Altyn güýzüň çigreklije günleri bildirgisiz, sadalyk bilen özüni ykrar etdirip barýar. Baglaryň baldaklarynda güýz şemalyny badalga edinip oturan ýapraklaryň käbiri saralyp başlanam bolsa, entek tänme aladalary uzakda. Ýöne ir säherde, Daň ýyldyzyna salam berip, äpişgeleri açanyňda welin, otaglary doldurýan serginlik howanyň gowuja salkynlandygyna ynandyrýar. Ýalaňgatja köýnekli barýan adamlara güýz özüniň gelendigini has-da bildirýän bolarly. Eýýäm ýek-tük egnine ýeňiljek ýektaýdyr ýeňsiz, daşy ýapyk köwüş geýenlerem bar. Edil ynsan bedeniniň ýylylyga mätäç bolşy ýaly, kalp köşgem elmydama mähir küýsegiç bolýar. Ol tükeniksiz mähir-muhabbetem paýhasdan mertebe, akyldan at-abraý gazanan peşeneli gojalarda, süýji sözlerden ýumak sarap, hamraklykdan ik egirýän eziz enelerde jemlenýär. Şol sebäplem türkmen ilinde ata-enäniň, ýaşuly nesilleriň arzysy aňyrdan diýleni.
Toýlarymyzyň gelşigi, öýlerimiziň ýaraşygy bolan mähribanlarymyzyň geçen durmuş ýoly, her bir aýdýan öwüt-ündewi ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdep. Olar — durmuşyň gaty-şatysyny, ajysyny-süýjüsini başdan geçiren adamlar hökmünde öz geçen kyn ýollarynda perzentleriniň büdremezligi üçin düzläp, ýaşlyk säwlikleri zerarly goýberilen ýalňyşlyklary agtyk-çowluklarynyň gaýtalamazlygynyň aladasynda ýaşaýarlar. Atalaryň: «Garryly öý — gaznaly öý» diýen aýtgysynyň müň keren mamladygyna ogul-gyz terbiýesine, gelin-göwejiň edebine seredibem baha berip bolýar. Ýaşulusy bar öýüň hözirem başga. Onuň her daýym aýdyp oturan gyzyldan gymmatly sözlerine eýeribem, maşgala agzybirligini, tygşytlylygy aňrybaş derejä ýetirip bolýar. Şol sebäpli garryly öýde terbiýelenen çagalaryň üýtgeşik edep-ekrama eýedigini, dile çeper, sylag-hormat ýörelgelerine baýdygyny aýdýarlar.
Garry atasynyň terbiýesini alan oglanjyklaryň agzy salamlydyr. Olar atasyna ýoldaş bolup toý-märekä, myhmançylyga baraýanda hem diňe guwanja beslär. Ýaşulular «bismillasyny» ýetirýänçä, saçaga özbaşdak el uzatmaz. Aňyrdan getirilen naharly tabagy törde oturan ýaşululara geçirer. Otaga täze gelen myhmana biraz süýşüp ýer berer-de, ýaşuly sylagyny ýetirer. Şu hereketler onuň soňra ula hormat goýýan, kiçini sylaýan, däp-dessury bilýän oňat ýigit bolup ýetişmegine hemaýat eder. Ol ýigit çykansoňam, deň-duşlarynyň arasynda dogruçyllygy, messep-mertebesi, dosta wepalylygy bilen özüni tanadar. Kümüş saçly enäniň öwüt-ündewleri bilen kemala gelen gyz uýat-haýalylygy, işeňňirligi, ahlak päkligi, töweregine mylakatlylygy bilen özüni tanadar. Ol ýaşlygyndan başlap içeriniň ak işlerine esewan bolmaklygy, ähli zadyň arassa, ýerbe-ýer durmagyny gazanar we şoňa endik eder. Soňra maşgala bolansoň, oňa bu zatlar kyn düşmez. Baran ýerinde orun alyp, göwünlere gül eker. Ine, şeýde-şeýde türkmeniň asylly ýol-ýörelgeleri bir ýere jemlenip, her bir maşgala ojagyna nur paýlar, döwlet ýagdyrar. Şeýdip türkmeniň yranmaz berk binýady, kuwwatly döwleti bakylyga sapar. Halkymyzyň döwletli-döwranlary, bagtyýar durmuşy hakynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan hökman mysal getirmeli bolýar. Sebäbi bu gyzyldan gymmatly eseriň her bir bölümi, jümlesi milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen birleşýär-de, ajaýyp bir terbiýeçilik toplumyny emele getirýär. Myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly sylagy, ýaşkiçi hormaty bilen baglanyşykly mysallardyr rowaýatlar her bir okyjynyň göwün köşgünden orun alýar. Eserde Oguz han atamyzyň keşbi hakyky türkmen ýaşulusyny janlandyrýar. Nesilbaşymyzyň eline ok-ýaý alyp, ogullaryna agzybirlik sapagyny geçişi durmuşyň «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýen çuňňur pelsepesini ýüze çykarýar. Ony her bir türkmen gojasy — maşgalabaşysy ogullaryny daşyna üýşürip, aýdýan gymmatly öwütleriniň üsti bilen dowam etdirýär. Durmuş tejribesine eýerilip, ýaş nesillere gönükdirilýän şeýle jaýdar maslahatlar perzentleri ak ýollara atarýar. Şol sebäpli-de ilimizde islendik meselede ýaşululara geňeş etmek, maslahat salmak ýörgünli. Uly tutumlarda, toý-märekede ýaşulularyň tejribesine daýanmak, döwletli işlere olaryň ak patasy bilen başlamak işleri şowladýar. Asyrlarboýy dowam edip gelýän şeýle asylly ýörelgeleriň döwlet derejesinde ösdürilmegi bolsa, halkymyzy hoşwagtlyga besleýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşululara goýýan uly hormaty durmuşa geçirýän ähli işlerinde asylzadalyga beslenýär. Ýurdumyzda gowaça, bugdaý ekişi, pagta ýygymy ýaşulularyň ak patasy bilen başlanýar. Täze desgalara, ak mekdeplere, ýaşaýyş jaýlaryna ýagşy doga-dilegler bilen ilki gadam goýýan ýaşulularyň begençlerini synlap, «Däbiňe döneýin, ilim-günüm!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Ýaşulularyň il agzybirligini pugtalandyrmakda hemaýaty uludyr. Olar ynsan bagtynyň agzybirlik, sylag-sarpa bilen baglanyşyklydygyna göz ýetiren adamlar hökmünde ýaşlaryň arasynda bolanlarynda, mekdep okuwçylarydyr talyplar bilen duşuşyklarda oňat maslahatlary berýärler. Watana bolan söýginiň hemme zatdan ýokarydygyny, ylym-terbiýe almagyň, hünär öwrenmegiň derwaýysdygyny düşündirýärler. Şeýle söhbetdeşliklerde ata-enäniň sylagy ilkinjileriň hatarynda durýar. Ataene edil eziz Watan, duz-keramat ýaly mukaddeslikleriň biri. Ynsan perzendini müň bir ýagşy arzuw bilen kemala getirýär. Garran çagynda özüne goltgy bolaryny isleýär. Ogul-gyzlaryna ýagşy amal, edep-terbiýe öwredýär. Haýsy maşgalada perzentlere dogry terbiýe berilýän bolsa, şol maşgala döwletli saýylýar. Sebäbi nusgawy şahyrymyz: «Oguldyr döwletiň başy...» diýipdir. Türkmen öýüniň döwleti ýagşy ogul-gyz bilen amal edilýär. Edep-terbiýeli, ylym-bilimli, kämil hünärli perzentler ata-enäniň daşynyň galasyna öwrülýär. Ol edil özüni çaga wagty ata-enesiniň ýelden ýelpäp, Günden gorap ezizleýşi ýaly, mähir bilen gurşalýar. Gadymy tymsallarda aýdylyşy ýaly, şeýle perzentler garryja ata-enesini başyna täç edýär. Olaryň saglygyny gorap gezýär. Egin-eşiginiň, iýmitiniň göwnejaý bolmagyna, hyzmatynyň ýetmegine esewan bolýar. Ata-enesiniň dostlarydyr joralaryna hem hormat goýýar. Olar bilen gadyrly gatnaşyk saklaýar. Ine, her bir türkmen maşgalasyna mahsus bolan şeýle ýörelgeler goja göwünleri galkyndyrýar. Şeýle bagtyýar maşgalada ýaşamagyň lezzeti hem başga bolýar. Ýaşuly sylagy, ýaşkiçä bolan söýgi olaryň maşgala däplerini pugtalandyrýar. Ulumsylyk, tekepbirlik, öwünjeňlik şeýle maşgala ýat bolýar. Sebäbi öýdäki dana goja olara her ädimde «Balam, tekepbiri Taňry söýmez», «Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz» diýip, Gorkut atanyň öwütlerinden mysal getirip ýola salýar. Agşam dolanyp gelende: «Sag-aman geldiňizmi! Hemme işdeş, synpdaş, ýyldaş ýoldaşlaryňyzam gurgunçylykmy?» diýip garşylaýar. Saçak başyna geçilende, töwirden soň, ýagşy doga-dilegleri bilen rahatlandyrýar. «Şu parahat ýurtda çagalaryňyzy daşyňyza üýşürip, agzybirje ömür sürýäniňize, gazanjyňyzyň süýjüligini görýäniňize, ata Watana hyzmat edýäniňize begeniň! Dünýä baýlygy saglykda, agzybirlikde, halallykdadyr» diýip ündew edýär.
Hawa, ýaşulularyň her gepi bir dessan, her aýtgysy bir kyssa. Olaryň ýaş nesillere galdyryp giden milli mirasy tertip-düzgüniň, dogry ýol-ýörelgäniň gözbaşydyr. Şeýle gymmatly edebi mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek welin, žurnalistlerdir ýazyjy-şahyrlaryň hünär borjudyr.
Ogulbeg Jumaýewa,
“Nesil” gazeti,
01.10.2020ý.