Hormatly Prezidentimiziň aýdan şu nurana sözleri biziň döwrümiziň nesilleriniň hemişelik uýmaly pend-u-nesihaty bolmalydyr. Şeýle jümleler eşideniňden ýürege ornaýar: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär».
Köne tanyşlarymyň gürrüňinden. Olaryň biri şeýle diýdi:
Irden turup, ilki-hä göwräme maşk edýän, soňam beýnime.
Soňky jümlesine geň galyp gaş gerenimi aňyp, ol gepine anyklyk berdi:
— Ertirlik edinmezden ozal ýarym sagat-kyrk minut töweregi kitap okaýan. Bu endigimi bozsam, işdäm kesilen ýaly boluberýär.
Ikinji tanşym bolsa şuny aýtdy:
— Ýatmazdan ozal bir sagat çemesi kitap okamak edähedim bar. Şondan soňky uky birhili süýjän ýaly, okamadyk gijäm ýatyp hezilim bolmaýar.
Durmuş kadasyna öwrülip giden bu üýtgewsizlige «okamak endigi» diýseňem, «okamak medeniýeti» diýseňem bolup dur.
Beýik pars şahyry Sagdy ýüz on ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň otuz ýylyny okamaga, otuz ýylyny jahankeşdelik etmäge, otuz ýylyny bolsa döredijilik işine bagyşlapdyr.
Ýazyjy Resul Gamzatowyň kitap barada şeýle setirleri bar:
Her bir sahypasy misli bir aýna,
Dünýäni görkezýär açan ynsana.
Döwrümiziň kämil ýazyjysy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew şeýle ündärdi:
— Ýazjak temaňy tapan bolsaň, hökman şoňa degişli kitapmydyr maglumatlary tapyp tanyş. Oňarsaň, bir sahypalyk zat üçin sekiz sahypalyk zat okasaň, galamyňdan çykanyň agramy gunt ýaly bolaýar.
Işlemegiň ajaýyp nusgasyny görkezip giden uly söz ussady Osman Öde 1998-nji ýylda «Ruh» neşirýatynda çap edilen «Garaşsyzlyk diwany» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Ýetmişinji ýyllarda iki sany kitap maňa örän uly täsir ýetirdi. Biri — Resul Gamzatowyň «Meniň Dagystanym», ikinjisi — Imant Zioddonisiň «Kurzemite» atly eserler kitaby. Gamzatowyň kitaby — Gündogar pähimine ýugrulan dana kitap. «Kurzemite» bolsa inçe lirizmi, tekstiň aşagynda käte öwşün atýan paýhasy bilen meniň ruhuma ýakyndy. Men ony öwran-öwran okap, doýup bilmeýärdim...».
Ine, onuň ýene-de bir aýdyp gideni:
«Adam kitap okamaýar, ol kitabyň üsti bilen syýahata gidýär. Ylmy kitap okanyňda ylym dünýäsine, taryhy kitap okanyňda — taryha, çeper kitap okanyňda — ynsan kalbyna, ynsan dünýäsine! Gep seniň haýsy dünýä gidýäniňde hem näme getirýäniňde!»
Osman aganyň, isle, iş ýerine bar, isle-de öýüne, töweregi kitapdan egeledi. Ylaýta-da ömrüniň ahyrlarynda döreden «Altynjan hatyn» romanyny ýazanda, gatyny açan kitaplarynyň sany lap etmäýin weli, ýüze ýetiberen bolsa gerek. Özem ýatyp ýazardy. «Şeýtsem beýnimem, elimem gowy işleýär» diýerdi. Iş otagynda hem hiç kime görkezilmän, düýrülgije durýan bir kiçijik keçesi bardy. Işden soň şony düşäp, köplenç, ýarygijä çenli ýazardy. «Kitapdan kitap döreýändir. Gatyndan maglumat çöpläbilseň, içindäki pikirleri özüňçe «işledibilseň», garaýyşlary döwrüň demine salybilseň, alanyň özüňkidir» diýerdi.
«Kitaplar dogry ýol görkezýän, ýalňyşmaklygyň öňüni alýan paýhasly hem-de ýürekdeş dostdur, olaryň bar ýerinde sen çagalykda-da, garrylykdada ýalňyz dälsiň, güýçlüsiň»
W.Wasilewskaýa.
Georgiý Iwanowiç Karpowyň elinde işlän, milli ylmyň ägirtleriniň biri, soňra Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti bolan akademik Pygam Azymow öz ýatlamalarynda halypasynyň okamakdan, ýazmakdan, göçürmekden, gaýtadan işlemekden ýaňa barmaklarynyň inçelip gidendigini, doly syýasynyň bir güne ýetmeýändigini, gije-gündiziň dowamynda 4-5 sagat uklap, galan wagtyny diňe zähmet çekmäge bagyşlandygyny aýdýar. «Beýle köp işlemän, arasynda dynç alaýsaňyz bolanokmy, halypa?!» diýseňem, mylaýym ýylgyrar-da: «Zähmetden gowam bir dynç bolarmy?» diýer, wessalam!
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň ýatlamasy:
...Bir gezek men Daşhowuz etraplarynda (häzirki Daşoguz) gezip ýörkäm, Gurbannazar Ezizowa sataşdym. Ol şol wagtlar «Mydam taýýarda» işleýärdi öýdýän. Onsoň ikimiz Kakabaý Ylýasowyňka — Kalinin raýonyna (häzirki Boldumsaz etraby) myhmançylyga gitdik. Eli açyk, ýüzi açyk, ýüregi açyk dostum, şol döwrüň (altmyşynjy ýyllar) ýaş şahyry Kakabaý baranymyza begendi, goýun soýup, söwüş etdi. Men Kakabaýa belet, Gurbannazar bilen welin ilkinji gezek ýüzbe-ýüz oturyşym. Gurbannazaryň okumyşlygyny köpimiz bilýäris, ýöne Gurbannazar Kakabaýyňam birneme kitap agtarandygyndan bihabar eken.
«Güýç synanyşmak» agşamky oturlyşykdan soň başlandy. Men gyşaryp ýatan ýerimden olary diňleýärdim. Gurbannazar özüniň bir goşgusyny okady. Ony sesini çykarman diňlän öý eýesi:
— Gowy goşgy — diýip dillendi. — Ýöne şeýleräk goşgy Tudor Argezide bar.
Gurbannazar «garşydaşynyň» ýüzüne bir çiňňerilip seredenden soň: — Pikirleriň deň gelmegi bolup biljek zat — diýdi...
Bir irkilip oýansam, garyp geniý Emineskuwyň töwereginde jedel gopan eken. Garaşyşym ýaly, Gurbannazar şygryýet barada, beýik şahyrlar babatda bu töwereklerde özi bilen jedelleşmek-hä däl, eýsem, deňeçerräk pikir öwrüp biljek kişä duşaryn diýip eger-eger pikir etmedik bolarly. Şonuň üçin-de ol Kakabaýyň mähnet kellesinde pikirleriň jemlenişine, onuň oda-köze düşmän, howlukman, sowukganlylyk bilen gürrüňi alyp barşyna haýran galýardy. Ol entek öz gürrüňdeşiniň hem-de kärdeşiniň Aşgabadyň uniwersitetinde oňat okap ýörkä, tegelek bir ýyl okuwyň akymyny kesip, şu ýerde — öýlerinde juda seýrek tapylýan kitaplaryň giden bir toparyny, dünýäniň beýik şahyrlarynyň aglabasyny okap çykandygyndan bihabardy. Kakabaý uniwersitetde haýsydyr bir Ýewropa klassygynyň döredijiligine degişli sowala jogap tapyp bilmänligine namys edip, tutuş bir ýyly kitap okamak bilen (onda-da nähili kitaplar!) geçiripdir.
Pälwanlar bir-biriniň güýjüni ilkinji minutlarda duýarmyş diýýärdiler. Gurbannazar hem şol gije Kakabaý Ylýasowyň kellesinde näçeräk goruň bardygyna göz ýetirdi öýdýän. Gepiň gerdişine aýtsam, men Daşhowuz (häzirki Daşoguz welaýaty) sebitlerinde kän goşgular ýazypdym, olaryň ilkinji okyjysy bolsa Kakabaýdy.
Men dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan habarly ýene-de bir okumyşy bilýärin. Ol «Aşgabat» žurnalynda esli ýyl işlän Nina Alekseýewna Želnina. Kä kişi diňe özi üçin okaýar. Käbirleri öz bilýänini başgalar bilen paýlaşmagy gowy görýär. Nina Alekseýewnanyň tankydy pikirlerini, çeper söz babatdaky pähim-paýhasyny diňleýän mahalyň aramyzda şeýle bilimdar adamyň ýaşap ýörendigine, ýöne welin onuň şol pikirlerini makala görnüşinde daşyna çykarmaýandygyna haýran galýarsyň.
...Ondan bäri är ömri wagt geçiberipdir. 1990-njy ýyllaryň başynda «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Hudaýberdi Durdyýewdi. Aznawur ýazyjy, rus dilinde gürlände «özüniňkilerden ökde» diýdirýän, taryhdan, edebiýatdan bilýän zatlary bilen «agzyňy açdyrýan», juda medeniýetli, saýhally geplände gulagyňy gerdirýän halypa bir gün uzyn däliziň ugrunda duşanymyzda:
— Eýsemde bolsa, sen öýlänräk bir käse çaý içer salymlyk meň ýanyma girip çyksana, ogul! — diýdi. Alasarmyk ýagdaýa düşdüm. Bu žurnala bir publisistik makala beripdim. Meger, şonuň üçin çagyrýan bolsa gerek.
Aýdylan wagty iş otagyna barsam, gaýym basyrylan kindiwanja çäýneginden eşrepi ýalyjak edip guýan çaýyny lezzet bilen owurtlaýşyna, haýsydyr bir golýazmany okap oturan eken. Ol başyny galdyrdy-da, ýüzüniň ýarsyny diýen ýaly ýapyp duran äýnegini ýaldyradyp, ýüzüme çiňňerildi.
Gurbannazar, inim, seň ýazan makalaňy okadym, ýöne sen Garaguma o diýen belet däl öýdýän?
Indi men soragly nazarymy stoluň aňyrsynda oturana dikdim. Ol tertiplije üýşürilen petde kagyzlaryň arasyndan gözläp, meniň makalamy tapyp aldy.
— Bek bilgin, Garagum diýilýän gurbany gitdigim, geografik taýdan iki bölege — Üňüz bärsi Garaguma hemde Üňüz aňyrsy Garaguma bölünýändir. Weý, ýogsa-da, sen Üňüz manysyny beri bilýärmiň?
— Amyderýanyň gadymy akym ugruna aýdylýarmyka diýýän.
— Dop-dogry. Ýöne Garagum diýilýäni bir giň, ümmülmez. Şol bir wagtda hem onuň goýnundaky otçöpleriň käbiri Üňüz aňyrsynda, käbiri Üňüz bärsinde bitýär. Ine, sen makalaňda şol inçelige üns bermänsiň. Nädip düzedilendigini žurnal çykanda görersiň.
Şondan çykyp, göni kitaphana eňdim. Ýadyma düşýär, alymlar Nina Neçaýewanyň «Полвека в Каракумах» atly kitabyny, Agajan Babaýewiň «Garagum — hazynaly hum» atly kitabyny, Soltanşa Atanyýazowyň «Täsinlikler dünýäsine syýahat» atly kitabyny alyp gaýdyp, elime galam alyp okadym. Şondan kän wagt geçmänkä belli ekolog alym Paltamät Esenowa duşamda, «arzymy» aýtdym. Ol-a rus, türkmen, iňlis dillerinde çap edilen bir gujak žurnalmydyr kitap berdi. Hemmesem Garagum hakda. Şeýdip Garaguma gaýybana syýahat eden ýaly bolaýdym.
Şol gezek Hudaýberdi Durdyýewiň beren ýene bir unudylmaz halypalyk sapagy şu öwüt boldy: «Geň, gerekli maglumatlary, hatda täsin gürrüňleri, eşitmedik nakyldyr tymsalyňy belläp alar ýaly, özem islendik wagtyň ulanara gabyl jübi ýandepderçesini edin!». Şondan bäri «Gerekli daşyň agramy ýok» edip döredilen, hemişe goltukda göterilýän ýandepderçäniň sahypalary ýazgydan — bellikden galňap gitdi. Häzir olar ömrylla öçmez ýerde — kompýuterde saklanýar.
Hä-ä, häki syrly ýumagy çöşläliň! Žurnal çykdy, görsem meniň «Garagumuň goýnunda Garaşsyzlyk bagtynyň beren berekedinden — obalaryň doly gazlaşdyrylmagyndan soň dörän ojar tokaýlaryny görmäge göz gerek. Ylaýta-da, sazak, çerkez baharda güllände, Garagumuň goýnunda jennet döräne dönýär» diýen jümläm «sazak, çerkez güýz güllände» diýlip düzedilipdir. Gör-ä, tebigatyň täsin syryny! Şonda men baş redaktoryň üşükliligine, sowathonlugyna «telpek goýdum».
«Paýhas çeşmesi» kitabyndan:
«Adam aňyndan belli, kerwen — jaňyndan», «Adam bilenini okar, towuk görenini çokar», «Akyl — ylmyň hyrydary», «Arybyňky — gülüstan, göribiňki — çölüstan», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Dili ötgür adam märekäniň öňünde daýanar».
Biziň günlerimiziň juda okumyş adamlarynyň birini bilýän. Ol Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan, guýmagursak şahyr Didarberdi Allaberdiýew. Ol Magtymgulynyň ähli goşgusyny oglanlykdan, atasynyň — Atjan temegiň yzyna düşüp çopançylyk edip ýörkä ýat bekläpdir.
Otyrkaň, isle Mollanepesden, Mätäjiden, Baýram şahyrdan, bärräk gaýdyp, Berdinazar Hudaýnazardan, Kerim Gurbannepesden, Gurbannazar Ezizden, Mämmet Seýitden, Gurbanýaz Daşgyndan... gep açaý, aýdan goşgyňy säginmän okar gidiberer.
Didar aganyň ýene bir artykmaçlygy rus, iňlis, arap, pars, gazak, azerbaýjan, tatar, türk dillerini suwara bilýänligi.
Ylym şeýle kesgitleme berýär: «Hemişe kitap okap ýörenler asla hiç zat okamaýan adamlardan ortaça 2 ýyl artyk ýaşaýarlar».
Ine, hormatly okyjym, bu ýazgylaryň soňky nokadyna ýeten bolsaň, indi özüňe şeýle sowal bilen ýüzlen: «Eýsem, soňky wagtlarda men näme okadymkam? Danalaryň biriniň aýdyp gideninem ýatdan çykarma: «Sen näme okanyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn!». Ine, okamagyň hikmeti!
Gurbannazar Orazgulyýew,
Ýazyjy.
“Nesil” gazeti,
03.10.2020ý.