GÖZELLIK terbiýesiniň gönezligi

As­lyn­da, gö­zel­li­ge teş­ne­lik hal­ky­my­zyň hä­si­ýe­tin­de bar zat. Ýog­sa ene­le­ri­mi­ziň sünnä­läp do­kan gö­zel ha­ly­la­ry dö­rär­mi­di?! Gü­lä­lek­li sähra­la­ryň, çi­gil­dem­li dag­la­ryň goý­nun­da önüp-ösen türk­men hal­ky­nyň te­bi­gat bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­lan­dy­gy hem­mä mä­lim zat. Sun­ga­ty öw­re­ni­jiler şeý­le ta­pyl­gy­syz gö­zel­li­giň her bir hal­kyň hä­si­ýe­ti­ne-de, hü­nä­ri­ne-de tä­sir edip bil­ýän­di­gi­ni aý­dýar­lar.

Ýurdumyzyň sebitlerinde saklanyp galan gadymy ýadygärlikler, olaryň diwarlarynyň ussatlyk bilen syrçalanylyşy we bezelişi gadymy küýzegärçilik hünäriniň yzlarydyr. Şeýle-de taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, gabat gelýän küýze bölekleri, gapgaçlaryň galyndylary pederlerimiziň palçykdan gudrat döredendigine şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty-da gözellik terbiýesiniň gözbaşydyr. Aýdym-saz ynsanyň göwnüni göterip, göwnüçökgünligi, sökelligi, birahatlygy dep edýär. Adam ata döwrüniň rowaýatlaryna salgylansak-da, ynsan ogluna jan beren närsäniň aýdymdygyna ynanýarsyň. «Ol ýer garaňky, men tümlükde neneňsi ýaşaryn?» diýip, ýaýdanyp duran «jan» sazyň sesine meýmiräp, ynsan göwresine nähili girenini bilmän galýar. Dünýä alymlary ene hüwdüsiniň adam oglunyň dünýä gelip, ilkinji eşiden sazydygyny teswirleýärler. Ene hüwdüsi nirede, haýsy dilde ýaňlanýandygyna seretmezden, onuň ylahy güýji bar. Her bir ene sallançagyň ýanynda hüwdi aýtmak bilen, balasy baradaky arzuwlaryny beýan edýär. Ol perzendine zähmeti söýýän, ak ýürekli, dogry gepli, ata Watana wepaly bolup ýetişmegini sargaýar. Şeýle mahmal ýaly şirin hüwdüler ömürlik ýadyňda galýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle diýýär: «Mähriban käbämiň hüwdi aýdýan pursatlaryny diňläsim gelýär. Belki, ynanmarsyňyz, ýöne uly adamlaryň hem şeýle arzuwy bolup bilýär ahyry. Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir».

Sazyň ýardamy milli tebipçilik ylmynda-da öz beýanyny tapypdyr. Halkymyz gadym döwürlerden bäri gyzamyk çykaran çaga dutaryň owazyny diňledip, derdini ýeňilleşdiripdir. Şeýle mysaly biz türkmen kinofilmlerinden hem getirip bilýäris. Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň «Ogul» atly filminde kakasy urşa giden oglanjyk gyzamyk çykarýar. Ata mährine teşne çaga bir tarapdan, gyzamygyň aldym-berdimli gyzgyny, ikinji bir tarapdan bolsa, hossar küýsegi bilen ýanar oduň içinde galýar. Wagty bilen daşa çykmadyk gyzamygyň çaganyň içine urup, has heläk edip biljekdigine göz ýetiren garry ene derrew sazanda çagyrýar. Yzly-yzyna ýaňlanan dutaryň şirin mukamy oglanjygy öz essine getirýär. Birsalymdan sazyň owazyna meýmirän çaga derläp, derdi ýeňleýär.

Saz ruhy keselleriň hem emi hasaplanýar. Gadymy hindilerde ruhy keselleri tüýdügiň owazy bilen bejeripdirler. Özbek, täjik, gazak, gyrgyz ýaly Merkezi Aziýa halklarynda depregiň we dombranyň üsti bilen göwnüçökgünligiň, sussupesligiň garşysyna çäre görlendigi barada maglumatlar bar. Şol sanda biziň türkmenlerimizde hem porhanlar deprek kakyp, «waswas» keseline uçranlary bejeripdirler. Şeýtanyň alyna gitmän, özüni batyrgaý, dogumly alyp barmagy ýaş maşgalalara sargapdyrlar. Gabanjaňlygy, ynamsyzlygy aradan aýryp, öý-ojagyna yhlas etmegi tabşyrypdyrlar.

Türkmen saz sungatynyň Garadäli gökleň, Oglan bagşy, Girman bagşy, Aýal bagşy... ýaly läheňleri her bir toý-märekede il-günüň göwnüni göteripdirler. Bular barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp eserinde aýratyn nygtap geçýär. Şu ýerde türkmeniň meşhur Şükür bagşysyny ýatlaman geçmek bolmaz. Uzak obalaryň birinde toý sowup gelen Şükür doganynyň keseki ýurtly basybalyjylara ýesir düşenini eşidip, gaýgy-gamyny saz bilen basmak isleýär. Onuň dutarynyň sesi uly oba ýaýraýar. Adamlar ýeke-ýekeden gelip, onuň daşyna üýşýärler. Oba hany, kethudasy we ýaşulular üýşüp, oňa sylag-sarpasyny bildirýärler hem-de agasyny halas etmegiň ýoluny gözleýärler. Kim pul, kimseler ýaragyň güýji bilen ýesirlikden boşadylmagyny teklip edýär. Şükür bagşy doganyny gara gazmasynyň owazy bilen halas etjekdigini mälim edýär. Şu ýerde sazyň diňe bir adamlaryň göwün göterijisi, toý-märekäniň bezegi bolmakdan başga-da, has uly meseleleriň ― parahatçylygyň we asudalygyň hem goragçysydygy ýaly ähmiýetli tarapy ýüze çykýar. Türkmen sazynyň şeýle täsin, dünýä ähmiýetli häsiýetini hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly dürdäne eserinde aýratyn nygtap geçýär.

Dutar, gyjak, tüýdük, dep, gopuz... türkmeniň gadymy saz gurallarydyr. Türkmen gyzy gopuz çalanda, misli düňle sähralar jana gelýär. Türkmen halkynyň edil dutar ýaly hemsyrdaş saz guraly bolan gopuz barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp eserinde şeýle diýilýär: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar».

Şeýle ajaýyp setirleri okaýarkaň, kalbyň-da owazlanýar. Sözüň, sazyň, gözelligiň gadyryny bilýän hormatly Prezidentimiziň adyny alkyşlara beslemegi özümize borç hasaplaýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ili abat bolsun!

Aýbike ORAZMÄMMEDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutar mugallymy.

“Nesil” gazeti,

15.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR