OLAR ÝÜREKLERDE EBEDI ÝAŞAR

Merdana pederlerimiziň hiç haçan öçmejek şöhratynyň, gahrymançylygynyň we edermenliginiň hatyrasyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy biziň her birimiz üçin mukaddes ýere öwrüldi. Bu ýerde Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligi, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, halklaryň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri ýerleşýär. Bu ýadygärlikler toplumy biziň nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup, olaryň edepli, gaýratly, dogumly, öňdengörüji ýaşlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň synmaz ruhlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygyna we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna hormat goýlup, aýat-töwirler edilýär. Merdana pederlerimiziň şöhratly zähmet ýoly we edermenligi bu gün biziň gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bagtyýar ýaşamagymyzyň we geljege ynamly garamagymyzyň girewi bolup durýar. Ata Watanymyz we mähriban halkymyz üçin göreşen milli gahrymanlarymyzy, edermen ata-babalarymyzy, wepat bolanlary hatyralamak bolsa, türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Pederlerimiziň edep-terbiýe jähetdenem, adamkärçilik babatda hem ähli zady üns merkezinde saklaýandygynyň şaýadydyr. Sebäbi milli gahrymanlary, mertleri, şehitleri hatyralamak ynsanyň köňül köşgüniň beýikliginden nyşandyr. Bu ýaş nesilleriň terbiýesine hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem biz öz ezizlerimizi, gahrymanlarymyzy, şehitlerimizi ýatlap, her ýylyň tylla güýzünde olary döwlet derejesinde hatyralaýarys. Tebigat hem öz raýdaşlygyny bildirýän ýaly, ynsan kalbyny oýa batyryp, şahasyndan tänýän sary ýapraklary bilen, beýik geçmişimiziň hatyrasyny tutýan ýaly bolup, agras görünýär.

Biz ata-babalarymyzyň arzuwlap giden zamanasynda ýaşaýarys. Şol sebäpli-de biziň özümiz hem pederlerimiz üçin, bu arzyly günleriň gadyr-gymmatyny bilip, Watanymyza, il-günümize jan aýaman hyzmat etmelidiris.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz düýpgöter oňyn özgerişlere beslendi. Gurulýan binalar, köp sanly durmuş maksatly desgalar, medeni-dynç alyş zolaklary, seýilgähler, suw çüwdürimleri milliligi nusga edinýän döwrebap binagärlik gurluşy bilen Ýer ýüzüniň halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat binalarynyň aglabasy ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Merjen şäherimiz Aşgabat dürli maksatly duşuşyklaryň, sergileriň, medeni we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu günki nesiller ata-babalaryny ýatlap, sarpasyny belentde saklaýarlar. Her bir köňülde durmuş synaglarynyň öňünde ýeňilmedik ata-babalaryna bolan uly buýsanç, baky hatyra bar. Biziň şeýle ajaýyp günleri görmegimiz, parahat durmuşda ýaşamagymyz üçin olar, gör, nije arzuwlar edipdiler, gör, nije kynçylyklara döz gelipdiler. Olar şeýle edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy öz beýik aslynyň ruhundan, geljekki ajaýyp günleriň ynamyndan susup alypdylar.

Hormatly Prezidentimiz: «Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!» diýip, eziz Diýarymyzyň başymyzyň täjidigini, gymmatly baýlykdygyny, oňa hyzmat etmegiň bagtdygyny pähimdarlyk bilen nygtaýar. Hakykatdanam, her bir türkmen perzendiniň kalbynda Watan iň bir mukaddes düşünje hökmünde kemala gelendir. Belki-de, hut şol sebäpli, biziň pederlerimiz şeýle mert, gaýduwsyz, nusgalyk duýgy-düşünjeleri özlerinde hem-de perzentlerinde terbiýeläp bilendirler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalary, gazanylan üstünlikleri, amala aşyrylan oňyn özgertmeleri birin-birin sanap geçmek mümkin däl. Ata Watanymyzyň her bir güni, her bir aýy buýsandyryjy wakalar bilen baýlaşýar. Il-ýurduna şeýle buýsandyryjy pursatlary bagyş edýän, beýik geçmişimizi, ata-babalarymyzy hatyralap, bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlaryň bolsa yzy üzülmeýär.

Hormatly Prezidentimize aýdylýan şeýle alkyşlar hemişe ýaňlanyp dursun! Her bir ojakda eşidilýän çaga gülküsi, bagtyýar raýatlaryň owazy dowamly bolsun!

Öten-geçenleri hatyralap, beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz kabul bolsun, eziz watandaşlar!

Ogulnyýaz MÄMMETNUROWA,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

06.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR