Dört adam barýar: biri pyýada, beýlekisi tigirde, üçünjisi motoulagda, soňkusy awtoulagda. Megerem, pyýada barýanyň, bolmanda, tigir, tigirde barýanyň motoulag, motoulagda barýanyň bolsa, awtoulag münesi gelýändir. Bu ýerde geň zat ýok, ahlaga ýa-da kanuna ters gelýän zadam ýok. Bu ýerde gürrüň ýolagçylaryň ählisiniň kimdigine we nähili kärde zähmet çekýändiklerine garamazdan, halkymyzyň sabyrlylyk, kişiň üstünligine we bagtyna guwanmak, şükranalyk ýaly milli häsiýetlerini gursagynda götermegidir. Şular ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetler bolsa, elmydama türkmeniň şan-şöhratyny dünýä ýaýyp gelipdir.
Ataly-ogluň arasynda şükürli, sabyrly bolmak bilen bagly bolan gürrüňdeşligi ýaşlaryň dykgatyna ýetirmekçi bolýarys, belki-de, onuň içinden ýetginjekler üçin sapak edinäýmeli durmuş pursatlary tapylar.
SOWAL: — Ata, ynsan durmuşynyň dürli-dürli bolmagy tebigy ýagdaýmy?!
JOGAP: — Hawa, oglum, hemişe şatlyk-şagalaňda ýaşaýanam ýokdur, elmydama kynçylyklaryň girdabynda gezýän-de. Ýagşam geçýändir, ýamanam. Bu iki ýagdaý adamda gezekleşip gaýtalanyp durýar. Ýagşy pursatlar ömür ýoluňda uzagrak dowam edýän bolsa, onda bagtyň çüwdügi. Ýöne her bir kynçylygyň, kösençligiň aňyrsynda ýeňilligiň, başgaça aýdylanda, üstünligiň ýatandygynam unutmagyn! Şeýle hem süýji günleriň ajy günleriň hasabyna emele gelýändigine-de parh goýmak gerek. Ajysyz süýji bolmaz. Ajy — süýjiň gönezligidir. Hemme günler süýji bolanda, adam asla durmuşyň gadyryny bilmezdi.
SOWAL: — Ata, ýarawsyz, güngüzerany pes adamlar-da durmuşyna kaýyl bolup ýaşamalymy?!
JOGAP: — Elbetde, köşegim, şeýle haldaky adamyň nalany, zeýreneni bilen ýagşy tarapa üýtgejek zat ýokdur. Onsoňam bilip goýgun, dünýäde seniňkiden-de beterräk kynçylyklary başyndan geçirýänleriň bar bolmagy mümkin. Gadymy rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, bir bende «aýakgabym» ýok diýip zeýrenip duran halyna, aňyrdan bir adamyň pişekli gelýänini görüp, öz gününe şükür etmelidigine düşünýär. Ýene-de bir hakykaty bilgin, göwnüçökgünlik adamyň saglygyna we onuň durmuş meýilnamalarynyň amala aşyrylmagyna görnetin ýaramaz täsir edýändir.
SOWAL: — Ata, onda adam öz halýagdaýyny gowulandyrmak üçin näme etmeli?!
JOGAP: — Oglum, adam ilki bilen-ä ýagşy zatlary arzuw etmeli, maksatlaryna ýetmek üçin ýürekden yhlas görkezmeli, işlemeli. Maksadyňda diňe ýagşy zatlar bolmaly. Ýaman hyýallara atlanmak göriplikden hem bahyllykdan nyşandyr. Şoňa görä-de, türkmen jemgyýetinde ýaşlara diňe ýagşy zatlary arzuw etmeklik ündelýär. Ata-babalarymyz ýöne ýerden: «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýip nygtan däldirler.
SOWAL: — Ata, arzuwlaryňa ýetmek üçin özüňi nähili alyp barmaly?!
JOGAP: — Köşegim, ýagşy arzuwlar bilen amallar bitewüdir. Olaryň biri beýlekisinden gelip çykýandyr, amallar niýetlere görä diýlenidir. Işjeňlik görkezmän, oturan ýeriňden ýagşy niýet edeniň bilen arzuwyňa ýetjek gümanyň ýokdur. Magtymguly atamyzam: «Hyýal bir iş bitirmez, gola närse getirmez» diýendir. Kalbyňda ýagşy hyýallara atlanyp, maksadyňa ýetmek üçin ýürekden dalaş etmeli. Seniň diýeniň çykmadymy, ruhdan düşmän, ýagşy arzuwlara ýetmek üçin yhlasyňy gaýgyrmaly däl.
SOWAL: — Ata, aňlaýşyma görä, maksadyňa ýetmek üçin sabyrlylygyň täsiri uly ýaly.
JOGAP: — Oglum, pikiriň juda dürs. Sabyrly bolmak diýmek ykbalyňda duş gelýän kynçylyklara mertlerçe döz gelip, olar bilen çynlakaý göreşmekdir, halal ýol bilen arzuwyňa ýetmekdir.
SOWAL: — Ata, göriplikdir bahyllygyň şükürdir sabyr bilen nähili arabaglanyşygy bar?!
JOGAP: — Köşegim, adam çäklije ömründe kanagatsyzlyga, göriplikdir bahylçylyga ýol bermän, diňe abraý-mertebä dalaş edip ýaşamaly.
SOWAL: — Ata, şükür bilen sabryň arabaglanyşygy nähili ýüze çykýar?!
JOGAP: — Oglum, adam ýagşy gününe şükür, ýaman gününe bolsa sabyr etmeli, ýagşy umytda bolubam gowulyklara garaşmaly. Başgaça aýdylanda, kynçylyklara döz gelmeli, çydamaly, olar bilen göreşmeli, ýöne hiç bir pursatda hem ejizlemeli däl. Magtymguly atamyz: «Ýamana sabr eýle, ýagşa şükr eýle» diýip öwüt edendir. Görşümiz ýaly, şükür bilen sabyr aýrylmaz bitewülik bolup durýar. Ýene-de bir bellemeli zat, olaryň ýüze çykyş yzygiderliligini üýtgedip bolmaýar, sebäbi adam, ilki bilen, islendik gününe şükür etmeli we sabyr görkezip hem kynçylyklar bilen göreşmeli. Şükürli bolmak ynsandan hereketi talap etmeýär, diňe ýagşa-ýamana kanagat etmek ýeterlik. Sabyr bolsa her bir adamdan bimöçber tagallalary talap edýär.
Durmuşyňdan näşükür bolmak, kynçylyklaryň öňünde ejizlemek nadanlykdyr. Ynsan tebigatyň her bir eçilen gününi ýagşy arzuw-hyýallar bilen garşylap, haýyrly işler bilen meşgul bolmaly, ruhubelentlik bilen ýagşy niýetlerini durmuşa geçirmäge ýürekden dalaş etmeli.
Ynsany ahlaksyz we bikanun hereketlere iterýän onuň gara nebsidir. Şol sebäpli-de durmuşda şükürli we sabyrly ýaşamak üçin şulary bilmek zerurdyr:
her bir meseläniň çözgüdinde abraý-mertebä dalaş etmeli;
elmydama halal gazanja ymtylmaly; kynçylyklardan gaçman, hemişe göreşmeli;
her bir işe jogapkärçilikli çemeleşmeli;
kalbyňy kir-kirşene basdyrman, tämizläp durmaly;
islendik meselede ahlaksyz hem bikanun hereketlerden saklanmaly.
Şükürli hem sabyrly bolmak türkmeniň ahlak medeniýetiniň tapawutly özboluşlylygydyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda şu milli aýratynlygymyza wajyp ähmiýet we orun berýär. Mähriban ýaşlar, size durmuşyňyzda şükürli hem-de sabyrly bolmaklygy ündeýäris!
Taganmyrat GOÇYÝEW,
hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
“Nesil” gazeti,
17.10.2020ý.