«BITARAP DIÝAR: ÝAŞLARYŇ TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Olar edil ýeňňe-baldyz ýaly diýseň höwrügipdirler. Gelin biş-düşe ökde bolansoň, bilýän zatlaryny oňa irginsizlik bilen öwredýär. «Sen sanlyja salymdan bir öýüň gelni bolmaly, meň ýaly. Gaýynlaryňdan beter ýanýoldaşyň gowuja görýän tagamlaryny taýynlasaň, diliň uzyn bolar» diýip, ony aşhana girdigi ýanyndan goýmaýar. Olam öz gezeginde syr-süpürdir gap-gaja gaty ökdelik bilen hötde gelýändigini iş ýüzünde görkezýär. Iň esasanam, okaýan ugry iňlis dili bolansoň, ýaňyja mekdebe baran oglanjygy guş ýaly saýradyp otyr. Garaz, iňlis dilinde goşgudyr aýdym diňlejek bolsaň barybermeli. Bu gezegem olaryň hümürdeşip oturyşlary juda söýünçlidi. Ýöne talyp gyzyň mobil telefonynyň jyňňyrdysy bilen gürrüňleriniň arasy bölündi. Çalasynlyk bilen ýerinden turan gyzyň bir-ä «Alo!» diýen sözi, birem «Diňleýän» sözi türkmen dilinde ýaňlandy. Jaň edýäniň onuň söýgüli mugallymydygyny hem gyzyň: «Gudmoniň, tiçe!» diýen jümlesi arkaly aňdyk. Ol şondan soň şeýle bir akgynly, sazlaşykly, sap arassa iňlis dilinde gürleşip gitdi welin, haýran galdyrdy. Arasynda kompýuterini açyp, bir zatlar gözledimi-tapdymy, garaz, ep-eslije güýmendi. Özümiňkileriňem şular ýaly daşary ýurt dilinde kösençsiz gürleşmegini arzuw edip oturyşyma, ýegenimiň öwgüsini ýetirdim: «Tüweleme, sen-ä mugallymyň bilenem emgenmän gürleşip otyrsyň. Näme mesele ýüze çykdy, dynç güni beýle?!». Ol çalaja ýylgyrdyda düşündirmäge durdy. «Biz üçin, daýza, berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bilseň, şondan soň dynç. Indi bize ähli ýumuşlar onlaýnyň üsti bilen berilýär. Ine, häzirem agşam sagat 7-ä çenli tabşyrylan ýumşy işläp, internete goýmaly. Onsoň biziň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde birinji ýyldakylara çenli, diňe iňlis dilinde gürleşýärler, biz-ä eýýäm magistraturanyň talyplary» diýdi. Bu ýerde geňlär ýaly zat ýok. Ýegenimiň bolşy häzirki zaman ýaşlaryna tüýs mahsus, adaty häsiýetleriň biri. Tanyşlarymyzyň, işdeşlerimiziň çagalarynyň arasynda hem daşary ýurt dillerini suwara bilip, ýaryşlarda ýeňiji bolanlary, dili has içgin özleşdirmek üçin, gaýry döwletlerde, ýörite bellenilen maşgalalarda birki ýyllap ýaşap, kämilleşip gelen ýaşlary hem bilýäris. Ýöne biz — ululary haýran galdyrýan zat — olaryň salykatlylygy. Biziň öwgülerimize hondan bärsi bolman, pespällik, adatylyk bilen jogap berişleri göwnüňe ýaraýar.
Edil şeýle synaglaryň žurnalist ýaşlar bilen baglanyşykly hem ýüze çykýan ýagdaýlary ýadymda. Şu gün gazete gitmegi meýilleşdirilen makalany ýazýan ýaş ýigidiň kompýuteriň düwmelerinde diňe elleri oýnaýardy. Yzly-yzyna sugşurylýan sözler biri-birinden manylydy. Makalasyny döwür, ýaşlar, döwrebaplyk, geçirilen çäreler bilen baglanyşdyryp, göwnejaý ýazan ýaş žurnalistiň tarypyny ýetirmegi halypa hökmünde özümizi borçly duýduk. «Berekella, makalaň gaty gowy bolupdyr. «Iş gyssagda biter» diýilýär. Gyssagly taýýarlanam bolsaň, ähli talaplar ýerbe-ýer, tüweleme!». Ol ulyny kiçeldilip goýlan ýaly, paýhasly jogap berdi: «Aý, gelneje, üýtgeşik bitiren işim ýok-la. Adaty nobatçy sözler. Wah, wagtyň köp bolsa, ýazylmadyk zatlary bir öwrenip, ilik-düwme edip ýazsaň...».
Şeýle ýaşlaryň bolşuny görüp, pederlerimiziň: «Özüni öweniň tanapy çüýrük» diýen sözleri hakynda çuňňur oýlara batanyňy duýman galýarsyň. Hakykatdanam, türkmen salykatlylygy öwgini ýuwan görýär. Şol sebäpli-de ilimizde aňsat-aňsat adamyň ýüzüne öwülmeýär. Mugallymyň okuwçysyny, halypanyň şägirdini, ata-enäniň çagalaryny öwüşi ýaly, uly adamlary öwüberseň halamaýarlar. «Men näme çagamy?» diýip, boýy ýeten ogul-gyzlaryň hem çalaja bolsa-da duýduryş beräýýärler. Uniwersitetde okaýarkak mugallymymyz Bäşim Şamyradow: «Türkmen aga «Han ogul» diýdigi, bir emmasy bardyr, pikirleneweriň!» diýerdi. Uly ýaşly adamlaryň ýanynda eden işiňi mazamlap öwüniberseň, nagt jogabyňy alarsyň. Olar öwginiň diňe çagalaryň arasynda ýol alýandygyny aýdarlar.
Güýzüň salkyn howasy diňe bir ýürekleriň gapysyny däl, eýsem, äpişgeleri açmaga höwes döredýär. Penjireden eşidilýän gülki sesleri adamlaryň keýpiçaglygyndan habar berýär. Agyzlary örtüklije iki oglanjygyň özara jedelleri eşidilip dur. Olaryň biri kakasynyň oňat awtoulagynyň bardygyny, reňkiniň süýt ýaly akdygyny aýdyp öwünýär. Beýleki biri bolsa, doganynyň täze jaýa göçendigini, iň oňat öý-goşlardan içiniň doludygyny gürrüň berip, begenjine uçaýjak bolýar. Gapdalyndan geçip barýan ýaş ýigit olaryň bolşuna ýylgyrýar. Çaga-da, olara öwünmegem, alan bäşliklerini sanap öwmegem päsgel bermeýär, gaýtam, olaryň ähli zada höweslenmegine esas berýär. «Öwgini halamaýan ýok» diýmegiňiz mümkin. Gaty dogry. Käteler boýy ýeten perzentleriňem, hatda ýanýoldaşyň-da öweniňi kem görenoklar. Öwgini çeken zähmetiňe berlen baha hökmünde düşünýän adamlaram gyt däl. Bu ynsan balasynyň süýji söze, mähir-mylakata, esasan-da, üns-alada öz aýratyn garaýşynyň bardygyny aňladýar. Käteler bolsa öz ýanyňdan: «Öwgi, oňat söz üçin, ýol aşyp gitmeli däl. Ýa-da pul berip, satyn almaly däl, bular özüňden bitýän zatlar. Eger öwlenini isleýän bolsalar öwäý-dä» diýip, oýlanýan pursatlaryň hem bolýar. Dogry, käteler öwginiň bitmän duran işiňi ýöredýän wagtlaram bolaýýar. Durmuş wakalaryna salgylansaň-da, çeper edebiýatlardan, ertekilerden mysal getirseňem, öwginiň has uly işleri bitirip bilýändigine göz ýetirýärsiň. Bularyň bary dogry. Ýöne gep öwýän adam-da däl-de, öwülýäniň akyl-paýhasynda, salykatlylygynda jemlenýändiginde. Oňa düşünýän adamlar bilen iş salyşmak, gatnaşykda bolmak juda täsirli. Olar töweregine-de sapak berip bilýärler.
Döwletli maşgalada toý tutulýardy. Öý-işik, toýuň harajady, myhman garşylamak... tüweleme, her kim ýüzüne sylyp, arzuw edýärdi. Geleni güler ýüz bilen garşylap oturan ene ogul-gyzlaryna, gelin-agtyklaryna aýdylýan öwgi sözlerine şol bir jogaby berip otyrdy: «Hudaýa şükür, çagalarym köpüň biri, kölüň suwy. Ilden üýtgeşik zatlary ýok. Toýdan bolsun, size-de Alla ýetirsin!».
«Ýagşy söz ýylany hininden çykarar» diýen ata-babalarymyz mamla. Ýüregi mydam gowulyklara maýyl ynsan ogly mylakatlylygyň, ýagşy sözüň, öwginiň isleginde. Şeýle sözleri tüýs ýürekden aýdyp bilýän adama hem sogap ýazylarmyş. Ýöne gürrüň öwýän kişi barada däl-de, öwüleniň bendiň suwuň öňünde saklanyp bilşi ýaly, agyr-ýeňil bolman, şol bir bolşuny üýtgetmezligindenmikä diýýäris. Pah-pah, türkmeniň akyl-paýhasyna bak-a! Salykatlylygyny synaýar-da, soň sylaýar.
Ogulbeg Jumaýewa,
“Nesil” gazeti,
10.10.2020ý.