Ha­şam çe­ken har­rat­lar

Dilewar türkmen halky agaç ussaçylygyna neçjarçylyk diýip at beripdir. Taryhda mälim bolşy ýaly, gadym döwürlerde ýaşan adamlar agajy ýönekeý usulda işlemegi başarypdyrlar. Olar agaçdan özleri üçin ujy ýiteldilen sada ýaraglary we zähmet gurallaryny ýasapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen adamzadyň aňy kämilleşip, agaçdan ýasalan önümler giňden peýdalanylypdyr.

Ata-babalarymyz türkmen topragynda saýaly we miweli agaçlary ir wagtlardan bäri ösdürip ýetişdiripdirler. Şol agaçlardan hem dürli çig mallary taýýarlap, ony binagärlik işlerinde ulanypdyrlar. Geçmiş taryhymyza ýüzlenenimizde, pederlerimiziň bina eden köşgi-eýwanlarynyň, jaýlarynyň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Häzirki günlerimizde ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-agtaryş barlaglary geçirilende, galyň örülen kerpiçleriň arasyndan agaç bölekleri çykýar.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Neçjarçylygyň asly agaçdandyr» diýen bölüminde: «Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezler, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri agaçdan ýasalypdyr» diýip, nygtamak bilen agajy ulanmagyň gadymylygyny düşündirýär.

Agaç ussalary bu ugruň pirli senetdigine owal-ahyr ynanyp, ony apalap, halal, hormatly kesp-kärdigine düşünipdirler. Neçjarçylyk hünäriniň piri Nuh pygamber hasaplanýar. Rowaýatlarda Nuhuň agaçdan äpet gämi ýasamagy başarandygy barada aýdylýar. Magtymguly Pyragy:

Öz döwründe Nuh pygamber,

Neçjar işin tutup geçdi

— diýmek bilen munuň hakykatdygyny makullaýar.

Öňki döwürlerde her obada 2-3 sany agaç ussasy bolupdyr. Agaç ussasynyň hünäri beýleki ussalaryňky ýaly, nesilden-nesle garyndaşlyk gatnaşyklary esasynda geçipdir. Ezber ussalar agaç ussaçylygynyň dowamat bolmagy üçin şägirt ýetişdiripdirler. Neçjarçylyk kesbi erkek adamlara mahsus kärdir.

Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Agaç gatysy soky bolar», «Agaç tutan ýeriňden döwülmez», «Agajy ýaşlykda bük», «Agajyň pahnasy hem özünden öner» diýip beýan edilýär.

Halk arasynda agaç ussaçylygy bilen bagly «neçjar», «harrat» ýaly gadymy atlaryň bolandygy hem mälim. Ozallar agaç ussalary özleriniň ýasan önümlerini sada gurallar bilen nepisläpdirler. Olar agaç ussaçylygynda palta, teşe, aý teşe, çekiç, byçgy, biz, tyg çüý, buraw, rende ýonguç, rende orak, isgene, törpi ige, demir galam, ülňi agaç, ülňi galam, agaç sandal, pyçak... ýaly gurallary ulanypdyrlar.

Agaç ussalary ilatyň buýurma ýumuşlaryna görä, zähmet gurallaryny we hojalyk esbaplaryny ýasapdyrlar. Ussalar öz işlerinde her duş gelen agajy ulanmandyrlar. Olar erik, tut, tal, dagdan, arça, kerkaw, hoz, çynar we beýleki agaçlardan oňaýly we berk önümleri taýýarlapdyrlar. Agajyň saýlanylyşy, işe taýýarlanylyşy onuň çeperçilik bezeglerine-de uly täsir edipdir. Ussalar agaçlary saýlap almak bilen onuň ýaşyny, kölegede ýa-da Günüň aşagynda ösendigini hem aýdyp bilipdirler. Hatda olar käbir zerurlyk üçin ýylgyn agajyny hem ulanypdyrlar. Ussalaryň aýtmagyna görä, käbir agajyň gatylygy ýa-da ýumşaklygy sebäpli agaja çemeleşmek möhüm bolupdyr. Kämillige ýeten ussalar jöwen, dary, çigit ýaly ekinleriň we beýleki dermanlyk ösümlikleriniň dänelerini döwmek üçin gaty agaçlardan peýdalanypdyrlar. Erik agajyndan soky, güpi, dutardyr pyçaga sap we beýleki ownuk önümler ýasalypdyr. Tut agajyndan jykyr, juwaz, nowa (ahyr), dutar kädi, gapak, agaç sandal, tokmak, çekiç we beýleki önümler ýasalypdyr. Jykyryň ähli bölekleri agaçdan edilipdir. Onuň üçin gök söwüt, garagaç, igde, güjüm ýaly berk agaçlar saýlanyp alnypdyr. Saz gurallary ýasamak üçin ussalar irginsiz işlemeli bolupdyrlar. Kädisi tutdan, sapy erik agajyndan ýasalýan dutary taýýarlamak işi irginsiz zähmeti talap edipdir. Öňler dutarçy ussalar agaç saýlanlarynda, onuň Gün düşýän tarapyndan kesilen agajyny sazandalar üçin, kölege tarapyndan kesilen agajyny bagşylar üçin peýdalanyp, mahmal sesli dutarlary ýasapdyrlar. Adygan ussalar «gaýnama dutar» diýen dutary hem ýasamagy başarypdyrlar. Ak öýleriň agaç esbaplary, azal oky, agaç ýabak, gaňňa, boýuntyryk, çolpy, merduwan (zeňňi), çemçe, susak, oklaw, gapak, tabak (batman tabak, kersen tabak, pälwan tabak, erňekli tabak, tebse tabak, oraş tabak, çeňkli çanak, telper çanak) ýaly esbaplar ýasalanda tal agajy ulanylypdyr. Ussalar başarjaňlyk bilen ak öýleriň hem dürli ululykdaky agaç esbaplaryny ýasapdyrlar. Olary ýasamak üçin gaýyň, söwüt, azzar ýaly berk agaçlary saýlap alypdyrlar. Lebap sebitlerinde ak öýi ýasamak üçin tal we akderek agajyny ulanypdyrlar. Arça we kerkaw agajyndan dokmaçylykda ulanylýan güleler, naýçalar ýasalypdyr. Çynar agajyndan gapylar, derwezeler, sandyklar, agaç sekiler taýýarlanypdyr. Hoz agajyndan gaýyklar, arabalar, tüpeňleriň gundagy, düýeler üçin howuthataplar, ýüň egirmek üçin ik we ikbaşlar, aýak çarhyny ýasapdyrlar. Ussalar bu esbaplary howa sowuk döwründe ― gyş aýlarynda ýasamagy özlerine oňaýly görüpdirler. Sebäbi tomusda olar çapylan agaçlary guradypdyrlar.

Ussalaryň gürrüň bermegine görä, ir döwürler agaçlaryň ýüzi ýiti demir galam bilen oýulyp, täsin haşamlanyp nagyşlanypdyr. Onuň adyna «gazma nagyş», «oýma nagyş» diýlipdir. Agajy haşamlaýan ussalara bolsa «harrat» diýlipdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» kitabynda: «Ussa, atyňy göç! ýa-da «Harrat, piliňi göç!» diýen sözleriň üsti bilen harrat sözüni belläp geçýär.

Ata-babalarymyz kalbyndaky ýagşy umyt-arzuwlaryny bezeg sungatyna hem siňdiripdirler. Ezber ussalar agajy täsinlik bilen nagyşlap işlemegi hem başarypdyrlar. Neçjarçylyk sungatynda dürli bezegleriň ulanylmagy agajyň bezegini baýlaşdyrypdyr. Oýulyp salnan nagyşlaryň çeperçilik kämilligi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Agaçda döredilen nagyşlaryň, şekilleriň ýasalyşynda we atlandyrylyşynda halkymyzyň geçmiş taryhy, milli medeni aýratynlyklary, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapýar.

Ozallar jaýlaryň we köşgi-eýwanlaryň sütünleri hoz, garagaç ýaly agaçlardan taýýarlanypdyr. Agajy işe ulanmazdan öň, 2-3 günläp suwa ýatyrypdyrlar. Suw agajyň gatamagyna, berkemegine ýardam edipdir. Öňler haşamlanjak agajyň ýüzüne sabyn çalnypdyr. Sabyn agajyň ýüzüni ýumşatmaga oňaýly täsir edipdir. Beýle usulda nagyşlanan agaç sütünleri girelgelerde we köşgi-eýwanlaryň merkezinde goýlupdyr. Neçjarçylyk sungatynyň sütün bezeglerinde çylşyrymly geometrik nagyşlar bilen baýlaşdyrylan ösümlik dünýäsi giň gerim alypdyr. Ussalar bezeg işleriniň ýerliginde hiç hili ýelim, çüý ulanmazdan nagyşlaryň sazlaşygyny gazanyp, eserlerini ýokary çeperçilik ussatlygy bilen tapawutlandyrypdyrlar. Öňler sütün agaçlarynyň esasy bölegi haşamlananda, onuň aşaky bölegi «alma» ýa-da «armyt» görnüşinde bezelipdir. Ökde ussalar agaçlaryň göwrümini inçelik bilen synlap, onuň ýerliginiň meýdançasyna we çuňlugyna, güberçek nagyşlaryň inine hem kesikleriň ölçegine uly üns beripdirler. Neçjarçylyk sungatynda sekizburçluklaryň, üçburçluklaryň, dörtburçluklaryň, sekiz şöhleli ýyldyz nagyşlarynyň, gülleriň mahmal ýapraklaryna çalymdaş täsin şekilleriň agajyň ýüzüne oýulyp salynmagy hem geň galdyrýar. Ir döwürler agaçlaryň ýüzünde gülleriň, guşlaryň, suw tolkunlarynyň şekillerindäki geňenaýy alamatlar janlandyrylypdyr. Agajyň ýüzüne çyrmaşyp, ösüp barýan gülüň keşbi haşamlanypdyr. Bu bolsa «Durmuşyň gül ýaly bolsun, öriňiz giňäp gitsin, ömrüňiz uzak bolsun!» diýen ýaly ýagşy arzuw-umytlary aňladypdyr. Suw tolkunlaryna meňzedilip nagyşlanan bezegleriň aýratynlygy uly bolupdyr. Suw adamzadyň dowamat ýaşaýşyny şöhlelendirýän duýgyny oýarypdyr. Agaçlaryň ýüzüne asmanda pel-pelläp ýören guşlaryň şekilleri nagyşlanypdyr. Bu bolsa arassa asmanyň asudalygyny, Zeminiň parahatçylygyny, erkinligi aňladypdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ussalary neçjarçylyk sungatyny has-da baýlaşdyrýar. Bu gün ylmy tehnologiýalara daýanýan, hususy kärhanalarda ýasalýan ýokary hilli önümler hormatly Prezidentimiziň gurduran mermer binalarynyň bezegi hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmeniň baý medeni mirasynyň gazananlary ylmy nukdaýnazardan öwrenilýär. Hormatly Prezidentimize biz ― ýaşlara döredijilik işi bilen meşgullanmaga, olary ylmy işimizde giňden ulanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş aýdýarys.

Per­man Hal­my­ra­dow,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.

“Nesil” gazeti,

08.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR