulýar. Şondan soň ýylanbaşlary düzüp atmaga rugsat berilýär.

Göçüme giren at 84 öýden geçip bişýär, deshana gelýär.

2.Oýna girizilen atlar sagdan çepe tarap deshananyň gyraky öýleri boýunça öňe hereket edýär.

3.Oýnuň düzgüni boýunça, garşydaş tarapyň göçýän atlary gülli hem-de bukdy (göçümi tamamlaýjy ortaky hatara giren, bu at ýatyrylyp goýulýar)  öýden beýleki öýlerde duran atlara gabat gelende, garşydaşlar tarapyndan şol at oýundan çykarylýar we onuň ähli göçümi köýýär. Şeýle bolanda, edil oýnuň başynda bolşy ýaly, diňe hally gol gelende, aty täzeden oýna girizmek bolýar.

4. Oýnuň düzgüni boýunça gülli öýde duran hem-de bukdy (göçümi tamamlaýjy ortaky hatara giren, bu at ýatyrylyp goýulýar) atlary hiç hili ýagdaýda oýundan çykarmak bolmaýar.

5.Düzgün boýunça ýylanbaşlar zyňylanda, yzly-yzyna üç gezek peçiz gelip, dördünji gezek gelmese, öňki üç gezegiň göçümleri köýýär.

6. Atyň bişmegi üçin bir öý göçüm galanda, diňe hally göçümler gelse, göçmek bolýar.

Oýnuň iň gyzykly ýeri onuň jemlenme pursatydyr. Düzgüne görä, oýun jemlenende, utulan tarap, utan tarapyň şertini ýerine ýetirýär.

Köplenç, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan, dessanlardan parçalary aýtmak we halk hazynasyndan aýdymlary ýerine ýetirmek şert edilýär. Şol sebäpden oýna gatnaşýanlar bu ugurlar boýunça taýýarlykly gelýärler.  Şonuň üçin hem «Peçize» şahandazlyk oýny hem diýmek bolar.

«Peçiz» oýnunyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Bu oýun jemgyýetde raýdaşlygy berkitmek, bir başa bakmak, düzgün-tertibe eýermek, arassalyk, lebzihalallyk, akylly-başly hereket etmek, edepli-ekramly bolmak, köpçülikde özüňi alyp barmak ýaly asylly ýörelgeleri terbiýeleýär we kämilleşdirýär. Şeýle-de bu «Peçiz» oýnunda Milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan yslam dininiň kadalaryny, şertlerini bilmek, haýyr-sahawatly bolmak ýaly ynsanperwer ýörelgeler ündelýär.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR